Gökdäki Patyşa ýere bereketler getirýär
41 Ýehowa Isany gökde Patyşa edip belledi (Işaýa 9:6; Daniýel 7:13, 14; Resullaryň Işleri 2:32—36; Luka 1:32, 33; Ylham 11:15).
42 Ol bütin ýeriň üstünden höküm sürer (Daniýel 7:14; Matta 28:18).
43 Erbet adamlara näme boljagy ýadyňa düşýärmi? (Zebur 37:9, 10; Luka 13:5).
44 Ilkinji günä eden perişdäniň ady ýadyňdamy? Isa ony we başga erbet perişdeleri aradan aýrar. Olaryň butlary we suratlary ýok ediler (Ýewreýler 2:14; Ylham 20:2, 10).
45 Isa, gulak asýan adamlar üçin köp ýagşylyk eder (Ýewreýler 5:10).
46 Gaýdyp hiç kim kesellemez (Işaýa 33:24; Ylham 21:4; 22:1, 2; 21:4).
Isanyň kesel adamlary sagaldyşy ýadyňa düşýärmi?
47 Her kim bolçulykda ýaşar (Zebur 72:7, 16; Işaýa 65:17, 21—23; Zebur 72:7, 16; 67:6).
48 Hudaý hatda ölen adamlary-da ýadynda saklaýar. Olary täzeden ýaşaýşa getirmek üçin Hudaý Isany ulanar. Muňa direliş diýilýär (Ýahýa 5:28, 29; 11:25).
49 Erbet adamlaryň hemmesi ýok edilenden soň gaýdyp hiç kim ölmez. Hatda ýabany haýwanlar hem howply bolmaz. Her kes ebedi bagta eýe bolar (Ylham 21:4; Işaýa 65:25; Zebur 37:11, 29).