Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 83
  • Iýerusalimiň diwarlary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýerusalimiň diwarlary
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Iýerusalimiň diwarlary
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Nehemýa kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 83

83-NJI HEKAÝA

Iýerusalimiň diwarlary

BU ÝERDE edilýän işlere seret. Ysraýyllylar Iýerusalimiň diwarlaryny gurýar. 152 ýyl mundan ozal Nebukadnezar patyşa Iýerusalimi basyp alyp, diwarlaryny ýumrup, şäheriň derwezesini bolsa otlapdy. Babyldan öz ýurduna ilkinji gaýdyp gelen ysraýyllylar täze diwar gurmandylar.

Şunça ýyllap diwary bolmadyk şäheriň ýaşaýjylary özüni nähili duýandyr öýdýäň? Elbetde, olar arkaýyn ýaşap bilmeýärdi. Duşman islän wagty çozup bilýär. Ahyrsoňy Nehemýa halka täze diwarlary gurmaga kömek edýär. Nehemýanyň kimdigini bilýäňmi?

Ysraýylly Nehemýa Şuşan şäherindendi. Şol şäherde Mordekaý bilen Ester hem ýaşaýardy. Ol patyşanyň köşgünde gulluk edýärdi. Nehemýa Mordekaýy we Esteri gowy tanaýan bolmaly. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda Nehemýanyň Esteriň adamsy Ahaşweroşa gulluk edendigi barada aýdylmaýar. Ol Artahşaşta patyşanyň döwründe gulluk edýär.

Artahşaşta atly gowy patyşanyň Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bejermek üçin Ezra pul bereni ýadyňda bolsa gerek. Ýöne şäheriň diwarlaryny Ezra dikeltmedi. Ony Nehemýa dikeldýär. Ony Ezra däl-de, näme üçin Nehemýanyň dikeldenini bileli.

Artahşaştanyň ybadathanany bejermek üçin Ezra pul bereninden on üç ýyl geçipdi. Şonda Nehemýa Artahşaştanyň baş şerapçysy bolup gulluk edýär. Ol patyşa berilýän şeraby hiç kim zäherlemez ýaly, gözegçilik edýärdi. Bu örän jogapkärli işdi.

Bir gezek Nehemýadan habar tutmaga Ysraýyl ýurdundan dogany Hanani bilen birnäçe adam gelýär. Olar ysraýyllylaryň çekýän kynçylyklary hem-de Iýerusalimiň diwarlarynyň entegem dikeldilmändigi barada gürrüň berýärler. Nehemýa muňa gaty gynanyp, Ýehowa doga edýär.

Bir gün patyşa Nehemýanyň gamgyndygyny görüp: «Sen näme üçin beýle gamgyn?» diýip soraýar. Nehemýa Iýerusalimiň ýagdaýynyň agyrdygyny, diwarlarynyň bolsa ýykylyp ýatandygyny aýdýar. Patyşa ondan: «Saňa näme kömek gerek?» diýip soraýar.

Nehemýa: «Maňa Iýerusalime gidip, onuň diwarlaryny dikeltmäge rugsat ber» diýip, patyşadan haýyş edýär. Artahşaşta gowy patyşady. Ol Nehemýa gitmäge hem-de gurluşyk üçin gerek agaçlary almaga rugsat berýär. Nehemýa Iýerusalime gelip, halka öz etjek işleri barada aýdýar. Halk hem ony goldap: «Gurarys» diýýär.

Iýerusalimiň diwarlarynyň täzeden gurulýanyny görüp, duşmanlar: «Ýörüň, olary öldürip, gurluşyga ýol bermäliň» diýýärler. Nehemýa muny bilende, işçilerine gylyç we naýza berip: «Duşmanlardan gorkmaň, doganlaryňyz, aýallaryňyz, çagalaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň» diýýär.

Olar gije-gündiz ýaraglaryny taýýarlap, gaýduwsyzlyk bilen gurluşygy dowam edýärler. Bary-ýogy 52 günüň içinde diwarlary gurup gutarýarlar. Halk özüni indi howpsuz duýýar. Nehemýa bilen Ezra bolsa halka Hudaýyň kanunyny öwredýär. Şonda halk özüni diýseň bagtly saýýardy.

Ýöne ysraýyllylaryň durmuşy Babyla ýesir düşmezlerinden öň has gowudy. Halka Pars patyşasy hökümdarlyk edýär, olar bolsa oňa hyzmat etmelidiler. Emma Ýehowa halka parahatlyk getirjek täze patyşa bellejekdigini aýdýar. Ol patyşa kimkä? Ol nädip ýer ýüzüne parahatlyk getirer? Bu 450 ýyldan aýdyň bolýar. Şonda taryhda ady belli çaga dünýä inýär. Bu barada biz indiki bölümden bileris.

Nehemýa kitabynyň 1—6-njy baplary.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş