103-NJI HEKAÝA
Ýapyk gapydan otaga girýär
PETRUS bilen Ýahýa Isanyň ölüsi goýlan mazaryň ýanyndan gidýärler. Merýem bolsa ol ýerde ýeke galyp aglaýar. Öňki suratdan görşüň ýaly, ol eglip, mazara seredýär. Ol ýerde iki perişdäni görýär. Perişdeler ondan: «Sen näme üçin aglaýaň?» diýip soraýarlar.
Merýem olara: «Isany mazardan äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilemok» diýýär. Soňra yzyna seredende bir adamy görýär. Ol adam Merýemden: «Kimi gözleýäň?» diýip soraýar.
Merýem bagbandyr öýdüp: «Agamjan, ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt» diýýär. Aslynda, ol Isanyň özüdi. Merýem ony tanamady, sebäbi Isa ynsan tenindedi. Ýöne Isa onuň adyny tutanda Merýem tanady. Soňra Merýem şägirtleriň ýanyna ylgap baryp: «Men Isany gördüm!» diýýär.
Şol gün iki sany şägirt Emmaus diýen oba barýarkalar, olara bir adam duşýar. Şägirtler Isanyň ölümine gaty gynanýardylar. Ýolda barýarkalar, şol adam olara Mukaddes Ýazgylardan köp zatlary düşündirýär. Şondan soň, olar rahatlanýar. Olar onuň bilen iýip-içenlerinde, bu adamyň Isadygyny bilýärler. Şonda Isa birden ýitirim bolýar. Şägirtleri muny resullara aýtmak üçin yzyna Iýerusalime ylgap gaýdýarlar.
Isa şol wagt Petrusa-da görünýär. Muny eşiden beýleki şägirtleri hem gaty begenýärler. Soňra şol iki şägirt Iýerusalime gelip resullary tapýarlar. Olar resullara ýolda Isany görendigini aýdýarlar. Şol barada gürrüň edip durkalar, näme bolanyny bilýäňmi?
Surata seret. Gapy ýapyk bolsa-da, Isa otagda peýda bolýar. Şägirtleri muňa diýseň begenýär! Eýsem, bu gün şatlykly gün dälmi? Isanyň şägirtlerine näçe gezek görnenini sanap biljekmi? Seniň sananlaryň bäşe ýetdimi?
Isa şägirtlerine görnende olaryň arasynda Tomas resul ýokdy. Şonuň üçin resullar oňa: «Biz Rebbi gördük!» diýýärler. Emma Tomas öz gözi bilen görmese, ynanmajagyny aýdýar. Sekiz günden şägirtler bir otagda ýene-de ýygnanyp, gapysyny gulplaýarlar. Bu gezek olaryň arasynda Tomas hem bardy. Birdenkä Isa otagda peýda bolýar. Şonda Tomas hem ynanýar.