Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • le sah. 22—31
  • Seniň näme etmegiň gerek?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Seniň näme etmegiň gerek?
  • Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý erbet adamlary ýene-de ýok edermi?
    Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
  • Sen Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşap bilersiň
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowanyň Şaýatlary nämä ynanýarlar?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Başgalary
Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
le sah. 22—31

Seniň näme etmegiň gerek?

50 Şol ajaýyp jennetde ebedi ýaşamak isleýärmisiň?

Beýle bolsa, Hudaýyň aýdýanlary barada köpräk bilim al. Mukaddes Ýazgylary okamagy öwrenjek bol (Ýahýa 17:3; Ylham 1:3).

51 Isa barada köpräk bilim al (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:18, 19; Ýahýa 3:16; Resullaryň Işleri 3:19—23).

52 Diňe ýagşylyk etmäge çalyş we Ýehowanyň diýenini et (Rimliler 6:17, 18, 22).

53 Ýadyňda sakla, Ýehowa, biz adam öldürmeli däldiris diýýär (Çykyş 20:13; 1 Ýahýa 3:11, 12; Matta 5:21).

54 Biz başga kişiniň zadyny almaly däldiris (Çykyş 20:15; Efesliler 4:28).

55 Erkek aýal bilen nikalaşman ýaşamaly däldir we bile ýatmaly däldir (Çykyş 20:14, 17; 1 Selanikliler 4:3; Matta 5:27, 28).

56 Ýadyňa düşýärmi, Hudaý erkege näçe aýal edinmäge rugsat berdi? Erkek öz aýaly bilen näçe wagtlap ýaşamaly? (Barlyk 2:22, 24; Matta 19:5, 6; 1 Korintoslylar 7:2, 10, 11).

57 Diňe Ýehowa sežde etmelidigimizi unutma (Matta 4:10; 1 Korintoslylar 8:6).

58 Butlar we suratlar bize kömek edip bilmez. Näme üçin? (1 Korintoslylar 8:4).

Butlary saklamak gowymydyr? (Kanunyň Gaýtalanyşy 27:15; 1 Ýahýa 5:21; 1 Korintoslylar 10:19; Zebur 96:5).

59 Näme üçin doga-tumar saklamak we dogagöýlige ýüz tutmak — erbet zat? (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—13; Ylham 21:8; Resullaryň Işleri 19:19).

60 Erbet perişdeler, ýagny jynlar, Hudaýyň garşysyna çykdylar. Olar adamlary aldamak üçin palçylary we bilgiçleri ulanýarlar (Resullaryň Işleri 16:16).

61 Biz Hudaýa doga etmeli. Doga — bu Hudaý bilen gürleşmek, onuň gullukçysy bolasymyz gelýändigini aýtmak we ondan kömek dilemekdir (Filipililer 4:6, 7).

62 Biz Isanyň aýdanlaryna gulak asyp oňa iman etmeli (Ýewreýler 5:10; Ýahýa 3:16).

63 Onuň, bizi halas etmek üçin ölendigini unutma (Rimliler 5:8).

64 Isa — biziň göze görünmeýän Patyşamyzdygy ýadyňda bolsun. Biz onuň diýenini etmelidiris (Filipililer 2:9—11; Ylham 19:16).

65 Isa, seniň öwrenýän ýagşy zatlaryň barada başga adamlara-da gürrüň bermelidigiňi we Hudaýa gulluk etmek isleýänleriň suwda çokunmaklarynyň gerekdigini aýtdy (Matta 28:19, 20; Ýahýa 4:7—15).

66 Şonuň üçin sen, bu ýagşy zatlar barada öz dostlaryň bilen hem söhbet edip bilersiň (Matta 10:32).

67 Eger gowy okamagy örwenseň, sen öňkiden hem köp bilip başgalara has gowy kömek edip bilersiň (2 Timoteos 2:15).

68 Isa kiçi çagalara-da Hudaýa gulak asmagy öwredýärdi. Ol çagalar bilen gürleşmek üçin wagt tapmaz ýaly hiç haçan beýle meşgul bolmaýardy (Matta 19:13—15).

69 Ata-eneler öz çagalaryna Hudaýa gulak asmalydygyny we ony söýmelidigini elmydama öwredip durmalydyr (Kanunyň Gaýtalanyşy 6:6, 7; Süleýmanyň Tymsallary 6:20—22; Efesliler 6:4).

70 Dünýäde ençeme buthanalar bar. Olaryň öwretmeleriniň köpüsi Mukaddes Ýazgylardan (Töwrat, Zebur, Injil kiteplardan) däl. Ýehowa bize hakykaty öwretmeýän dinlary terk etmegimizi buýurdy (Ylham 18:4; Ýahýa 4:23, 24).

71 Ýer ýüzünde Ýehowanyň, saňa ol barada köpräk bilim berip biljek adamlary bar. Olaryň kimdigini bilýärmisiň? (Resullaryň Işleri 15:14; Rimliler 10:14, 15).

72 Olar — Ýehowanyň Güwäleridir. Olaryň arasynda parahatlyk höküm sürýär. Näme üçindigini bilýärmisiň? Sebäbi olar bir-birlerini söýýärler (Işaýa 43:10—12; Ýahýa 13:34, 35).

73 Olar Ýehowany hem söýýändikleri üçin suwda çokundylar. Şeýdip olar öz ýaman ýollaryny taşlandyklaryny we öz durmuşyny indi Hudaýa gulluk edip geçirmekçidiklerini aç-açan görkezýärler (Resullaryň Işleri 2:41).

74 Ýehowanyň Güwäleri ajaýyp täze jennetde ýaşamagy umyt edýärler (Zebur 37:9—11, 29).

Ol ýerde, olar bilen bile ýaşamak üçin sen näme edip bilersiň? (Ýakup 1:22, 25; 2:20—26).

75 Ýehowa nädip gulluk etmelidigini öwrenmek üçin, olara goşul. Olar Ýehowany we Mesih Isany söýýärler, olara gulak asýarlar. Sen hem olary söýýärmisiň? Başgalara hem Hudaýy tanamaklary üçin kömek edesiň gelýärmi? (Ýahýa 6:45—47).

76 Ýehowa we Mesih Isa seni söýýärler we seniň jennetde ebedi ýaşamagyňy isleýärler (Ýahýa 3:16).

Bu kitapçadaky suratlary görüp içindäki habarlary göz öňüne alanyňdan soň, seniň ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşa şatlanmak islegiň dörän bolsa gerek. Eger seniň bu zatlar barada köpräk bilesiň gelýän bolsa, onda, biz saňa öz golaýyňda ýaşaýan Ýehowanyň Güwäleriniň biri bilen gürleşmegiňi maslahat berýäris. Şeýle-de, sen olara ýüz tutmak üçin, bu kitapçanyň ikinji sahypasynda ýerleşdirilen adresler boýunça, ýaşaýan ýeriňe iň golaý bolan filiallaryň birine ýazyp ýa-da ýazmagy birine haýyş edip bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş