75-NJI HEKAÝA
Babyldaky dört ýaş ýigit
NEBUKADNEZAR patyşa ysraýyllylaryň iň bilimlisini Babyla äkidýär. Ol iň görmegeý we akylly ýigitleri saýlaýar. Şu suratda sen olaryň dördüsini görýäň. Olaryň biriniň ady Daniýel, beýleki üçüsine babyllylar Şadrak, Meşak we Abednego diýip at dakdylar.
Nebukadnezar bu ýaş ýigitlere köşkde hyzmat edilişini öwretjek bolýar. Olara üç ýyllap okuw geçýärler. Soňra kynçylyklary çözmäge kömek eder ýaly, olaryň iň akyllylaryny saýlajakdy. Okuw döwründe patyşa ýaş ýigitleriň berk we sagdyn bolmagyny isleýär. Şonuň üçin öz iýmitlenişi ýaly, olary gowy iýdirip-içirmegi buýurýar.
Bu ýaş Daniýele seret. Nebukadnezaryň baş hyzmatkäri Aşpenaza Daniýeliň näme diýýänini bilýäňmi? Ol oňa patyşanyň saçagyndan iýmek islemeýändigini aýdýar. Aşpenaz biynjalyk bolup: «Siziň näme iýip-içmelidigiňizi patyşa eýýäm çözdi. Siz beýleki ýaş ýigitler ýaly sagdyn bolmasaňyz, ol meni öldürer» diýýär.
Şonda Daniýel özüne we üç dostuna Aşpenazyň gözegçi bellän garawulynyň ýanyna gidýär. Ol garawula: «Bize diňe gök önüm we suw berip on gün synla. Soňra bizi patyşanyň saçagyndan iýýän ýaş ýigitler bilen deňeşdirip gör, şonda kimiň sagdyndygyny görersiň» diýýär.
Garawul onuň bilen ylalaşýar. On gün geçende Daniýel we onuň üç dosty beýleki ýaş ýigitlerden sagdyn görünýär. Şonuň üçin garawul olara patyşanyň saçagyndan iýmän, mundan beýläk hem gök önüm iýmäge rugsat berýär.
Üç ýyl geçenden soň, ähli ýaş ýigitleri Nebukadnezaryň ýanyna getirýärler. Nebukadnezar olaryň her biri bilen gürrüň geçirende, ýaşlaryň içinde Daniýeliň we onuň üç dostunyň iň akyllysydygyna göz ýetirýär. Şol sebäpli olary köşkde kömekçi edip galdyrýar. Patyşa Daniýele, Şadraga, Meşaga we Abednega nähili mesele ýa-da kynçylyk bilen ýüzlense-de, olaryň jogaby patyşanyň ruhanydyr akyldarlarynyň jogabyndan on esse gowudy.