106-NJY HEKAÝA
Türmeden boşadyldylar
SERET, perişde türmäniň gapysyny açyp, Isanyň resullaryny boşadýar. Gel, olaryň türmä nädip düşenini bileli.
Bu waka Isanyň şägirtlerine mukaddes ruh inenden soň bolýar. Bir gezek Petrus bilen Ýahýa Iýerusalimdäki ybadathana tarap ugraýar. Bir dogabitdi agsak adam ybadathananyň gapysynda otyr. Ony her gün bu ýere getirýärdiler. Ol ybadathananyň agzynda oturyp, pul dileýärdi. Petrus bilen Ýahýany görende, olardan hem pul diledi. Resullar näme ederkä?
Olar durdular-da, gedaýa seretdiler. Soňra Petrus: «Meniň pulum ýok, ýöne barymdan saňa bereýin. Isanyň adyndan diýýärin: ýeriňden turup, ýöre!» diýdi. Onsoň, Petrus ony sag elinden tutup galdyrdy. Ol şobada böküp turdy-da, ýöräp başlady. Adamlar bu gudrata haýran galyp, gaty begendiler.
Petrus adamlara ýüzlenip: «Biz bu gudraty Isany direlden Hudaýyň güýji bilen etdik» diýýär. Olar adamlara düşündirip durka, dini ýolbaşçylar gelýär. Olar Petrus bilen Ýahýanyň Isanyň direlişi barada halka gürrüň berip duranyny görüp, gaty gaharlanýarlar. Şonuň üçin Petrus bilen Ýahýany tutup türmä basýarlar.
Ertesi gün dini ýolbaşçylaryň uly ýygnagy bolýar. Ol ýere Petrusy, Ýahýany hem-de sagalan adamy getirýärler. Olar resullardan: «Siz muny haýsy güýç bilen etdiňiz?» diýip soraýarlar.
Petrus olara Isany direlden Hudaýyň güýji bilen edendigini aýdýar. Ruhanylar näme etjegini bilmeýär, sebäbi olar gudratyň bolandygyny bilýärdiler. Şonuň üçin Isa barada wagyz etmäň diýip, resullary goýberýärler.
Birnäçe gün geçýär. Resullar Isa barada wagyz etmegi we syrkawlary sagaltmagy dowam edýär. Bu gudratlar barada basym hemmeler eşidýär. Şonuň üçin Iýerusalimiň golaýyndaky şäherlerden resullaryň ýanyna syrkawlary getirýärdiler. Dini ýolbaşçylar göripçilik edip, resullary türmä basýarlar. Emma olar türmede köp oturmady.
Suratda görşüň ýaly, Hudaýyň perişdesi türmäniň gapysyny açýar. Perişde olara: «Çykyň, ybadathana baryp, halka wagyz ediň» diýdi. Ertesi irden dini ýolbaşçylaryň iberen adamlary resullaryň ýokdugyny gördüler. Soňra olar resullaryň ybadathanada halka wagyz edip duranyny gördi. Olary tutup, mejlise getirdiler.
Dini ýolbaşçylar resullara ýüzlenip: «Isa hakda wagyz etmäň diýip, size berk tabşyrdyk. Siz bolsa, şol gürrüňler bilen Iýerusalimi doldurdyňyz» diýdiler. Resullar bolsa olara: «Ilki bilen, adamlara däl-de, Hudaýa gulak asmaly» diýdiler. Şonuň üçin olar «hoş habary» wagyz etmegi dowam edýärler. Eýsem, biziň üçin gowy görelde dälmi?
Resullaryň işleri 3—5-nji baplar.