Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 6
  • Gowy ogul we erbet ogul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gowy ogul we erbet ogul
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Gaharyna adam öldürdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ol ölenem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
  • Kabyl kime öýlendi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 6

6-NJY HEKAÝA

Gowy ogul we erbet ogul

INDI Kabyl bilen Habyla seret. Olaryň ikisem uly adam bolup ýetişdiler. Kabyl ekerançylyk bilen meşgullanýar. Ol däne, ir-iýmiş hem-de gök-önümleri ýetişdirýär.

Habyl bolsa, goýunlara seredýärdi. Ol guzulary bakmagy halaýardy. Guzular goýun bolup ýetişýärdi. Şeýdip, ol basym birgiden sürä gözegçilik edýär.

Bir gezek Kabyl bilen Habyl Hudaýa sowgat getirdi. Kabyl öz ýetişdiren hasylynyň miwesini getirdi. Habyl bolsa, goýunlaryndan iň gowusyny getirdi. Habyl we onuň getiren sowgady Ýehowanyň göwnünden turdy. Ýöne Hudaý Kabyly we onuň sowgadyny halamady. Sebäbini bilýäňmi?

Sebäbi Habylyň sowgadynyň Kabylyňkydan gowy bolany üçin däl-de, Habylyň akýürekli adam bolany üçindi. Ol Ýehowany we doganyny söýýär. Kabyl bolsa zalym adamdy, ol inisini gowy görmeýärdi.

Şonuň üçin Hudaý Kabyla düzel diýdi. Ýöne ol gulak asmady. Hudaýyň Habyly köp söýýänini görüp, Kabylyň gahary geldi. Bir gezek Kabyl Habyla: «Ýör meýdana gideli» diýdi. Olar meýdanda ikiçäk galanda, Kabyl Habyly urup öldürdi. Eýsem, Kabylyň eden etmişi erbet dälmi näme?

Habyl ölen hem bolsa, Hudaýyň ýadynda. Habyl akgöwünlidi, Ýehowa bolsa şeýle adamlary hiç haçan unutmaýar. Şonuň üçin ajaýyp günleriň birinde Ýehowa Habyly direlder. Onsoň, Habyl gaýdyp ölmez. Ol ýer ýüzünde ebedi ýaşap biler. Eýsem, Habyl ýaly adamlar bilen tanşasyň gelmezmi?

Ýöne Kabyl ýaly adamlary Hudaý halamaýar. Şonuň üçin Hudaý Kabyly maşgalasyndan daş düşürip, oňa jeza berdi. Sebäbi ol inisini öldürdi. Kabyl başga ýere göçende, ýany bilen uýalaryndan birini alyp gitdi. Ol hem onuň aýaly boldy.

Birnäçe wagtdan olaryň çagalary boldy. Adam ata bilen How enäniň beýleki ogullary-da öýlendi, gyzlary durmuşa çykdy, olaryň hem çagalary boldy. Basym ýer ýüzi adamdan doldy. Gel, olaryň käbiri bilen tanşaly.

Barlyk 4:2—26; 1 Ýahýa 3:11, 12; Ýahýa 11:25.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş