Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 41 sah. 100—sah. 101 abz. 2
  • Dawut bilen Şawul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawut bilen Şawul
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Dawut patyşa bolýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • 1 Şamuwel kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 41 sah. 100—sah. 101 abz. 2
Dawut Şawulyň düşelgesindäki esgerlere gygyrýar

41-NJI SAPAK

Dawut bilen Şawul

Dawut Jaluty öldürensoň, Şawul ony ýanynda alyp galýar. Dawut söweşlere gatnaşyp başlaýar. Ol söweşlerde ýeňiş gazanýar. Ony hemmeler tanaýar. Dawut söweşden gelende gelin-gyzlar aýdym aýdyp, tans edip garşy alýarlar. Olar: «Şawul 1000 adamy, Dawut 10 000 adamy öldürdi» diýýärdiler. Şawul Dawudy ýigrenip başlaýar. Hatda ony öldürjek bolýar.

Dawut ökde sazandady. Ol arfa çalýardy. Bir gezek Dawut Şawul üçin saz çalyp otyrdy. Şonda Şawul naýzasyny Dawuda zyňýar. Ýöne Dawut eglip ýetişýär. Naýza diwara çümýär. Şondan soň Şawul Dawudy köp gezek öldürjek bolýar. Dawut ahyry gaçmaly bolýar. Ol çölde gizlenip ýaşaýar.

Şawul ýatyrka, Dawut onuň naýzasyny alyp gaýdýar

Şawul 3 000 esgeri bilen Dawudy gözlemäge gidýär. Dawut esgerleri bilen bir gowakda gizlenip otyrdy. Şawul hem şol gowaga barýar. Şonda Dawudyň esgerleri: «Bol, häzir Şawuly öldürip bilýäň» diýdiler. Dawut ýuwaşlyk bilen Şawulyň ýanyna barýar. Onuň donunyň eteginden bir bölegini kesip alýar. Şawul Dawudyň gelenini duýmaýar. Soňra Dawut Ýehowanyň bellän patyşasyna hormat goýmandygyna gynanýar. Dawut esgerlerine Şawuly öldürmäge ýol bermeýär. Aslynda, Dawut Şawuly gowakda öldürip bilýärdi. Ýöne oňa ýamanlyk etmeýär. Muny Şawulyň özüne-de aýdýar. Şondan soň Şawul düzeldimi?

Ýok! Şawul şonda-da Dawudy yzarlady. Bir gün gije Dawut Şawul bilen esgerleriniň bolýan ýerine barýar. Onuň ýanynda ýegeni Abyşaý hem bardy. Şawulyň esgerleri uklap ýatyrdy. Hatda goşunbaşysy Abnur hem öli ýaly ýatyrdy. Abyşaý: «Şu wagt Şawul elimize düşdi. Ony öldüreýin-le» diýýär. Dawut: «Ýok, degme! Ýehowanyň özi arymyzy alar. Onuň naýzasy bilen küýzesini alyp, bärden gideli» diýýär.

Dawut golaýdaky dagyň depesine çykýar. Şol ýerden Şawulyň bolýan ýeri gowy görünýärdi. Ol: «Abnur, patyşaňy näme üçin goramadyň? Şawulyň küýzesi bilen naýzasy hany?» diýip gygyrýar. Şawul Dawudy sesinden tanaýar. Ol: «Sen meni öldürip bilýärdiň, ýöne öldürmediň. Sen Ysraýylyň patyşasy bolarsyň» diýýär. Soňra Şawul köşgüne gaýdýar. Şawul Dawudy ýigrenýärdi. Emma onuň maşgalasynda Dawudy gowy görýänler hem bardy.

«Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň. Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň» (Rimliler 12:18, 19).

Soraglar: Şawul Dawudy näme üçin öldürjek boldy? Dawut näme üçin Şawuly öldürmedi?

1 Şamuwel 16:14—23; 18:5—16; 19:9—12; 23:19—29; 24:1—15; 26:1—25

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş