60-NJY HEKAÝA
Abigail we Dawut
DAWUDYŇ ýanyna gelýän owadan aýalyň kimdigini bilýäňmi? Onuň ady Abigail. Ol örän paýhasly aýal. Ol Dawudy erbet iş etmekden saklaýar. Ýöne onuň bilen tanyşmazdan öň, gel, Dawuda näme bolanyny bileli.
Dawut Sauldan gaçyp gowakda gizlenýär. Onuň ýanyna doganlary we garyndaşlary gelýär. Jemi onuň ýanyna 400-e golaý adam gelýär. Dawut olaryň baştutany bolýar. Soňra Dawut Moab patyşasynyň ýanyna baryp: «Haýyş edýärin, näme boljagyny bilýänçäm, kakama we ejeme seniň ýurduňda galmaga rugsat ber» diýýär. Şondan soň Dawut adamlary bilen dagda gizlenýär.
Ynha, Dawut Abigaile duşýar. Onuň adamsy Nabal baýdy. Şeýle-de onuň 3 000 goýny bilen 1 000 geçisi bardy. Nabal erbet adam. Onuň aýaly Abigail bolsa örän owadandy, edýän işleri-de paýhaslydy. Bir sapar ol maşgalasyny-da halas etdi. Gel, muny nädip edendigini bileli.
Dawut we onuň adamlary Nabala ýagşylyk etdiler. Olar onuň mallaryny goramaga kömek edýärdi. Bir gezek Dawut adamlaryny Nabalyň ýanyna haýyş bilen iberýär. Dawudyň adamlary Nabalyň ýanyna baranda, ol kömekçileri bilen goýunlaryny gyrkýardy. Bu gün baýramçylyk günüdi, Nabalyň iýere tagamly zady kändi. Şonuň üçin Dawudyň adamlary: «Biz saňa ýagşylyk etdik, goýunlaryň birini-de almadyk. Gaýtam, olara gözegçilik etmäge kömek etdik. Şonuň üçin bize iýmäge zat ber» diýip haýyş etdiler.
Nabal: «Men siz ýaly adamlara iýmäge zat bermen» diýip, gaharly jogap berýär. Soňra Dawut barada erbet zatlar aýdýar. Olar gelip Dawuda bar zady gürrüň berende, ol gaty gaharlanýar. Ol adamlaryna: «Eliňize gylyç alyň!» diýýär. Şeýdip, Nabaly we onuň adamlaryny öldürmäge gidýär.
Nabalyň adamlarynyň biri onuň Dawut barada aýdan erbet sözlerini eşidip, Abigaile gürrüň berýär. Abigail dessine iýere zat ýygnap, ony eşeklere ýükleýär-de, ýola düşýär. Dawudy gören badyna, eşekden düşýär-de baş egip: «Agam, adamym Nabala gaharyň gelmesin. Ol akmak we akmak işler edýär. Ine, bu saňa bizden sowgat. Haýyş edýärin, muny al-da, günämizi geç» diýýär.
Dawut oňa: «Sen paýhasly aýal. Nabal maňa erbetlik edendigi sebäpli ony öldürmekçidim. Sen meni Nabaly öldürmekden sakladyň. Sag-aman öýüňe dolan» diýýär. Soňra Nabal ölenden soň, Abigail Dawudyň aýallarynyň biri bolýar.