Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 59
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut bilen Şawul
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Dawut patyşa bolýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • 1 Şamuwel kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 59

59-NJY HEKAÝA

Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?

DAWUT Golýaty öldürensoň, goşun baştutany Abner ony Saulyň ýanyna getirýär. Saul Dawutdan diýseň hoşal. Ol Dawudy goşun baştutanlarynyň biri edip belleýär we köşkde galdyrýar.

Soňra goşun filistililer bilen söweşden gaýdyp gelende: «Saul öldürdi müňleri, Dawut bolsa — on müňleri» diýip, aýallar aýdym aýdýarlar. Saul Dawuda göriplik edýär, sebäbi ony özünden köp hormatlaýardylar. Emma Saulyň ogly Ýonatan oňa göriplik etmeýär. Ol Dawudy ýürekden gowy görýär. Dawut hem ony gowy görýär. Şonuň üçinem olar biri-birine hemişelik dost bolmaga söz berýär.

Dawut arfany gowy çalýardy. Onuň sazy Saula ýaraýardy. Ýöne Saul göriplik edip, bir sapar örän ýaramaz iş edýär. Dawut arfa çalyp otyrka, Saul eline naýza alyp: «Men Dawudy öldürerin!» diýip, oňa zyňýar. Emma Dawut egilýär we naýza sowa geçýär. Soň bir gün Saul ýene-de Dawuda naýza zyňýar, ýöne degmeýär. Şonda Dawut seresap bolmalydygyna düşünýär.

Saulyň beren sözi ýadyňdamy? Golýaty öldüren adama gyzyny bermelidi. Ahyry Saul Dawuda Mikal diýen gyzyny berjekdigini aýdýar. Ýöne ol ilki 100 sany filistili duşmany öldürmelidi. Göz öňüne getirip bir gör! Aslyýetinde, Saul Dawudy filistililer öldürer öýdýärdi. Ýöne ony öldürip bilmeýärler. Saul bolsa gyzyny Dawuda bermeli bolýar.

Bir gezek Saul Dawudy öldürjekdigini Ýonatana we ähli hyzmatkärlerine aýdýar. Emma Ýonatan kakasyna ýalbaryp: «Dawuda degme. Ol saňa hiç hili erbetlik etmedi. Gaýtam, ol saňa hemişe kömek edýärdi. Golýaty öldürmek üçin ol janyny howp astyna saldy. Sen muny göreňde begendiň» diýdi.

Saul ogluny diňläp, Dawuda hiç hili ýamanlyk etmejekdigine söz berýär. Dawudy yzyna getirýärler we ol öňküsi ýaly Saulyň öýünde hyzmat edýär. Ýöne bir gezek Dawut saz çalyp otyrka, Saul oňa ýene-de naýza zyňýar. Dawut sowulýar we naýza diwara degýär. Bu eýýäm üçünji gezekdi. Indi Dawut gaçmalydygyna düşünýär.

Şol gije Dawut öýüne barýar. Emma Saul ony öldürmek üçin, yzyndan adam iberýär. Mikal kakasynyň maksadyny bilýärdi. Şonuň üçinem ol adamsyna: «Eger sen şu gije gaçmasaň, ertir ölersiň» diýýär. Şol gije Mikal Dawuda äpişgeden çykyp, gaçmaga kömek edýär. Saul tapmaz ýaly, Dawut ýedi ýyla golaý başga ýerlerde gizlenmeli bolýar.

1 Şamuwel 18:1—30; 19:1—18.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş