«Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
GADYMY Ysraýylyň ilkinji patyşasy Sauldy. Ony hak Hudaý patyşa edip saýlasa-da, ol Oňa gulak asman başlaýar.
Saul näme ýalňyşlyk etdi? Ol ondan gaça durup bilermidi? Biz mundan näme sapak edinip bileris?
Ýehowa kimi patyşa saýlamalydygyny aýdýar
Saul patyşa bellenilmänkä, Samuel Ysraýylda Hudaýyň wekili bolup gulluk edýärdi. Ýöne Samuel garrapdy, onuň ogullary-da Ýehowanyň ýolundan ýöremeýärdi. Ysraýyla duşmanlar howp salýardy. Halkyň ýaşululary Samuelden olara kazylyk edip, söweşe ýolbaşçylyk etjek patyşa bellemegi soraýarlar. Ýehowa Samuele Sauly ýolbaşçy edip bellemegi tabşyrýar we şeýle diýýär: «Ol meniň halkymy filistilileriň elinden halas eder» (1 Sam. 8:4—7, 20; 9:16).
Saul «ýaş we görmegeý ýigitdi». Onuň gowy häsiýetleri-de bardy. Ol kiçigöwünlidi. Meselem, ol Samuele şeýle diýýär: «Eýsem, men ysraýyl taýpasynyň iň kiçi Benýamin taýpasyndan dälmi? Meniň maşgalam hem Benýamin taýpasynyň iň kiçisi. Sen näme üçin maňa beýle sözleri aýdýarsyň?» Saulyň kakasy Kiş «örän baý adam» bolsa-da, Saul ne özüni, ne-de maşgalasyny beýgeltdi (1 Sam. 9:1, 2, 21).
Indi bolsa, Samuel Saulyň Ýehowa tarapyndan saýlanan patyşadygyny yglan edende, näme bolandygyny bileliň. Ilkibaşda Samuel Sauly mesh edip, oňa şeýle diýýär: «Näme gerek bolsa şony et, çünki hak Hudaý seniň bilendir». Soňra pygamber Ýehowanyň saýlan patyşasyny halka görkezjek bolýar, emma ol Sauly tapmaýar. Saul utanjyndan ýaňa gizlenen eken. Ýehowa onuň nirededigini aýdansoň, Saulyň patyşadygy yglan edilýär (1 Sam. 10:7, 20—24).
Söweş meýdanynda
Käbir adamlar Saulyň gowy patyşa boljagyna şübhelenipdirler. Emma olar ýalňyşýardylar. Sebäbi ammonlylar Ysraýylyň bir şäherine howp salanda, «Saula Hudaýyň ruhy inýär». Ol halkyny söweşe çagyryp, goşun ýygnaýar we ýeňiş gazanýar. Şonda Saul: «Ýehowa bu gün Ysraýyla gutulyş berdi» diýip, Hudaýy şöhratlandyrýar (1 Sam. 11:1—13).
Saulyň ýagşy häsiýetleri bardy, oňa Hudaý pata berýärdi. Şeýle-de ol Ýehowanyň güýjüne bil baglaýardy. Emma Saulyň we halkynyň hemişe üstünlik gazanmagy ýekeje zada baglydy. Samuel ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Eger siz Ýehowadan gorkup, Oňa gulluk etseňiz, Onuň sözüne gulak assaňyz, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy gitmeseňiz, Ýehowa-da siziň bilen we size hökümdarlyk edýän patyşa bilen bolar». Ysraýyllylar Hudaýa wepaly bolsalar, nämä umyt etdi bilerdiler? Samuel: «Ýehowa beýik adynyň hatyrasy üçin halkyny terk etmez, çünki Ýehowa sizi Öz halky hasaplaýar» diýdi (1 Sam. 12:14, 22).
Hawa, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin, Oňa gulak asmaly. Ýehowanyň häzirki gullukçylary-da, Onuň tabşyryklaryny berjaý edip, bereket alýarlar. Emma olar Ýehowany diňlemeseler näme?
«Sen akylsyzlyk etdiň»
Saul indiki sapar filistilileriň üstüne çozanda, olar oňa berk gaýtawul berýärler. Saulyň garşysyna çykan goşun «deňiz kenaryndaky çäge ýaly gaty köpdi». «Ysraýyl ogullary çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini duýdular, çünki olary gysýardylar. Olar gowaklarda, gaýanyň jaýryklarynda, ýerkümede we suwsuz çukurlarda gizlendiler» (1 Sam. 13:5, 6). Indi Saul näme eder?
Samuel Saula Gilgalda garaşmagy tabşyrýar, sebäbi pygamber ol ýerde mal gurbanyny getirmelidi. Saul garaşýar, ýöne Samuel wagty bilen gelmeýär, Saulyň goşuny-da dagap başlaýar. Şeýlelikde, Saulyň özi gurban getirýär. Şol wagty Samuel gelýär. Ol Saulyň gurban getirenini eşidip, şeýle diýýär: «Sen akylsyzlyk etdiň. Sen Ýehowa Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmediň. Eger sen berjaý eden bolsaň, Ýehowa seniň patyşalygyňy Ysraýylda ebedi berkarar ederdi. Emma indi seniň patyşalygyň ýykylar. Ýehowa Özüniň ýüregine ýaraýan bir adamy saýlar. Ýehowa ony halkyna serdar edip bellär. Sebäbi sen Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmediň» (1 Sam. 10:8; 13:8, 13, 14).
Saul Samuele garaşman, mal gurbanyny getirip, özdiýenlilik etdi. Ol Hudaýyň tabşyrygyna boýun bolman, imanynyň gowşandygyny görkezdi. Ysraýylyň goşun ýolbaşçysy Gideon bolsa, özüni başgaça alyp bardy. Ýehowa Gideona 32 000 esgerli goşunyny 300-e çenli azaltmagy tabşyranda, ol gulak asdy. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowa iman edýärdi. Hudaýyň kömegi bilen ol duşmanyň 135 000 esgerini ýok etdi (Kaz. 7:1—7, 17—22; 8:10). Ýehowa Saula-da kömek ederdi. Saulyň Hudaýa gulak asmandygy üçin, filistililer ysraýyllylary talap başladylar (1 Sam. 13:17, 18).
Biz kynçylyklara uçranda näme edýäris? Imanyny ýitiren adamlar Hudaýyň prinsipini äsgermezçilik edip, dogry karara gelendiris öýdýärler. Saul Samuele köp garaşandygy üçin özüniň gurban getirmegini dogry hasaplaýar. Emma Hudaýyň ýolunda ýöremegi ýüregine düwen adamlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýarlar we ony ýeke-täk dogry ýol hasaplaýarlar.
Ýehowa Sauldan ýüz öwürýär
Saul amaleklere garşy söweşde başga-da agyr günä edýär. Ysraýyllylar Müsürden çykanda, amalek halky hiç hili sebäpsiz olaryň üstüne çozupdy. Şol sebäpli Hudaý olara höküm çykarýar (Müs. çyk. 17:8; Kan. tag. 25:17, 18). Amalekler kazylaryň döwründe-de başga halklar bilen birleşip, Hudaýyň saýlan halkynyň üstüne çozardy (Kaz. 3:12, 13; 6:1—3, 33). Şeýlelikde, Ýehowa amalekler bilen hasaplaşmak üçin, çykaran hökümini Saul arkaly berjaý etmek isleýär (1 Sam. 15:1—3).
Saul amalekleri ähli emlägi bilen birlikde ýer ýüzünden doly ýok etmelidi. Emma ol Ýehowanyň buýrugyny ýerine ýetirmegiň deregine, amalekleriň patyşasyny ýesir edip, iň gowy mallary özüne peşgeş alýar. Samuel Saula nägilelik bildirende, ol näme etdi? Saul günäsini başgalaryň üstüne atyp: «Halk iň gowy goýunlara we öküzlere rehim edip, ony seniň Hudaýyň Ýehowa gurban bermek üçin galdyrdy» diýdi. Saulyň gurban getirmek islegi bolsa-da, aslynda, ol Hudaýyň tabşyrygyny äsgermezçilik etdi. Onuň kiçigöwünliligi uzaga çekmedi. Pygamber Saulyň Hudaýa gulak asmandygyny belläp, şeýle diýýär: «Bütinleý ýakylýan we berilýän gurbanlar Ýehowanyň sözüne gulak asmakdan ýaramlymy? Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr... Sen Ýehowanyň sözüni ret edeniň üçin, Ol hem seni patyşalykdan ret edýär» (1 Sam. 15:15, 17, 22, 23).
Ýehowa Ysraýylyň ilkinji patyşasy Sauldan mukaddes ruhuny we patasyny aýranda, ony «erbet ruh» eýeleýär. Şondan soňra Saul Dawuda müňkürlik we göriplik edip başlaýar, sebäbi Ýehowa Dawudy patyşa edip saýlapdy. Birnäçe sapar Saul Dawudy öldürjek bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Saul Ýehowanyň Dawut bilendigine düşünip... ömrüniň ahyryna çenli Dawudyň duşmany boldy» diýilýär. Saul ony tutmak üçin, hatda 85 sany ruhanyny we başga-da köp adamlary öldürýär. Şol sebäpli, Ýehowanyň Sauly terk edendigi geň galdyrmaýar! (1 Sam. 16:14; 18:11, 25, 28, 29; 19:10, 11; 20:32, 33; 22:16—19).
Filistililer ýene-de Ysraýylyň üstüne çozýar. Şonda Saul kömek üçin jadygöý aýala ýüz tutýar. Ertesi söweşde ol agyr ýaralanýar we öz-özüni öldürýär (1 Sam. 28:4—8; 31:3, 4). Ysraýylyň ilkinji patyşasynyň gulak asmazlygy barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Saul Ýehowanyň sözüni diňlemän, Oňa biwepalyk edeni üçin, Ýehowa däl-de, jadygöý aýala ýüz tutandygy üçin öldi» (1 Tar. 10:13, 14).
Saul bilen bolan wakadan Ýehowa gulak asmaklygyň Oňa getirilen gurbanlardan has gowudygyny aýdyň görünýär. Ýahýa resul: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýdi (1 Ýahýa 5:3). Hawa, Hudaý bilen ebedi dost bolmak üçin Oňa gulak asmaly. Geliň, muny hiç haçan ýatdan çykarmalyň!