22-NJI HEKAÝA
Ýusuby türmä basýarlar
ÝUSUBY Müsüre äkidenlerinde, bary-ýogy on ýedi ýaşyndady. Ol ýerde ony Potifar atly adama satýarlar. Potifar bolsa Müsür patyşasy faraona gulluk edýärdi.
Ýusup hojaýyny Potifara ýürekden hyzmat edýär. Şonuň üçin Ýusup ulalanda, Potifar bütin mal-mülküni oňa ynanýar. Onda Ýusup näme üçin türmedekä? Muňa Potifaryň aýaly sebäp bolýar.
Ýusup görmegeý ýigit bolup ýetişende, Potifaryň aýaly onuň bilen ýatjak bolýar. Ýöne Ýusup munuň nädogrudygyny bilýärdi, şonuň üçin onuň bilen ýatmaýar. Potifaryň aýaly muňa gaty gaharlanýar. Soňra äri öýüne gelende: «Bu zalym Ýusup meniň bilen ýatjak boldy!» diýip, ýalan sözleýär. Potifar aýalyna ynanyp, gaty gaharlanýar. Ine, şu sebäpli-de Ýusuby türmä basýar.
Basym türmäniň başlygy Ýusubyň gowy adamdygyny bilýär. Şonuň üçin Ýusuby türmedäkileriň ählisine gözegçi edip belleýär. Biraz wagtdan faraon baş şerapçysyna hem-de baş çörekçisine gaharlanyp, olary türmä basýar. Bir gün olaryň ikisi-de üýtgeşik düýş görýär, ýöne ýorup bilmeýärler. Ertesi Ýusup olara: «Düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýýär. Olar gürrüň berende, Ýusup Hudaýyň kömegi bilen düýşlerini ýorup berýär.
Ýusup baş şerapça: «Üç günden faraon seni türmeden boşadar. Sen ýene-de onuň şerapçysy bolarsyň» diýýär. Şonuň üçin Ýusup oňa: «Azatlyga çykaňda faraona men barada gürrüň ber. Maňa bu ýerden çykmaga kömek et» diýýär. Baş çörekçä bolsa: «Ýene üç günden faraon seniň başyňy alar» diýýär.
Üç günden Ýusubyň aýdyşy ýaly-da boldy. Baş çörekçiniň başyny alýarlar. Baş şerapçyny bolsa türmeden boşadýarlar. Ol ýene-de patyşa hyzmat edýär. Ýöne baş şerapçy Ýusubyň haýyşyny ýatdan çykaryp, faraona hiç zat aýtmaýar. Şonuň üçin Ýusup türmede galýar.