Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
«Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?» (ÝEW. 1:14).
1. Matta 18:10-daky we Ýewreýler 1:14-däki sözler bizi nämä ynandyrýar?
ISA MESIH imandaşlyryny büdredip biljeklere şeýle duýduryş berdi: «Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň; çünki size aýdýaryn, bularyň göklerdäki perişdeleri Meniň göklerde bolan Atamyň elmydam ýüzüni görýärler» (Mat. 18:10). Pawlus resul wepaly perişdeler barada şeýle diýdi: «Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?» (Ýew. 1:14). Bu sözler Hudaýyň perişdeler arkaly adamlara kömek berýändigine ynandyrýar. Mukaddes Ýazgylarda perişdeler hakynda näme aýdylýar? Olar bize nädip kömek edýär? Biz olardan näme öwrenip bileris?
2, 3. Perişdeler nähili borçlary ýerine ýetirýär?
2 Gökde millionlarça wepaly perişdeler gulluk edýär. Olaryň ählisi Hudaýyň «sözüni berjaý edýän, gudraty güýçli perişdelerdir» (Zeb. 103:20; Ylham 5:11-i okaň). Hudaýyň ogullarynyň her biri ruhy şahsyýet bolup, olarda Hudaýa ýaraýan häsiýetler we erk-ygtyýar bar. Olar örän tertipli gurnalan we Hudaýyň guramasynda beýik orny tutýar. Olara baş perişde Mikaýyl (Isanyň gökdäki ady) baştutanlyk edýär (Dan. 10:13; Ýahuda 9). Şeýle-de Isa «ýaradylyşyň ilkinji doglany», «Söz» we Hudaýyň Wekili diýilýär. Ýehowa onuň bilen ähli zatlary ýaratdy (Kol. 1:15—17; Ýahýa 1:1—3).
3 Seraflar baş perişdäniň ýolbaşçylygy astynda Ýehowanyň mukaddesligini yglan edýär we Hudaýyň halkyna ruhy taýdan arassa bolmaga kömek berýär. Kerubiler Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýar (Gel. çyk. 3:24; Iş. 6:1—3, 6, 7). Beýleki perişdeler hem Hudaýyň islegini berjaý edip, dürli borçlary ýerine ýetirýärler (Ýew. 12:22, 23).
4. a) Perişdeler Ýeriň ýaradylyşyna syn edip, nähili duýgusyny bildirdiler? b) Adamlar erk-ygtyýaryny dogry ulanan bolsa nähili ýaşardylar?
4 Perişdeleriň ählisi Hudaýyň Ýeri ýaradyşyna syn edip, begenýärdiler. Älemde bu täsin planetanyň ynsan öýüne öwrülýän wagty, olar tabşyrylan işleri şatlyk bilen ýerine ýetirýärdi (Eýýup 38:4, 7). Ýehowa ynsany ýaradyp, ony «perişdelerden az-kem aşak tutdy». Emma ynsan Hudaýyň «suratyna» görä ýaradylandygy sebäpli, Ýaradyjynyň häsiýetlerini görkezip bilýärdi (Ýew. 2:7; Gel. çyk. 1:26). Adam ata bile How ene erk-ygtyýaryny dogry ulanan bolsa, onda olaryň nesli Jennetde ebedi ýaşardy we Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolardy.
5, 6. Gökde nähili pitne turdy we Hudaý näme etdi?
5 Hudaýa garşy pitne turanda, wepaly perişdeler geň galan bolmaly: olardan biri Ýehowany şöhratlandyrmak islemän, özüne sežde edilmegini isledi. Şol perişde Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýup, özi hökümdar bolmaga synanyşdy. Şeýdip, ol Şeýtan (duşman) boldy. Şeýtan ýalan sözläp, Adam ata bilen How enäni söýgüden doly Ýaradyja garşy pitnä goşulmaga höweslendirdi (Gel. çyk. 3:4, 5; Ýahýa 8:44).
6 Ýehowa derrew Şeýtanyň üstünden höküm çykaryp, ilkinji pygamberligi yglan etdi. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Sen bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Gel. çyk. 3:15). Şeýtan bilen Hudaýyň «aýalynyň» arasynda duşmançylyk bolmalydy. Hawa, Ýehowa gökdäki wepaly perişdeleriň guramasyna söýgüli aýaly ýaly garaýar. Bu pygamberligiň «syry» kem-kemden açylmaly bolsa-da, ol berk umyt berdi. Hudaýyň niýetine görä, gökdäki guramasyndan bir perişde ähli pitneçileri ýok eder we «gökde hem ýerde bolan bar zatlary» birleşdirer (Efes. 1:8—10).
7. Nuhuň günlerinde käbir perişdeler näme etdiler we olara näme boldy?
7 Nuhuň günlerinde käbir perişdeler «mesgenlerini terk edip», ynsana öwrülip, ýerde keýpi-sapa çekdiler (Ýahuda 6; Gel. çyk. 6:1—4). Ýehowa olary tümlüge zyňdy: olar «ýamanlygyň... ruhy gudratlary» bolup, Şeýtanyň tarapyna geçdiler we Hudaýyň gullukçylarynyň ganym duşmany boldy (Efes. 6:11—13; 2 Pet. 2:4).
Perişdeler bize nähili kömek berýär?
8, 9. Ýehowa nädip perişdeler arkaly adamlara kömek edýär?
8 Perişdeler Ybraýyma, Ýakuba, Musa, Ýeşuwa, Işaýa, Daniýele, Isa Mesihe, Petrusa, Ýahýa we Pawlusa hyzmat etdiler. Wepaly perişdeler Hudaýyň hökümini ýerine ýetirdiler we pygamberlikleri yglan etdiler; şeýle-de Hudaýyň görkezmesini hem-de Musanyň kanunyny habar berdiler (4 Pat. 19:35; Dan. 10:5, 11, 14; Res. iş. 7:53; Ylh. 1:1). Mukaddes Ýazgylaryň doly ýazylandygy sebäpli, şu günler perişdeler Hudaýyň habaryny yglan etmeýärler (2 Tim. 3:16, 17). Emma olar ynsan gözüne görünmän, Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, onuň gullukçylaryny goldaýarlar.
9 Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir» diýilýär (Zeb. 34:7; 91:11). Şeýtan adamlaryň aýypsyzlygyny şübhä goýandygy sebäpli, Ýehowa oňa adamlary synamaga ýol berdi (Luka 21:16—19). Emma Ýehowa biziň nähili synaglara döz gelip, wepaly galyp biljegimizi bilýär (1 Korintoslylar 10:13-i okaň). Perişdeler Hudaýyň islegini berjaý etmäge hemişe taýýar. Olar Şadrak, Meşak, Abednego, Daniýel we Petrusy halas etdiler, emma Stefanus bilen Ýakubyň duşmanlar tarapyndan öldürilmeginiň öňüni almadylar (Dan. 3:17, 18, 28; 6:22; Res. iş. 7:59, 60; 12:1—3, 7, 11). Her bir wakanyň ýagdaýy biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň ýaly, faşistleriň türmelerinde käbir doganlar öldürilse-de, Ýehowa köpüsiniň diri galmagynyň aladasyny etdi.
10. Bize perişdeleriň kömeginden başga ýene-de nähili kömek berilýär?
10 Mukaddes Ýazgylar her bir ýerde ýaşaýan adamy perişdäniň goraýandygy barada aýtmaýar. Emma biz Hudaýyň «islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşitjekdigine» iman edýäris (1 Ýahýa 5:14). Elbetde, Ýehowa bizi goldamak üçin perişdesini ýollap bilerdi, ýöne ol başga usullar bilen kömek berýär. Meselem, ol imandaşlarymyzy bize göwünlik we kömek bermäge höweslendirýär ýa-da «tendäki tikene» çydap biler ýaly, Hudaý bize paýhas we güýç berýär (2 Kor. 12:7—10; 1 Sel. 5:14).
Isanyň göreldesine eýeriň
11. Hudaý perişdeler arkaly Isa nähili kömek berdi we ol Hudaýa wepaly galyp, nämäni subut etdi?
11 Ýehowanyň perişdeler arkaly Isa nähili kömek berendigine seredeliň. Perişdeler Isanyň doglanyny we direlenini yglan etdiler hem-de ýerde ýaşan döwründe oňa gulluk etdiler. Perişdeler onuň tussag edilmegine we öldürilmegine ýol bermän bilerdi, emma perişde diňe ony güýçlendirmek üçin iberildi (Luka 2:8—11; 22:43; 24:4—7). Isa Hudaýyň niýetine görä, öz janyny töleg gurbany hökmünde bermelidi we agyr synaga garamazdan, Hudaýyň öňünde kämil adamyň aýypsyz galyp biljekdigini subut etdi. Şol sebäpli, Ýehowa Isa gökde baky ýaşaýyş we «ähli ygtyýary» berip, perişdeleri oňa tabyn etdi (Mat. 28:18; Res. iş. 2:32; 1 Pet. 3:22). Şeýlelikde, Isa Hudaýyň «aýalynyň» «nesliniň» esasy bölegi boldy (Gel. çyk. 3:15; Gal. 3:16).
12. Biz nädip «sagdyn düşünjeli» bolup, Isanyň göreldesine eýerip bileris?
12 Isa perişdeler arkaly Ýehowa halas eder diýip, paýhassyz hereket etmegiň nädogrudygyna düşünýärdi (Matta 4:5—7-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli, geliň, biz hem «sagdyn düşünjeli» ýaşap, janymyzy biderek howp astyna salman we yzarlamalara döz gelip, Isanyň göreldesine eýereliň (Titus 2:13).
Biz wepaly perişdelerden näme öwrenip bileris
13. 2 Petrus 2:9, 10-njy aýatlarda aýdylýan dogry perişdelerden näme öwrenip bileris?
13 Petrus Ýehowanyň mesh edilen gullukçylaryna «dil ýetirýänleri» ýazgaryp, dogry perişdeleriň gowy göreldesi barada aýdýar. Olar güýçli bolsa-da, Ýehowany hormatlap, kiçigöwünliligini görkezdi we hiç kimiň üstünden gyssanmaç höküm çykarmady (2 Petrus 2:9, 10-njy aýatlary okaň). Geliň, biz hem ýygnaga gözegçilik edýänleri tankytlamakdan gaça durup, meseläni Ýokary Kaza, Ýehowa tabşyralyň (Rim. 12:18, 19; Ýew. 13:17).
14. Biz perişdeleriň pesgöwünlik bilen gulluk edişinden näme öwrenip bileris?
14 Ýehowanyň perişdeleri pesgöwünlik bilen gulluk edip, bize ajaýyp görelde görkezýär. Hatda olaryň käbir adamlara adyny hem mälim etmedi (Gel. çyk. 32:29; Kaz. 13:17, 18). Gökde millionlarça perişdeler gulluk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda diňe Mikaýyl bilen Jebraýylyň atlary ýazylan. Bu biziň perişdelere sežde etmezligimiz üçindir (Luka 1:26; Ylh. 12:7). Ýahýa resul perişdä sežde etjek bolup, onuň aýagyna ýykylanda, ol: «Beýle iş etme! Men seniň... doganlaryň... ýoldaşydyryn» diýdi (Ylh. 22:8, 9). Biz diňe Hudaýa doga edip, oňa sežde etmeli (Matta 4:8—10-njy aýatlary okaň).
15. Perişdeler sabyrly bolmakda bize nähili görelde bolýar?
15 Perişdeler sabyrly bolmakda hem bize görelde bolýarlar. Olar Hudaýyň mukaddes syrlaryny bilmegi örän islese-de, ählisini bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda «bu zatlara perişdeleriň nazar salasy gelýändigi» barada aýdylýar (1 Pet. 1:12). Olar näme edýär? Perişdeler sabyrlylyk bilen, Hudaýyň bellän wagty «imanlylar ýygnagy arkaly» «köp taraply akyldarlygyň» aýan bolmagyna garaşýar (Efes. 3:10, 11).
16. Biziň özümizi alyp barşymyz perişdelere nähili täsir edip biler?
16 Mesihçiler synaga duçar bolanda «perişdelere... tomaşa bolýarlar» (1 Kor. 4:9). Perişdeler biziň wepalylygymyzy görüp, örän begenýärler we günäli adam toba edende şatlanýarlar (Luka 15:10). Perişdeler mesihçi uýalaryň Hudaýa ýaramly häsiýetini görýär. Mukaddes Ýazgylarda «perişdeleriň hatyrasyna aýalyň başynda onuň ygtyýar astyndadygyny görkezýän belgi bolmalydygy» aýdylýar (1 Kor. 11:3, 10). Hawa, perişdeler mesihçi uýalaryň we Hudaýyň ýerdäki beýleki gullukçylarynyň teokratik düzgüne hem baştutanlyga tabyn bolýandygyny görüp, guwanýarlar. Şeýle tabynlyk Hudaýyň gökdäki ogullaryna gymmatly ýatlatma bolýar.
Perişdeler wagyz işini yhlasly goldaýar
17, 18. Näme üçin wagyz işimizi perişdeler goldaýar diýse bolar?
17 Perişdeler «Rebbiň gününde» bolýan käbir wakalara gatnaşýar. Bu wakalara şular degişlidir: 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň dogulmagy hem-de «Mikaýyl we onuň perişdeleriniň» gökden Şeýtan bilen jynlary kowmagy (Ylh. 1:10; 11:15; 12:5—9). Ýahýa resul «gögüň ortasynda uçup ýören bir başga perişde gördi. Bu perişde ýer ýüzünde ýaşaýanlara... ebedi Hoş Habary getirýärdi». Perişde batly ses bilen şeýle diýýär: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» (Ylh. 14:6, 7). Iblisiň zalymlyk bilen görkezýän garşylygyna garamazdan, Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolandygy baradaky hoş habary wagyz edende, olary perişdeleriň goldajakdygy barada aýdylýar (Ylh. 12:13, 17).
18 Perişde Filipus bilen gepleşip, ony hebeşistanly weziriň ýanyna iberdi, ýöne şu günler olar akýürekli adamlaryň ýanyna ýollamak üçin, biziň bilen gepleşmeýärler (Res. iş. 8:26—29). Perişdeler göze görünmese-de, şu günler bolýan wakalaryň köpüsi, wagyzda bizi olaryň goldaýandygyny we «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleri» tapmaga kömek edýändigini subut edýär (Res. iş. 13:48)a. «Ata ruhda, hakykatda sežde etmek» isleýänleri tapmak üçin, wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşmak örän wajypdyr! (Ýahýa 4:23, 24).
19, 20. «Döwrüň soňundaky» wakalara perişdeler nähili gatnaşýarlar?
19 Isa biziň günlerimizi göz öňünde tutup, «döwrüň soňunda» «perişdeleriň... erbetleri dogry adamlardan aýyrjagyny» aýtdy (Mat. 13:37—43, 49). Mesh edilenleriň soňky ýygymynda we möhürlenmeginde perişdeleriň uly ähmiýeti bar (Matta 24:31-i okaň; Ylh. 7:1—3). Galyberse-de, «goýunlary geçilerden saýlamakda» perişdeler Isa kömek eder (Mat. 25:31—33, 46).
20 «Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen gökden gelip görnen mahaly... Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlaryň» ählisini ýok eder (2 Sel. 1:6—10). Ýahýa bu wakalary görnüş arkaly görüp, Isanyň we gökdäki perişdeleriň adalatly höküm çykarmak üçin, ak atlarda gelýändigini beýan etdi (Ylh. 19:11—14).
21. «Elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyrly» perişde Şeýtany we jynlary näme eder?
21 Şeýle-de Ýahýa «gökden aşak inen bir perişde gördi. Onuň elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyr bardy». Ol Iblisi we jynlary baglap, tümlüge zyňjak baş perişde Mikaýyldy. Isanyň müň ýyllyk Patyşalygynyň soňunda kämil adamlary soňky gezek synamak üçin, olar az wagtlaýyn goýberler. Şondan soň Şeýtan we ähli pitneçiler ýok ediler (Ylh. 20:1—3, 7—10; 1 Ýahýa 3:8). Hudaýa garşy çykanlaryň ählisi ýok bolar.
22. Perişdeler tizden nämä gatnaşar we biz olaryň edýän işine nähili garamaly?
22 Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok edilmegine örän az wagt galdy. Tizden Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagynda, ýer we adamlar babatda Hudaýyň isleginiň doly amala aşmagynda perişdeleriň uly ähmiýeti bardyr. Wepaly perişdeler «gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlardyr». Şol sebäpli, geliň, Ýehowa Hudaýa perişdeler arkaly onuň islegini berjaý etmäge we ebedi ýaşaýşy almaga kömek berýändigine minnetdar bolalyň.
a «Ýehowanyň Güwäçileri— Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» atly kitabyň (rus.) 549—551-nji sahypalaryna serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Gökdäki perişdeler nädip gurnalan?
• Nuhuň günlerinde käbir perişdeler näme etdi?
• Hudaý perişdeler arkaly bize nädip kömek edýär?
• Biziň günlerimizde perişdeleriň nähili ähmiýeti bar?