Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 58
  • Dawut we Golýat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawut we Golýat
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut bilen Jalut
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Dawut gorkmaýardy
    Çagalaryňyza öwrediň
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 58

58-NJI HEKAÝA

Dawut we Golýat

FILISTILILER ýene-de ysraýyllylara garşy söweşmäge geldiler. Dawudyň üç agasy indi Saulyň goşunynda gulluk edýärdi. Şonuň üçin bir gezek Ýesse Dawuda: «Agalaryňa bugdaý we birnäçe çörek äkit. Olaryň hal-ýagdaýyny bilip gaýt» diýýär.

Dawut harby düşelgä gelip, doganlaryny tapmak üçin göni söweş meýdanyna ylgap barýar. Şol wagt filistili Golýat atly äpet adam söweşmek üçin öňe çykýar. Ol 40 günden bäri ertir irden we agşamara ysraýyllylaryň üstünden gülýärdi. Ol: «Bir adamy saýlaň, goý, ol meniň bilen söweşsin. Eger ol meni ýeňip öldürse, onda siziň guluňyz bolarys. Ýöne ony men ýeňip öldürsem, onda siz biziň gulumyz bolarsyňyz. Eger-de siziň gaýratyňyz ýetýän bolsa, meniň bilen söweşmek üçin birini saýlaň» diýip gygyrýar.

Dawut esgerlerden: «Bu filistilini öldürip, Ysraýyldan masgaraçylygy aýran adama näme bererler?» diýip sorady.

Esgerler: «Ol adama Saul köp baýlyk bilen gyzyny berer» diýip jogap berdiler.

Emma hemme ysraýyllylar Golýatdan gorkýar, sebäbi ol juda daýawdy. Onuň boýy 3 metre golaý, şeýle-de onuň ýanynda galkanyny göterýän bir esger bar.

Käbir esgerler Saul patyşanyň ýanyna baryp: «Golýat bilen söweşmäge Dawut çykmakçy» diýýär. Emma Saul Dawuda: «Sen bu filistili bilen söweşip bilmersiň. Çünki sen örän ýaş, ol bolsa bütin ömrüni esgerlikde geçirdi» diýýär. Dawut bolsa oňa: «Kakamyň goýunlaryny aýy ýa ýolbars alanda, men olary öldüripdim. Bu filistili bilen hem şeýle bolar. Ýehowa maňa kömek eder» diýip, jogap berýär. Şonda Saul: «Bar, Ýehowa seniň bilen bolsun» diýýär.

Dawut derýanyň boýy bilen aşak düşýär, bäş sany ýylmanak daşy saýlap torbasyna salýar. Soňra sapanyny alyp, äpet adamyň öňüne çykýar. Golýat ony görende, öz gözüne ynanmaýar. Oňa Dawudy öldürmek aňsat ýaly görünýär.

Golýat: «Meniň ýanyma bir ýakynlaş, men seni it-guşa iýmit edeýin» diýip, oňa haýbat atýar. Emma Dawut: «Sen maňa garşy gylyç, galkan hem naýza bilen gelýäň, men bolsa Ýehowanyň ady bilen barýan. Şu gün Ýehowa seni meniň elim bilen öldürer» diýýär.

Dawut hem Golýata tarap ylgaýar. Torbasyndan daşy çykarýar, sapanyna salyp, bar güýji bilen zyňýar. Daş Golýatyň göni kellesine degýär we ol şol bada ölýär! Filistililer iň güýçli esgeriniň ýykylanyny görüp gaçýarlar. Ysraýyllylar olaryň yzyndan ýetip, söweşde ýeňiş gazanýarlar.

1 Şamuwel 17:1—54.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş