Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 14 sah. 30—31
  • Patyşalyk ýer ýüzüni Jennet eder

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalyk ýer ýüzüni Jennet eder
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Kimler direler we olar nirede ýaşar?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • «Jennetde görşeris!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 14 sah. 30—31
Patyşa Isa Mesih ýeriň üstünden höküm sürýär

14-NJI SAPAK

Patyşalyk ýer ýüzüni Jennet eder

Sen haýsy Patyşalyk barada aýdylýandygyny bilýärmiň? ~ Bu Hudaýyň Patyşalygy. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder. Sen Patyşalyk barada köpräk bilesiň gelýärmi? ~

Her bir Patyşalygyň patyşasy bolýar. Patyşa öz ýurdunda ýaşaýan adamlara ýolbaşçylyk edýär. Sen Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasynyň kimdigini bilýärmiň? ~ Ol Isa Mesih. Ol gökde ýaşaýar. Tizden ol bütin ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň patyşasy bolar. Seniň pikiriňçe, Isa bütin ýer ýüzüne patyşa bolanda, biz muňa begenerismi? ~

Sen özüňi Jennetde göz öňüne getirýärmiň?

Elbetde, biz örän begeneris! Jennetde adamlar bir-biri bilen uruşmaz, hatda uruşmak üçin başga ýerlere-de gitmezler. Adamlar biri-birini söýüp ýaşar. Hiç kim kesellemez we ölmez. Körler görer, kerler eşider, ýöräp bilmeýän adamlar bolsa ylgarlar we bökerler. Iýmit köp bolar. Haýwanlar bir-biri bilen oýnarlar we biz hem olar bilen oýnarys. Ölen adamlar direler. Şu broşýurada öwrenen Rebeka, Rahaw, Dawut, Ylýas ýaly köp adamlar hem direler! Sen olaryň haýsysy bilen tanşasyň gelýär? ~

Ýehowa seni söýýär we seniň şadyýan bolmagyňy isleýär. Eger sen Ýehowa barada öwrenmegi we oňa gulak asmagy dowam etseň, owadan Jennetde ebedi ýaşarsyň! Seniň Jennetde ýaşasyň gelýärmi? ~

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Işaýa 2:4; 11:6—9; 25:8; 33:24; 35:5, 6

  • Ýahýa 5:28, 29; 17:3

SORAGLAR:

  • Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy kim?

  • Isa kimleriň patyşasy bolar?

  • Isa ýeriň üstünden höküm sürende nämeler eder?

  • Sen Jennetde ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş