Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Maý sah. 2—7
  • Perişde — kömek eder her işde

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Perişde — kömek eder her işde
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PESGÖWÜNLI BOLUŇ
  • ADAMLARY SÖÝÜŇ
  • ÇYDAMLY BOLUŇ
  • ÝYGNAGY ARASSA SAKLAŇ
  • Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Perişdeler kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýyň perişdeleri bize kömek edýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Maý sah. 2—7

19-NJY MAKALA

6-NJY AÝDYM Gökler Hudaýy wasp edýär

Perişde — kömek eder her işde

«Eý güýçli perişdeler, Ýehowa alkyş aýdyň!» (Zeb. 103:20).

ESASY PIKIR

Biz wepaly perişdeleriň göreldesine eýermeli.

1, 2. a) Adamlar bilen perişdeleriň nähili tapawudy bar? b) Adamlar bilen perişdeleriň nähili meňzeşligi bar?

BIZ suwa çümdürilenden soň Ýehowanyň ogly-gyzy bolduk. Ýehowanyň uly maşgalasynda adamlardan başga millionlarça perişdeler bar (Dan. 7:9, 10). Perişdeler entek «ýeriň düýbi tutulmanka» hem bardy (Eýp. 38:4, 7). Olar adamzatdan has güýç-kuwwatlydyr. Dogruçyl we mukaddes perişdelerden tapawutlylykda, bikämil hem-de günäli adamlar günde diýen ýaly ýalňyşýarlar (Luka 9:26).

2 Adamzat perişdelerden tapawutlanýar, emma meňzeş taraplary hem bar. Meselem, adamlar perişdeler ýaly erkin edip ýaradyldy. Adamlaryň adynyň bolşy ýaly perişdeleriň hem ady, gylyk-häsiýeti we her biriniň ýerine ýetirýän borjy bar. Perişdeler ýaly adamlar hem Ýehowa sežde edýärler (1 Pet. 1:12).

3. Hudaýa wepaly perişdelerden näme öwrenip bileris?

3 Biz perişdeler hakda Mukaddes Kitapdan okap, oýlansak ruhlanarys, güýjümize güýç goşular we olaryň ýagşy häsiýetlerinden görelde alarys. Perişdeler pesgöwünli, çydamly, adamlary söýýär we ýygnagy ruhy taýdan arassa saklaýar. Makalada şu dört ýagdaýda perişdelerden nädip görelde alyp biljekdigimiz barada gürrüň ederis.

PESGÖWÜNLI BOLUŇ

4. a) Pesgöwünli perişdeler barada gürrüň beriň. b) Perişdeler näme üçin pesgöwünli bolýarlar? (Zebur 89:7).

4 Hudaýa wepaly perişdeler örän pesgöwünli. Olar akyl-paýhasyna, baý tejribesine, gudratly güýjüne öwünmeýär, gaýtam Ýehowany şöhratlandyrýar (Zeb. 103:20). Olar täsin işleri etseler-de, Mukaddes Kitapda ady ýazylmandyra (1 Mus. 32:24, 29; 2 Pat. 19:35). Perişdeler Ýehowanyň aýdan sözüni ýere gaçyrman ýerine ýetirýär. Olar Ýehowa hemişe alkyş aýdýar, özlerini şöhratlandyrmak barada pikir hem etmeýär. Perişdeler näme üçin pesgöwünli bolýar? Olar Ýehowany ýürekden söýýär we çuňňur hormat goýýar (Zebur 89:7-ni okaň).

5. Ýahýa resul bilen gepleşen perişdä näme üçin pesgöwünli diýse bolýar? (Surata serediň).

5 B. e. 96-njy ýylydy. Garry goja Ýahýa resulyň ýanyna Ýehowanyň wepaly perişdesi gelýär (Ylh. 1:1). Mukaddes Kitapda şol perişdäniň ady agzalmaýar. Perişde ak sakgally, çal saçly Ýahýa resula täsin görnüş görkezende, ol dyza çökýär. Şonda perişde: «Dur, beýle zat etme! Menem sen ýaly we... doganlaryň ýaly gulduryn. Hudaýa sežde et!» diýýär (Ylh. 19:10). Pesgöwünlilik diýip şuňa aýdaýsaň! Perişde özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar. Perişdäniň gudratly güýji bolsa-da, asyrlarboýy Ýehowa gulluk etse-de, özüni Ýahýa resuldan ýokary saýmaýar, gaýtam «menem sen ýaly... gulduryn» diýýär. Perişde Ýahýa resuly gödeklik bilen däl-de, ýumşaklyk we mähir bilen düzetdi. Sebäbi ol Ýahýanyň gorkandygy we aljyrandygy üçin dyza çökendigini bilýärdi.

Perişde dyza çöken Ýahýa resula: «Dur, beýle zat etme!» diýýär.

Pesgöwünli perişde Ýahýa resul bilen mähirli gepleşýär (5-nji abzasa serediň).


6. Biz pesgöwünli perişdeleriň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

6 Perişdeleriň göreldesine eýerip, pesgöwünli bolalyň. Biz ukyp-başarnykly bolsak-da, özümizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Kor. 4:7). Biz men-menlik edip: «Men Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýärin, baý tejribäm bar» diýip, özümizi dogan-uýalardan ýokary tutmaly däl. Biz ýygnakda näçe köp işleri etsek, şonça-da özümizi peseltmeli, kiçeltmeli (Luka 9:48). Biz perişdeleriň göreldesine eýerip, dogan-uýalara ak ýürekden hyzmat etmeli. Emma özümizi öwüp arşa çykarmakdan ägä bolmaly.

7. Biz nädip pesgöwünlik bilen maslahat bermeli?

7 Biz imandaşlarymyza we çagalarymyza maslahat berenimizde pesgöwünli bolmaly. Käte biz berk maslahat bermeli bolýarys, şonda Ýahýa resul bilen gepleşen perişdäniň göreldesine eýermeli. Biz ruhdan düşürýän sözleri aýdyp, gödeklik bilen maslahat bermeli däl. Eger biz ulumsy bolmasak, Hudaýyň Sözüne esaslanyp ýumşaklyk we mähir bilen maslahat bereris (Kol. 4:6).

ADAMLARY SÖÝÜŇ

8. a) Perişdeleriň adamlary gowy görýändigini nireden bilýäris? (Luka 15:10). b) Perişdeler wagyz işine nädip goşant goşýar? (Surata serediň).

8 Perişdeler gökde ýaşasa-da, adamlary gowy görýär we ýürekden aladasyny edýär. Günä eden adam toba edip yzyna dolansa ýa-da akýürekli adam durmuşyny üýtgedip, Hudaýyň halkyna goşulsa, perişdeler örän begenýär (Luka 15:10-y okaň). Perişdeler Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habaryň wagyz edilmegine uly goşant goşýar (Ylh. 14:6). Elbetde, olar ynsan keşbine girip, köçeme-köçe ýa-da öýme-öý wagyz etmeýär, emma wagyzçylary akýürekli adamlara tarap ugrukdyrýar. Elbetde, biz Ýehowany tanan her bir adama perişdeler kömek etdi diýip anyk aýdyp bilmesek gerek, sebäbi Ýehowa hakykatyny mukaddes ruhy arkaly hem açýar (Res. 16:6, 7). Emma Ol, esasan, wepaly perişdeleri arkaly şu wajyp işi ýerine ýetirýär. Siz her sapar wagyz etmäge gideniňizde perişdeleriň kömek etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz («Hudaý olaryň dilegine jogap berdi» diýen çarçuwa serediň)b.

Är-aýal köpçülik ýerinde wagyz edip bolansoň, öýüne gidip barýar. Uýa bir gyzyň gam-gussa batyp oturandygyny görýär. Perişdeler uýany şol gyza wagyz etmäge ugrukdyrýar.

Är-aýal köpçülik ýerinde wagyz edip bolansoň, öýüne gidip barýar. Uýa bir gyzyň gam-gussa batyp oturandygyny görýär. Şonda ol perişdeleriň ugrukdyrýandygy hakda oýlanýar we ol gyza wagyz edip göwünlik bermekçi bolýar (8-nji abzasa serediň).


Hudaý olaryň dilegine jogap berdi

Aşakdaky wakalar perişdeleriň wagyz işine gatnaşýandygyny subut edýär.

  • Peruda ýaşaýan bir aýal Hudaýa dileg edip, Mukaddes Kitaby düşündirip biljek birini ibermegi haýyş edýär. Bir güni 12 ýaşly gyzjagaz ejesi bilen aýala jaň edýär we Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edýär. Şonda aýal dilegine Hudaýyň jogap berendigine örän begenýär we okuw geçmäge razylaşýar. Tizden ol ýygnak duşuşyklaryna barýar.

  • Rumyniýada ýaşaýan bir aýal Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýärdi. Soňra ol okuw geçmegini goýýar we Italiýa işlemäge gidýär. Ol bir öýde hyzmatkär bolup işleýär. Ol aýal Mukaddes Kitap okuwyny dowam etmek isleýär, ýöne Italiýada ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlarynyň hiç birini tanamaýar. Şonuň üçin Ýehowa doga edip kömek soraýar. Birnäçe günden öý eýesi oňa dükana gitmegi haýyş edýär we şeýle diýýär: «Dükanyň satyjysy bilen gepleşme. Ol Ýehowanyň Şaýady. Ol müşderilerine Mukaddes Kitapdan takal okaýar». Soňra näme bolandyr öýdýärsiňiz? Dogan ol aýala wagyz edýär. Ol aýal doga-dilegine Hudaýyň jogap berendigine örän begenýär, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ruhy taýdan ösýär. Onuň göreldesi ogluna şeýle güýçli täsir edýär welin, ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ýygnak duşuşyklaryna barýar.

  • Mesihçi är-aýal maşynyny satlyga çykarýar. Bir är-aýal olaryň maşynyny görmäge gelýär. Olar pursatdan peýdalanyp, alyjylara näme üçin maşynyny satmakçy bolýandygyny aýdýar. Olar çykdajysyny azaldyp, adamlara Hudaý hakda wagyz etmek isleýändiklerini düşündirýär. Şonda maşyn almakçy bolýan adam şeýle diýýär: «Men düýn Hudaýa doga edip, Mukaddes Kitaby düşündirjek adama duşur diýdim. Sebäbi meni biynjalyk edýän soraglar bar, gelejege umydym ýok. Dost, seni maňa Hudaý duşurdy». Şeýlelikde, ol adam, aýaly we iki gyzjagazy bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Häzir şol maşgala ýygnak duşuşygyna barýar.

9. Adamlary ýürekden söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

9 Perişdeleriň göreldesine eýerip, adamlary ýürekden söýeliň. Käte ýygnakdan çykarylan adamyň dikeldilendigi hakda bildiriş edilýär. Şonda perişdeleriň göreldesine eýerip, dikeldilen adamy gujak açyp garşy alalyň we ony gowy görýändigimizi, yzyna dolanandygyna begenýändigimizi aýdalyň (Luka 15:4—7; 2 Kor. 2:6—8). Şeýle-de perişdeleriň göreldesine eýerip, hoş habary wagyz edeliň (Nes. 11:6). Perişdeleriň wagyz etmäge kömek edişi ýaly, biz hem ýaňy-ýakynda wagyzçy bolan, çekinjeň dogan-uýalara kömek edeliň we hassa, garry imandaşlarymyzy wagyz işinde goldamak üçin gün tertibimizi üýtgedeliň.

10. Sara uýa bilen bolan waka size nähili täsir etdi?

10 Siziň ýagdaýyňyz çäkli hem bolsa, perişdeler bilen eginme-egin işleşip hoş habary wagyz edip bilersiňiz. Geliň, Hindistanda ýaşaýan Sarac uýa hakda gürrüň edeliň. Ol takmynan 20 ýyl pioner bolansoň agyr keselleýär we ýata hassa bolýar. Şonda Sara göwnüçökgünlige düşýär. Emma ol Hudaýyň Sözüni her gün okap, dogan-uýalaryň kömegini kabul edip ruhlanýar, güýjüne güýç goşulýar we pioner gullugyny dowam edýär. Indi Sara uýa öňküsi ýaly köçede, öýden-öýe ýa-da hat ýazyp wagyz edip bilmeýär. Şonuň üçin ol telefon arkaly wagyz edip başlaýar we öň wagyz eden adamlaryna jaň edip ideýär. Olar hem Hudaýy tanamak isleýän başga adamlaryň telefon belgisini berýär. Şeýlelikde, birnäçe aýyň içinde Sara 70 adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol hemmesine ýetişmänsoň, olaryň köpüsi bilen dogan-uýalar sapak geçip başlaýar. Okuw geçýän adamlaryň köpüsi ýygnak duşuşygyna gatnaşýar. Elbetde, Sara uýa bilen işleşen perişdeler monça bolandyr!

ÇYDAMLY BOLUŇ

11. Perişdelere näme üçin çydamly diýse bolar?

11 Hudaýa wepaly perişdeler örän çydamly. Olar müňlerçe ýyllap adalatsyzlyga, zorluk-süteme çydap gelýär. Perişdeler Şeýtan Iblisiň we zalym perişdeleriň Ýehowa garşy gozgalaň turzandygyny gördi (1 Mus. 3:1; 6:1, 2; Ýahd. 6). Mukaddes Kitapda güýç-kuwwatly jynyň wepaly perişde bilen göreşendigi hakda ýazylan (Dan. 10:13). Şeýle-de perişdeler köp adamlaryň Allatagala garşy çykandygyny, diňe sanlyjasynyň arassa seždäni goldandygyny gördi. Muňa garamazdan, wepaly perişdeler şatlyk we yhlas bilen Hudaýa gulluk edýär. Olar Ýehowanyň bellän wagtynda zalymlygy, erbetligi we adalatsyzlygy köki-damary bilen sogrup taşlajakdygyny bilýär.

12. Çydamly bolmak üçin näme etmeli?

12 Perişdeleriň göreldesine eýerip, çydamly bolalyň. Belki, siz hem Hudaýa wepaly perişdeler ýaly adalatsyzlyga, yzarlamalara duş gelýänsiňiz. Perişdeleriň göreldesine eýeriň we Ýehowanyň ähli erbetligi bellän wagtynda ýok etjekdigine ynanyň. Şeýle-de «ýagşy işleri etmegi goýmaň» (Gal. 6:9). Hudaý size çydamaga güýç berjekdigini söz berýär (1 Kor. 10:13). Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Şonda sabyr we şatlyk ýaly ruhuň miwelerini ösdürip bilersiňiz (Gal. 5:22; Kol. 1:11). Eger siz yzarlanýan bolsaňyz, Ýehowa doly bil baglaň we howsala düşmäň. Ýehowa sizi goldar we güýç-kuwwat berer (Ýew. 13:6).

ÝYGNAGY ARASSA SAKLAŇ

13. Ýehowa wepaly perişdelere nähili ýumuş tabşyrdy? (Matta 13:47—49).

13 Ýehowa wepaly perişdelere soňky günlerde wajyp ýumuş tabşyrdy (Matta 13:47—49-njy aýatlary okaň). Dünýäniň dört künjeginde hoş habaryň wagyz edilýändigi sebäpli millonlarça adamlar Hudaýyň halkyna goşulýar. Olaryň käbiri berk imanly mesihçi bolup ýetişýär, käbirleri bolsa hakykat ýolundan sowulýar. Şonda perişdeler Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirip, erbet adamlaryň arasyndan dogruçyllary saýlaýar. Şeýdip, olar ýygnaklary ahlak we ruhy taýdan arassa saklaýar. Beýle diýildigi, hakykat ýolundan sowlan adamyň hiç haçan yzyna dolanmajakdygyny ýa-da ýygnaklaryň ýüz göterim arassa boljakdygyny we hiç kimiň günä etmejekdigini aňlatmaýar. Emma biz wepaly perişdeleriň ýygnaklary arassa saklamak üçin köp zähmet çekýändigine ynamly bolup bileris.

14, 15. Biz ýygnagyň ruhy we ahlak taýdan arassa bolmagyna nädip goşant goşup bileris? (Surata serediň).

14 Perişdeleriň göreldesine eýerip, ýygnagy arassa saklalyň. Munuň üçin biz ruhy we ahlak taýdan arassa ýaşamaly. Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy bozjak we erbet täsir etjek adamlar bilen dostlaşmaly däl (Zeb. 101:3). Biz imandaşlarymyza-da Ýehowa wepaly bolmaga kömek etmeli. Meselem, doganyň ýa-da uýanyň agyr günä edendigini bilsek näme etmeli? Biz ony gowy görýändigimiz üçin ýaşululara ýüz tutmaga höweslendirmeli. Eger muny etmek islemese, özümiz ýaşululara aýtmaly. Biz imany gowşan dogan-uýanyň tizden-tiz aýaga galmagyny isleýäris (Ýak. 5:14, 15).

15 Adam agyr günä etse, ýygnakdan çykarylýar. Şonda biz onuň bilen gatnaşmaly däld (1 Kor. 5:9—13). Şu çäre ýygnagy arassa saklamaga kömek edýär. Biz ýygnakdan çykarylan adam bilen gepleşmesek, oňa ýagşylyk etdigimiz bolar. Ol biziň sarsmaz imanymyzy we Hudaýa wepalydygymyzy görüp akylyna aýlanar. Eger ol yzyna dolansa, hem gökde, hem ýerde uly şatlyk bolar (Luka 15:7).

Surat: 1) iki uýa seýilgähde kofe içýär. Bir uýa gepläp otyr, beýleki ýüzüni sowýar. 2) Soňra gepläp oturan uýa Ýygnak jaýynda ýaşulular bilen gepleşýär.

Imandaşymyzyň agyr günä edendigini bilenimizde näme ederis? (14-nji abzasa serediň)e.


16. Biz perişdeleriň göreldesine nädip eýerip bileris?

16 Hawa, biz göge syýahat etdik we perişdeler bilen ýakyndan tanyşdyk. Biz Hudaýyň gökdäki ogullary bilen eginme-egin işleşip bilýändigimize örän begenýäris. Geliň, perişdeleriň göreldesine eýerip pesgöwünli, çydamly bolalyň, adamlary ýürekden söýeliň we ýygnagy ruhy taýdan arassa saklalyň. Şonda biz Ýehowanyň agzybir maşgalasynyň ebedilik agzasy bolarys.

BIZ PERIŞDELERIŇ GÖRELDESINE EÝERIP NÄDIP...

  •  pesgöwünli bolmaly?

  •  adamlary ýürekden söýmeli?

  •  ýygnagy arassa saklamaly?

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

a Gökde millionlarça perişdeler bolsa-da, Mukaddes Kitapda diňe Mikaýyl bilen Jebraýyl perişdäniň ady ýazylan (Dan. 12:1; Luka 1:19).

b Köpräk bilmek üçin «Ýolbaşçylyk maslahatynyň hasabaty No. 1 (2021)» diýen wideony görüp bilersiňiz.

c Käbir atlar üýtgedildi.

d «Ýolbaşçylyk maslahatynyň hasabaty No. 2 (2024)» görä, ýygnakdan çykarylan adam ýygnak duşuşyklaryna gelse, wagyzçynyň ynsaby ýol berse, onuň bilen salamlaşyp biler.

e SURATYŇ BEÝANY: uýa jorasynyň agyr günä edendigini bilýär we ýaşululara ýüz tutmaga höweslendirýär. Birnäçe günden soň ol jorasynyň aýtmandygyny bilýär we özi ýaşululara gürrüň berýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş