Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/2 sah. 18—20
  • Siz Ýehowanyň bereketleriniň gadyryny bilýärmisiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Ýehowanyň bereketleriniň gadyryny bilýärmisiňiz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Rebbiň ýaranlygy»
  • «Wagtly-wagtynda nahar paýlary»
  • «Doganlary söýüň»
  • Bereketlere hemişe minnetdar bolalyň
  • Ýehowa şükür edip, berekedini alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Aýypsyzlykda gezýänler şadyýan
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/2 sah. 18—20

Siz Ýehowanyň bereketleriniň gadyryny bilýärmisiňiz?

YSRAÝYL ogullary Müsüriň gulçulygyndan gudrat bilen azat edildi. Indi olar Ýehowa höwes bilen sežde edýärdi (Müs. çyk. 14:29—15:1, 20, 21). Emma biraz wagtdan olar durmuşyndan nägile bolup, zeýrenip başladylar. Näme üçin? Olar Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny unudyp, çölde bolýan kynçylyklara köp üns berýärler. Olar Musa: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de (mannadan) halys irdik» diýdiler (San. 21:5).

Gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Men Seniň merhemetiňe bil bagladym; ýüregim Seniň gutaryşyňa şatlanar. Men Rebbe nagma aýdaryn, çünki Ol maňa jomartlyk etdi» (Zeb. 13:5, 6). Dawut Ýehowanyň eden merhemetini hiç haçan unutmady. Ol Hudaýyň eden işleri barada oýlanmak üçin hemişe wagt tapardy (Zeb. 103:2). Ýehowa bize-de jomartlyk edýär, şol sebäpli onuň ýagşylyklarynyň gadyryny bilsek, paýhasly bolar. Geliň, häzir Hudaýyň berýän bereketleri barada gürrüň edeliň.

«Rebbiň ýaranlygy»

Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň ýaranlygy... gönüler bilendir» diýilýär (Sül. tym. 3:32). Bikämil adama Ýehowa bilen dostlaşmak uly hormatdyr! Emma biz durmuşyň hysyrdylary bilen başagaý bolsak, doga etmäge wagt tapmarys. Bu Ýehowa bilen dostlugymyza zeper ýetirmezmi? Ýehowa hakyky Dost kimin, biziň bil baglap, doga arkaly gaýgy-aladalarymyzy, isleg-arzuwymyzy, biynjalyk edýän zatlarymyzy aýdyp, ýüregimizi dökmegimize garaşýar (Sül. tym. 3:5, 6; Flp. 4:6, 7). Biz hem dogalarymyzyň mazmuny barada oýlansak gowy bolar.

Ýaş mesihçi Pol edýän dogalary barada oýlanyp, has mazmunly doga etmelidigine düşündia. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa şol bir sözleri gaýtalap, doga etmegi endik edipdirin». Pol bu barada «sadyk hyzmatkäriň» ençeme edebiýatlaryny okap, Mukaddes Ýazgylarda 180-e golaý dogalaryň ýazylandygyny bilýär. Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylary ýüregini döküp, doga edipdirler. Pol şeýle netijä gelýär: «Mukaddes Ýazgylardaky dogalar barada oýlanyp, men anyk doga etmegi öwrendim. Bu maňa Ýehowa ýüregimi dökmäge kömek edýär. Indi men doga arkaly Ýehowa bilen dostlugymy berkitmekden lezzet alýaryn».

«Wagtly-wagtynda nahar paýlary»

Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmek — Ýehowadan alýan bereketlerimiziň ýene biri. Hawa, biz bol ruhy iýmitden lezzet alýarys, şol sebäpli «ýürek şatlygyndan ýaňa gygyrýarys» (Iş. 65:13, 14). Emma biz şatlygymyza zyýan ýetirjek zatlardan goranmaly. Meselem, biz imandan dänen adamlaryň ýaýradýan zatlarynyň aňymyza täsir etmegine ýol bersek, Ýehowanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly berýän «wagtly-wagtyndaky nahar paýlarynyň» gymmatyny duýmarys (Mat. 24:45—47).

Ençeme ýyldan bäri Ýehowa gulluk eden Andre imandan dänenleriň täsirine düşdi. Ol hakykat ýoluny taşlap, ajyny datdy. Ol imandan dänenleriň Internet sahypalaryna bir sapar seredeniň bilen hiç zat bolmaz öýtdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Başda meni imandan dänenleriň ýazan zatlary örän gyzyklandyrdy. Olaryň aýdýan zatlary barada köp bildigimçe, men özümi aklap, Ýehowanyň guramasyndan gitmäge ençeme sebäpler tapdym. Soňra men imandan dänenleriň Ýehowanyň Güwäçilerine garşy getirýän subutnamalaryny gözleg geçirip, ýalan mugallymlaryň hilegärligine göz ýetirdim. Olaryň bizi garalamak üçin getirýän delilleri, aslynda, ýoýulan maglumatlardy. Şonda men ýalňyşandygyma düşündim». Andreýiň ýygnaga dolanandygy örän begendirýär.

«Doganlary söýüň»

Biziň doganlyk agzybirligimiz hem Ýehowanyň beren bereketleriniň biridir (Zeb. 133:1). Şol sebäpli Pawlus resul: «Doganlary söýüň» diýdi (1 Pet. 2:17). Biz doganlarymyzdan goldaw tapýarys, çünki olar biziň ruhy kakamyz, ejemiz, doganymyz we uýamyzdyr (Mar. 10:29, 30).

Muňa garamazdan, käte dogan-uýalaryň arasynda öýke-kine bolmagy mümkin. Meselem, biriniň bikämilligi zerarly gaharlanyp, oňa bolan tankydy garaýşy ösdürmegimiz mümkin. Eger şeýle ýagdaý dörän bolsa, onda Ýehowanyň Öz gullukçylarynyň bikämilligine garamazdan, olary söýýändigini ýatlasak, bize nädogry garaýyşdan gaça durmaga kömek eder. Emma «günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur» (1 Ýahýa 1:8). Şol sebäpli biz «biri-birimize sabyr-takatly bolup... birek-biregi bagyşlamaly» dälmi näme? (Kol. 3:13).

Ýaş uýamyz Enniň goýberen ýalňyşlyklary, oňa dogan-uýalaryň gadyryny bilmäge kömek etdi. «Ýiten ogul tymsalyndaky» kakasynyň mal-mülküni sowran ogul ýaly, bu uýa-da ýygnakdan daşlaşýar. Emma biraz wagtdan ol akylyna aýlanyp, yzyna dolanýar (Luka 15:11—24). Enn nähili sapak edindi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň guramasyna dolananymdan bäri, dogan-uýalaryň bikämilligine garamazdan, olaryň her biriniň gadyryny bilýärin. Öň men olary tankytlaýardym, emma indi imandaşlarym arkaly alýan bereketlerime we şatlygyma hiç zadyň päsgel bermegine ýol bermerin. Bu dünýäniň hiç bir zadyny biziň ruhy jennetimiz bilen deňeşdirip bolmaz».

Bereketlere hemişe minnetdar bolalyň

Biz Hudaýyň Patyşalygyna bolan umydymyzy gymmatly hazyna bilen deňeşdirip bileris, çünki ol dünýädäki ähli kynçylyklary çözer. Biz başda muny bilenimizde, minnetdarlykdan ýaňa ýüregimiz içimize sygmaýardy! Biz Isanyň tymsalyndaky täjire meňzeýärdik, ol «gymmatbaha bir dürdänäni tapanda», ony satyn almak üçin «ähli zadyny satýar» (Mat. 13:45, 46). Wagtyň geçmegi bilen täjiriň dürdänäni gymmat saýmagyny bes edendigi barada aýdylmaýar. Geliň, biz hem ajaýyp umydymyzy hemişe gymmat saýalyň! (1 Sel. 5:8; Ýew. 6:19).

60 ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän uýamyz Jin şeýle gürrüň berýär: «Hudaýyň Patyşalygyny ünsden sowmazlyk üçin, men hemişe ol barada adamlara gürrüň berýärin. Olaryň Patyşalyk barada düşünendiklerini gözlerinden okanymda, meniň umydym has-da berkeýär. Hudaýyň Patyşalygy gyzyklanýanlaryň durmuşyny özgerdişini görenimde: “Adamlara gürrüň berer ýaly, mende nähili ajaýyp hakykat bar!“ diýip guwanýaryn».

Ýehowanyň berýän bereketleri üçin minnetdar bolmaga bizde ençeme sebäpler bar. Biz yzarlamalar, keselçilik, garrylyk, göwnüçökgünlik, agyr ýitgi we ykdysady kynçylyk ýaly synaglara uçrasak-da, olaryň wagtlaýyndygyny bilýäris. Hudaýyň Patyşalygynyň ýolbaşçylygynda biziň ruhy bereketlerimiziň üstüne başga-da ençeme bereketler goşular. Biziň çekýän ähli horluklarymyz täze dünýäde ýok bolar (Ylh. 21:4).

Geliň, mezmurçy ýaly, ruhy bereketler üçin hemişe minnetdar bolup, olary gymmat saýalyň: «Ýa Reb, Hudaýym, Seniň eden zatlaryň köpdür; ajaýyp işleriň we maksat-myradyň bize gönükdirilendir; Seniň bilen deňäre hiç kim ýok; men yglan edeýin, aýdaýyn: Seniň işleriň sanardan köp» (Zeb. 40:5).

a Atlaryň käbiri üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş