Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 114
  • Erbetlik ýok ediler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Erbetlik ýok ediler
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýer ýüzi ýene-de Jennet
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý ähli söweşleriň soňuna çykar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Mukaddes Ýazgylarda aýdylanlar ýerine ýetýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 114

114-NJI HEKAÝA

Erbetlik ýok ediler

SEN suratda näme görýäň? Dogry, ak atly goşun. Seret, olar nireden gelýär? Olar gökden, bulutlaryň üsti bilen gelýär! Gökde atlar ýaşaýarmy näme?

Ýok, ýaşanok. Olar hakyky atlar däl. Hakyky atlary buludyň üstünde çapyp bolýarmy näme? Emma Mukaddes Ýazgylarda gökdäki atlar barada aýdylýar. Sebäbini bilýäňmi?

Sebäbi ozal atlary söweşde ulanýardylar. Gökden gelýän atlylar bolsa, Hudaýyň ýerdäki adamlara garşy söweşýändigini aňladýar. Söweş boljak ýere näme diýilýänini bilýäňmi? Ol ýere Armageddon diýilýär. Şol söweşde ýerdäki ähli erbetlikler ýok ediler.

Armageddonda boljak söweşe Isa baştutanlyk eder. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Isany öz hökümetine patyşa belläpdi. Şonuň üçin Isanyň kellesinde patyşalyk täji bar. Onuň elindäki gylyç bolsa, Hudaýyň ähli duşmanlaryny ýok etjekdigini aňladýar. Sen Hudaýyň ähli erbetlikleri ýok etjekdigine ynanýarmyň?

10-njy hekaýa seret. Sen ol ýerde näme görýäň? Dogry, Nuhuň tupanynda erbetler ýok edilýär. Bu tupany kim etdikä? Ony Ýehowa Hudaý etdi. Indi bolsa 15-nji hekaýa seret. Sen bu ýerde näme görýäň? Ýehowa Sodomy we Gomorany gökden ot ýagdyryp ýok edýär.

Indi 33-nji hekaýa seret. Müsürlileriň atlaryna we harby arabalaryna seret. Olary kim suwa gark etdikä? Elbetde, Ýehowa. Şeýdip ol öz halkyny halas edýär. Indi 76-njy hekaýa seret. Sen bu bapda Ýehowanyň ysraýyllylar hatda öz halky bolsa-da, olary erbet işleri üçin ýok edendigini görersiň.

Şonuň üçin Ýehowanyň gökdäki goşunyny iberip, ýerdäki erbetligi ýok etjekdigine haýran galmaly däl. Şondan soň boljak zatlar barada oýlanyp gör! Ony indiki sahypadan bileris.

Ylham 16:16; 19:11—16.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş