8-NJI BÖLÜM
Mukaddes Ýazgylarda aýdylanlar ýerine ýetýär
Mukaddes Ýazgylarda diňe bir bolan wakalar gürrüň berilmeýär. Onda gelejekde boljak wakalar hem aýdylýar. Adamlar boljak zatlary öňünden aýdyp bilmeýär. Bu Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyny aňladýar. Onda gelejek barada nämeler aýdylýarka?
Onda Hudaýyň etjek uly söweşi barada aýdylýar. Şol söweşde Hudaý ýer ýüzüni ähli erbetlikden we erbet adamlardan arassalap, özüne gulluk edýän adamlary halas eder. Hudaýyň bellän patyşasy Isa Mesih olar barada alada eder. Olar indi parahat hem bagtly ýaşap, hiç haçan kesellemez we ölmez.
Eýsem, Hudaýyň ýer ýüzünde ýene-de Jennet etjekdigi begendirmeýärmi? Emma Jennetde ýaşamak üçin bizem käbir zatlary etmeli. Kitabyň soňky hekaýasyndan näme etmelidigimizi bileris. Şonuň üçin SEKIZINJI bölümi okap, Mukaddes Ýazgylaryň gelejek barada aýdýan zatlaryny bileris.