115-NJI HEKAÝA
Ýer ýüzi ýene-de Jennet
ULLAKAN agaçlara, owadan güllere hem-de beýik daglara seret. Owadan gerek? Görýäňmi, keýijek oglanyň elinden ot iýýär? Aňyrda ýolbarslar ýatyr, atlar bolsa otlap ýör. Şeýle owadan ýerde ýaşasyň gelýärmi?
Hudaý seniň Jennetde ebedi ýaşamagyňy isleýär. Ol seniň hiç bir ýeriň agyrmagyny islänok. Jennetde ýaşajak adamlara Injilde şeýle wada berilýär: «Hudaý olar bilen bolar. Hiç kim ölmez, aglamaz we hiç hili agyry bolmaz. Öňki zatlar geçdi».
Bularyň baryny Isa eder. Isa muny haçan ederkä? Dogry, ýeri erbetlikden we erbet adamlardan arassalandan soň eder. Ýadyňda bolsa, Isa ýer ýüzünde ýaşanda her hili keselleri bejerdi, hatda ölüleri hem direltdi. Isa şeýdip Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolanda, bütin ýer ýüzünde nämeler etjegini görkezdi.
Ýer ýüzi Jennet bolanda nähili ajaýyp bolar! Isa bilen ýerden saýlanan käbir adamlar gökden hökümdarlyk eder. Bu hökümdarlar her bir adamyň bagtly ýaşamagy barada alada eder. Indi bolsa, Jennetde ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigimizi bileli.