48-NJI HEKAÝA
Paýhasly gibeonlylar
KENGAN şäherleriniň köpüsi söweşmäge taýyndy. Olar ýeňiş gazanarys öýdýärdiler. Ýöne Gibeon şäheriniň golaýynda ýaşaýanlar beýle pikirde däldiler. Olar ysraýyllylara Hudaýyň kömek edýändigine ynanýardy. Şonuň üçin Hudaýa garşy söweşmek islemediler. Şeýlelikde, gibeonlylaryň näme edendigini bilýäňmi?
Olar uzakda ýerleşýän bir ýurduň ýaşaýjylary bolan bolýarlar. Birnäçe adam ýyrtyk eşik we köne aýakgap geýip, ýyrtyk haltalary eşeklere ýükläp, ýanlary bilen gatan çörek alýar. Soňra Ýeşuwyň ýanyna gelip: «Biz siziň beýik Hudaýyňyz Ýehowa hakda, onuň Müsürde siziň üçin eden işleri barada eşidip, uzak ýurtdan geldik. Şonuň üçin biziň ýolbaşçylarymyz ýol üçin iýmit alyň diýdiler we size: «Biz siziň guluňyz. Bize garşy söweşmejegiňize söz beriň» diýip, aýtmagy tabşyrdylar. Bu uzak ýolda eşigimiziň könelip, çöregimiziň gatanyna bir serediň» diýdiler.
Ýeşuwdyr beýleki ýolbaşçylar gibeonlylaryň diýenine ynanyp, olara garşy söweşmejegine söz berdiler. Emma olar üç günden gibeonlylaryň has golaýda ýaşaýandygyny bildiler.
— Siz näme üçin bize daş ýurtdan geldik diýdiňiz? — diýip, Ýeşuw olardan sorady.
— Biz Ýehowa Hudaýyň bütin Kengan ýurduny size bermegi wada edenini eşitdik. Şonuň üçin bizi öldürersiňiz öýdüp, gorkymyza şeýle etdik — diýip, gibeonlylar jogap berdi. Ysraýyllylar bolsa beren sözünde durup, gibeonlylary öldürmän, özlerine gul etdiler.
Iýerusalimiň patyşasy gibeonlylaryň ysraýyllylar bilen parahatlyk baglanyşanyna gaty gaharlanýar. Şol sebäpli ol beýleki dört patyşa: «Geliň-de, maňa gibeonlylar bilen söweşmäge kömek ediň» diýip haýyş edýär. Şeýdip, bäş patyşa gibeonlylara garşy söweşe çykýar. Eýsem, gibeonlylaryň parahatlyk baglaşmagy paýhasly boldumyka? Gel, bileli.