8-NJI HEKAÝA
Ýer ýüzündäki pilmahmytlar
EGER boýy potologa ýetip duran adam seniň ýanyňa gelse, näme pikir ederdiň? Ol hakyky pilmahmyt! Bir wagtlar ýer ýüzünde äpet adamlar dogrudan hem ýaşapdyr. Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, olaryň atalary gökdäki perişdelerdi. Ýöne bu nähili beýle bolup bilýär?
Ýadyňda bolsa, Şeýtan atly erbet perişde elmydama erbetlik edýärdi. Ol beýleki perişdelere-de erbetlik etdirjek bolýardy. Wagtyň geçmegi bilen, käbir perişdeler Şeýtanyň diýenini edip başladylar. Olar Hudaýyň gökdäki tabşyran işini taşladylar. Olar ynsan bedenine girip, ýere düşdüler. Näme üçin ýere düşenlerini bilýärmiň?
Mukaddes Ýazgylar olaryň ýerde owadan gyzlary görüp, olar bilen ýaşamak isländiklerini aýdýar. Şonda olar ýere düşüp, şol gyzlara öýlendiler. Mukaddes Ýazgylar munuň erbetdigini aýdýar, sebäbi Hudaý perişdeleri gökde ýaşamak üçin ýaratdy.
Olardan doglan çagalar beýleki çagalardan tapawutlanýardy. Belki, bu başda bilinen hem däldir. Ýöne olar barha boý alyp, barha güýçlenip, ahyry äpet adam bolup ýetişdiler.
Pilmahmytlar juda zalymdy. Olar şeýle uzyn we güýçlüdi welin, adamlara hemişe zyýan ýetirýärdiler. Olar her bir adamy özleri ýaly erbet etmäge çalyşýardylar.
Olaryň günlerine çenli Hanoh eýýäm ölüpdi, ýöne ýer ýüzünde bir gowy adam ýaşaýardy. Oňa Nuh diýýärdiler. Ol hemişe Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi.
Bir gezek Hudaý Nuha ähli erbet adamlary ýok etmegiň wagty gelendigini aýtdy. Ýöne Nuhy, onuň maşgalasyny we köp haýwanlary halas etmekçidi. Gel, Hudaýyň muny nädip edendigini bileli.