Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 61
  • Dawut patyşa bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawut patyşa bolýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut bilen Şawul
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • 1 Şamuwel kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 61

61-NJI HEKAÝA

Dawut patyşa bolýar

SAUL Dawudy tutmak üçin ýene bir gezek synanyşýar. Ol özüne esgerleriň gowusyndan 3 000 sanysyny saýlap, Dawudyň gözlegine çykýar. Dawut muny eşidip, Saulyň goşuny bilen nirede düşlänini bilmek üçin içaly iberýär. Soňra Dawut esgerlerden: «Saulyň düşelgesine meniň bilen haýsyňyz gitjek?» diýip soraýar.

Dawudyň aýal dogany Zeruýanyň ogly Abişaý: «Men giderin» diýýär. Saul we esgerleri uklap ýatyrka, Dawut we Abişaý ýuwaşlyk bilen gizlinlikde olaryň bolýan ýerine barýar. Olar Saulyň başujundaky naýzasyny we küýzesini alýarlar. Olary hiç kim görmeýärem, eşitmeýärem, sebäbi hemmeler ýatyrdy.

Dawut bilen Abişaýyň nirededigine seretsene! Olar gaçyp, howpsuz ýerde dagyň üstünde dur. Dawut Ysraýyl goşunynyň ýolbaşçysy Abnere: «Sen näme üçin patyşaňy goraňok? Hany seret! Onuň naýzasy bilen suw içýän küýzesi nirede?»

Şol wagt Saul oýanýar. Ol Dawudy sesinden tanap: «Dawut, bu senmi?» diýip soraýar. Aşakda duran Saul bilen Abneri görýäňmi?

Dawut:

— Hawa, men patyşahym. Sen näme üçin meni yzarlaýaň? Men saňa näme ýamanlyk etdim? Ine, seniň naýzaň. Siziňkilerden biri gelip ony äkitsin — diýdi.

Saul:

— Men ýalňyşypdyryn — diýip boýun alýar. Soňra Dawut öz ýoly bilen gidýär, Saul bolsa öýüne gaýdýar. Dawut içini gepledip: «Haçanam bolsa Saul meni öldürer, filistilileriň ýurduna gaçmaly» diýýär. Oňa filistilileri aldap, olaryň tarapdary bolan bolmak başardýar. Şeýdip Dawut olaryň ýurduna gaçýar.

Aradan biraz wagt geçensoň, filistililer Ysraýylyň üstüne çozýarlar. Bu söweşde Saul we Ýonatan aradan çykýar. Dawut muňa gaty gynanyp: «Doganym Ýonatan, seniň öleniňe gynanýan. Men seni şeýle söýýärdim!» diýen owadan aýdym düzýär.

Şondan soň, Dawut Ysraýylyň Hebron şäherine dolanýar. Bu ýerde Saulyň ogly Işboşeti patyşa saýlan adamlar bilen, Dawudy patyşa saýlajak adamlar söweşýär. Ahyry Dawudyň tarapyndaky adamlar ýeňýärler. Şeýdip Dawut 30 ýaşynda patyşa bolýar. Ol Hebronda ýedi ýarym ýyl patyşalyk edýär. Bu ýerde onuň Amnon, Abşalom we Adoniýa atly ogullary dogulýar.

Aradan wagt geçensoň, Dawut esgerleri bilen Iýerusalim diýen owadan şäheri basyp almaga gidýär. Bu söweşe Dawudyň aýal dogany Zeruýanyň ogly Ýoab baştutanlyk edýär. Şonuň üçin Dawut Ýoaby goşunbaşy edip belleýär. Şol wagtdan başlap Dawut Iýerusalimde patyşalyk edýär.

1 Şamuwel 26:1—25; 27:1—7; 31:1—6; 2 Şamuwel 1:26; 3:1—21; 5:1—10; 1 Ýyl ýazgylary 11:1—9.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş