Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ýehuw Ysraýyla patyşa bellenýär (1—13)

      • Ýehuw Ýehoramy we Ahazýany öldürýär (14—29)

      • Itlere şam bolan Izabel (30—37)

2 Patyşalar 9:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: pygamber ogluny.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 8:25, 28

2 Patyşalar 9:2

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:16, 17

2 Patyşalar 9:3

Parallel aýatlar

  • +2Tr 22:7

2 Patyşalar 9:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 3

2 Patyşalar 9:6

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:16

2 Patyşalar 9:7

Parallel aýatlar

  • +1Pa 18:4; 19:2; 21:15, 25; Luk 18:7

2 Patyşalar 9:8

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:20, 21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    11/2022, sah. 7

2 Patyşalar 9:9

Parallel aýatlar

  • +1Pa 15:28, 29
  • +1Pa 16:11, 12

2 Patyşalar 9:10

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:23
  • +2Pa 9:3

2 Patyşalar 9:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: kemakyl.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2022, sah. 4

2 Patyşalar 9:12

Parallel aýatlar

  • +2Pa 9:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2022, sah. 4

2 Patyşalar 9:13

Çykgytlar

  • *

    Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:7
  • +2Şm 15:10; 1Pa 1:34, 39

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2022, sah. 4

2 Patyşalar 9:14

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:16
  • +1Pa 19:15; 2Pa 8:15; 10:32
  • +2Pa 8:28

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 3

2 Patyşalar 9:15

Parallel aýatlar

  • +2Tr 22:6
  • +Ýuş 19:17, 18; 1Pa 21:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 3

2 Patyşalar 9:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 3, 4

2 Patyşalar 9:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ogly.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 4

2 Patyşalar 9:21

Parallel aýatlar

  • +2Pa 8:25, 29; 2Tr 22:7
  • +1Pa 21:1, 15

2 Patyşalar 9:22

Çykgytlar

  • *

    Ahlaksyzlyk we butparazlyk göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:31; 18:4; 19:2; 21:7
  • +3Ms 20:6; 5Ms 18:10; 1Pa 18:19

2 Patyşalar 9:25

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:19
  • +1Pa 21:29

2 Patyşalar 9:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:8, 10; Zb 9:12; 72:14
  • +1Ms 9:5; 3Ms 24:17
  • +1Pa 21:24

2 Patyşalar 9:27

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: bag öýüniň.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 8:29; 2Tr 22:7
  • +Ýuş 17:11

2 Patyşalar 9:28

Parallel aýatlar

  • +2Şm 5:7

2 Patyşalar 9:29

Parallel aýatlar

  • +2Pa 8:24; 2Tr 22:2

2 Patyşalar 9:30

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: gözüni boýap.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:1
  • +1Pa 16:31; 21:25

2 Patyşalar 9:31

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:15—19

2 Patyşalar 9:32

Parallel aýatlar

  • +2Ms 32:26; Zb 94:16

2 Patyşalar 9:34

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:31

2 Patyşalar 9:35

Parallel aýatlar

  • +2Pa 9:10

2 Patyşalar 9:36

Parallel aýatlar

  • +Işa 55:10, 11
  • +1Pa 21:23

Umumy salgylar

2 Pat. 9:12Pa 8:25, 28
2 Pat. 9:21Pa 19:16, 17
2 Pat. 9:32Tr 22:7
2 Pat. 9:61Pa 19:16
2 Pat. 9:71Pa 18:4; 19:2; 21:15, 25; Luk 18:7
2 Pat. 9:81Pa 21:20, 21
2 Pat. 9:91Pa 15:28, 29
2 Pat. 9:91Pa 16:11, 12
2 Pat. 9:101Pa 21:23
2 Pat. 9:102Pa 9:3
2 Pat. 9:122Pa 9:6
2 Pat. 9:13Mat 21:7
2 Pat. 9:132Şm 15:10; 1Pa 1:34, 39
2 Pat. 9:141Pa 19:16
2 Pat. 9:141Pa 19:15; 2Pa 8:15; 10:32
2 Pat. 9:142Pa 8:28
2 Pat. 9:152Tr 22:6
2 Pat. 9:15Ýuş 19:17, 18; 1Pa 21:1
2 Pat. 9:212Pa 8:25, 29; 2Tr 22:7
2 Pat. 9:211Pa 21:1, 15
2 Pat. 9:221Pa 16:31; 18:4; 19:2; 21:7
2 Pat. 9:223Ms 20:6; 5Ms 18:10; 1Pa 18:19
2 Pat. 9:251Pa 21:19
2 Pat. 9:251Pa 21:29
2 Pat. 9:261Ms 4:8, 10; Zb 9:12; 72:14
2 Pat. 9:261Ms 9:5; 3Ms 24:17
2 Pat. 9:261Pa 21:24
2 Pat. 9:272Pa 8:29; 2Tr 22:7
2 Pat. 9:27Ýuş 17:11
2 Pat. 9:282Şm 5:7
2 Pat. 9:292Pa 8:24; 2Tr 22:2
2 Pat. 9:301Pa 21:1
2 Pat. 9:301Pa 16:31; 21:25
2 Pat. 9:311Pa 16:15—19
2 Pat. 9:322Ms 32:26; Zb 94:16
2 Pat. 9:341Pa 16:31
2 Pat. 9:352Pa 9:10
2 Pat. 9:36Işa 55:10, 11
2 Pat. 9:361Pa 21:23
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 9:1—37

Ikinji Patyşalar

9 Soňra Alyşa bir pygamberi* çagyryp: «Biliňi berk guşap, eliňe ýagly gaby al⁠-⁠da, haýal etmän Ramot⁠-⁠gileada+ git. 2 Baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuwy+ tap. Ol ýoldaşlary bilen oturandyr. Ýehuwy öýe salyp, 3 başyna ýag guý⁠-⁠da: „Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belleýärin“+ diý. Soňam gapyny aç⁠-⁠da, yzyňa garaman gaç» diýdi.

4 Alyşanyň hyzmatkäri Ramot⁠-⁠gileada ýola düşdi. 5 Hyzmatkär baranda, goşun serkerdeleri üýşüp oturan eken. Şonda ol: «Eý serkerdäm, saňa aýtmaly zadym bar!» diýdi. Ýehuw: «Haýsymyza?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Saňa, serkerdäm!» diýdi. 6 Ýehuw turup, öýe girdi. Hyzmatkär Ýehuwyň başyna ýag guýup: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ýehowanyň halky ysraýyla patyşa belleýärin+. 7 Hojaýynyň Ahabyň tutuş maşgalasyny ýok et. Men Izabeliň elinden ölen pygamberlerimiň, Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň gany üçin ar alaryn+. 8 Ahabyň tutuş maşgalasyny gyraryn, ähli erkek göbeklisini, hatda ejiz we gowşak adamlaryny hem Ysraýyldan ýok ederin+. 9 Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly, Ahabyň maşgalasyny hem bütinleý ýok ederin+. 10 Izabeli bolsa Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+, ony hiç kim jaýlamaz“» diýdi. Soňra hyzmatkär gapyny açdy⁠-⁠da, gaçyp gitdi+.

11 Ýehuw daşaryk çykyp, serkerde ýoldaşlarynyň ýanyna bardy. Olar: «Eýgilikmi? Ol aňkasy aşan* näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehuw: «Aý, oňa özüňiz beletsiňiz⁠-⁠le, näme gepi bolar öýdýäňiz» diýdi. 12 Emma olar: «Beýdip durma⁠-⁠da, göniňden gel!» diýdiler. Ýehuw: «Ol maňa pylan⁠-⁠pylan diýdi. Soňam Ýehowanyň meni Ysraýyla patyşa belländigini aýtdy»+ diýdi. 13 Olar dessine donlaryny çykaryp, basgançaga, Ýehuwyň aýagynyň aşagyna düşediler⁠-⁠de+, surnaý* çalyp: «Ýehuw patyşa boldy!»+ diýip gygyrdylar. 14 Şondan soň Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuw+ Ýehorama garşy dildüwşük gurady.

Ýehoram patyşa Ysraýyl goşuny bilen Ramot⁠-⁠gileadda+ halky Siriýa patyşasy Hazaýylyň+ hüjüminden gorapdy. 15 Emma Ýehoram Ýizregele+ dolandy, ol Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşde alan ýaralaryny bejertmäge gaýdypdy.

Ýehuw ýanyndakylara: «Meniň tarapymda bolsaňyz, şäherden ýekeje adamy hem çykaraýmaň. Ýizregele hiç hili habar ýetmesin» diýdi. 16 Soňra Ýehuw arabasyna münüp, Ýizregele gitdi. Sebäbi Ýehoram söweşde ýaralanyp, Ýizregele barypdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýehoramyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramaga gelipdi. 17 Ýizregelde diňde duran garawul Ýehuwyň birgiden adam bilen gelýänini görüp: «Birgiden adam gelýär!» diýip gygyrdy. Ýehoram: «Bir çapar iberiň. „Eýgilikmi?“ diýip sorasyn» diýdi. 18 Çapar gidip, olaryň öňünden çykdy⁠-⁠da: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi.

Garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok» diýip habar berdi. 19 Şonda Ýehoram ýene bir çapar ýollady. Ol baryp: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Emma Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi.

20 Soňra garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok. Olaryň serkerdesiniň araba sürşi Nimşiniň agtygy* Ýehuwa meňzeýär, guduzlan ýaly sürüp gelýär» diýip habar berdi. 21 Şonda Ýehoram: «Hany, arabamy taýynlaň!» diýdi. Olar hem söweş arabasyny taýynlap berdiler. Ysraýyl patyşasy Ýehoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa+ hersi öz söweş arabasyna münüp, Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabotyň melleginde+ Ýehuw bilen gabatlaşdylar.

22 Ýehoram Ýehuwdan: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip sorady. Ol hem: «Ejeň Izabel+ bihaýalyk*, jadygöýlik edip ýörkä+, eýgilik näme işlesin?!» diýdi. 23 Ýehoram şol bada arabasyny yzyna öwrüp: «Ahazýa, duzaga düşdük!» diýip gygyrdy⁠-⁠da, gaçmak bilen boldy. 24 Ýehuw bolsa ýaýyny alyp, Ýehoramyň arkasyndan atdy. Peýkam Ýehoramyň ýüreginden geçdi, ol söweş arabasynda jan berdi. 25 Ýehuw nökeri Bedkere: «Bar, ony ýizregelli Nabotyň mellegine taşla+. Ýadyňa düşýän bolsa, ikimiz arabaly kakasy Ahabyň yzyna düşüp barýarkak, Ýehowa hökümini yglan edip+: 26 „Ýehowa şeýle diýýär: „Düýn Nabotyň we ogullarynyň ganyny gördüm+. — Ýehowa yglan edýär — indi şol mellekde senden ar alaryn“+ diýipdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ony mellege taşla»+ diýdi.

27 Ýahuda patyşasy Ahazýa+ muny görüp, baglygyň* içi bilen gaçyp gitdi. Biraz wagtdan Ýehuw: «Ony hem öldüriň!» diýip, yzyndan kowalady. Ahazýa söweş arabasynda Iblegamyň+ golaýyndaky Gura tarap barýarka, esgerler ony ýaraladylar. Emma ol gaçyp, Megiddoda öldi. 28 Hyzmatkärleri jesedini arabada Iýerusalime äkidip, Dawudyň şäherinde+, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda, öz mazarynda jaýladylar. 29 Ahazýa+ Ahabyň ogly Ýehoramyň hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylynda Ýahudanyň patyşasy bolupdy.

30 Soňra Ýehuw Ýizregele+ bardy. Muny eşiden Izabel+ gözüne sürme çalyp*, saçyna timar berdi⁠-⁠de, penjireden seretdi. 31 Ýehuw derwezeden giren badyna, Izabel: «Hökümdaryny öldüren Zimriniň ýagdaýlary neneň?»+ diýip sorady. 32 Ýehuw ýokaryk seredip: «Kim meniň tarapymda?»+ diýip gygyrdy. Şonda köşk emeldarlarynyň iki⁠-⁠üç sanysy penjireden seretdi. 33 Ýehuw: «Izabeli aşak zyňyň!» diýdi. Olar Izabeli aşak zyňdylar. Izabeliň gany diwara we atlara syçrap gitdi. Ýehuw bolsa arabasy bilen üstünden sürüp geçdi. 34 Soňra ol içerik girip, iýip içdi⁠-⁠de: «Baryň, ol nälet siňen heleýi äkidip jaýlaň. Her niçik⁠-⁠de bolsa, ol şa gyzy»+ diýdi. 35 Izabeli jaýlajak bolup, jesedini almaga barsalar, kelleçanagy bilen el⁠-⁠aýagyndan başga zat galmandyr+. 36 Olar gelip, muny Ýehuwa habar berdiler. Şonda ol: «Ýehowanyň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolupdyr⁠-⁠da!+ Ol: „Izabeli Ýizregeldäki bir meýdançada itler iýer+. 37 Jesedi Ýizregeliň ekin meýdanlaryna dökün bolar. Hiç kim onuň Izabeldigini hem tanamaz“ diýipdi» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş