116-NJY HEKAÝA
Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
GYZJAGAZYŇ dostlary bilen näme okaýanyny bilýäňmi? Dogry, olar hem «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» atly kitabyň «Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?» diýen hekaýasyny okaýarlar.
Olar hekaýany okap, näme bildikä? Ilki bilen, ebedi ýaşamak üçin Ýehowa hem-de onuň Ogly Isa barada bilim almaly. Injilde: «Ebedi ýaşamak üçin ýeke-täk hakyky Hudaýy we Isa pygamberi tanamaly» diýilýär.
Hudaý we Isa barada nädip bilim alyp bolarka? Birinjiden, «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» atly kitaby başdan-aýak okap çykmaly. Şu kitapda Ýehowa we Isa barada köp zatlar aýdylýar, şeýle dälmi? Şeýle hem, onda olaryň eden we etjek köp işleri barada aýdylýar. Emma diňe bu kitaby okamak ýeterlik däl.
Çagalaryň öňünde ýene-de bir kitaby görýäňmi? Bu Mukaddes Ýazgylar. Seniň okan hekaýalaryň Mukaddes Ýazgylardan alyndy. Şonuň üçin her hekaýanyň aşagyndaky aýatlary biri saňa okap bersin. Mukaddes Ýazgylar Ýehowa dogry gulluk edip, ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidigiňi aýdýar. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamagy endik edinmeli.
Emma Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada bilim almak ýeterlik däl. Biz olar barada köp bilsek-de, ebedi ýaşaýşy almazlygymyz mümkin. Onda ýene-de näme etmelikä?
Biz Hudaýyň aýdyşy ýaly ýaşamaly. Iuda Iskariot ýadyňdamy? Ol Isanyň saýlan 12 resulynyň biridi. Ýehowa we Isa barada Iuda köp zatlar bilýärdi. Ýöne oňa näme boldy? Birnäçe wagtdan, ol öz peýdasyny gözläp, Isany 30 kümüş pula satdy. Şonuň üçin Iuda ebedi ýaşaýşy alyp bilmez.
Gehaz atly adam ýadyňdamy? Ol barada 69-njy hekaýada okapdyk. Ol başga bir adamyň eşigini we puluny almak isledi. Şolary almak üçin ýalan sözledi. Ýehowa oňa jeza berdi. Bizem Hudaýyň kanunlaryna gulak asmasak, ol bize-de jeza berer.
Ýöne Ýehowa gulluk eden gowy adamlaram bardy. Biz şol adamlar ýaly bolmak isleýäris, şeýle dälmi? Kiçijik Samuel gowy görelde görkezdi. Ýadyňda bolsa, 55-nji hekaýada ol dört-bäş ýaşyndaka Ýehowanyň ybadathanasynda gulluk edip başlady diýilýär. Şonuň üçin sen näçe ýaşyňda bolsaň-da, Ýehowa gulluk etmäge özüňi ýaş görme.
Elbetde, biziň hemmämiz Isadan görelde almak isleýäris. 87-nji hekaýadan ýaş Isanyň ybadathanada gökdäki Atasy barada adamlar bilen gürrüň edişi barada okapdyk. Gel, bizem şeýle edeli. Biziň ajaýyp Hudaýymyz Ýehowa we Isa pygamber barada köp adamlara gürrüň bereli. Şeýtsek, biz ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşap bileris.