Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi
ÝEHUW hakyky sežde üçin göreşipdi. Ol Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin özüni gaýratly, janypkeş, gaýduwsyz, yhlasly hem batyrgaý alyp bardy. Biz hem Ýehuwyň häsiýetlerinden görelde alsak, gowy bolar.
Ýehowa Ýehuwy bellän mahaly, Ysraýyl halky gözgyny ýagdaýdady. Ahabyň dul aýaly we Ýoram patyşanyň ejesi Izebel tutuş ýurdy azdyrýardy. Ol Ýehowa sežde etmegiň deregine, Baal taňrysyna seždäni ýaýradypdy, Hudaýyň pygamberlerini öldürdýärdi we halky «zynahorlygy» hem «jadygöýligi» bilen azdyrypdy (2 Pat. 9:22; 1 Pat. 18:4, 13). Ýehowa Ahabyň tutuş öýüni, şol sanda Ýoramy we Izebeli hem ýok etmek barada höküm çykardy. Ýehuw şol hökümi ýerine ýetirmelidi.
Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehuw goşun serkerdeleri bilen otyrdy. Şol wagt ysraýyllylar siriýalylara garşy Ramot-gileatda söweşýärdiler. Ýehuw uly serkerdeleriň biridi, hatda Ysraýyl goşunynyň başy bolan bolmaly. Elişa pygamber ogullarynyň birini iberip, Ýehuwy patyşa belleýär we imandan dänen Ahabyň öýündäki ähli erkek göbeklini öldürmegi tabşyrýar (2 Pat. 8:28; 9:1—10).
Ýehuwyň serkerde ýoldaşlary çaparyň näme üçin gelendigini soranlarynda, başda aýdasy gelmeýär. Soňra ol ýoldaşlaryna dogrusyny aýdýar. Olar bilelikde Ýoram patyşa garşy dil düwüşýärler (2 Pat. 9:11—14). Megerem, olar patyşanyň alyp barýan syýasatyna we Izebeliň täsirine nägilelik bildirip, gaharlanan bolmaly. Şeýlelikde, Ýehuw tabşyrylan işi bitirmek üçin ymykly pikirlenýär.
Ýoram patyşa söweşde ýaralanýar, şol sebäpli Izreýel şäherine gaýdyp, biraz sagalmak isleýärdi. Ýehuw niýetiniň amala aşmagy üçin Izreýele hiç bir habaryň ýetmeli däldigine düşünýärdi. Ol: «Hiç kim şäherden gaçyp, Izreýele habar beräýmesin» diýýär (2 Pat. 9:14, 15). Belki, ol Ýoramyň wepaly esgerleri oňa garşylyk görkezer öýdendir. Ýehuw şeýle garşylygyň öňüni almak isleýärdi.
GAHAR-GAZAPLY GELÝÄR!
Duýdansyz barmak üçin Ýehuw Ramot-gileatdan Izreýele söweş arabaly gidýär. Iki şäheriň arasy 72 kilometr ýoldy. Ol golaýlaşyp barýarka, diňdäki garawul «Ýehuwyň bir topar nökerini» görýär (2 Pat. 9:17). Ýehuw maksadyna ýetmek üçin ýanyna ep-esli adam alan bolmaly.
Söweş arabalaryň birinde batyrgaý Ýehuw oturandyr öýdüp, garawul: «Ol gaty howlugyp gelýär!» diýýär (2 Pat. 9:20). Ýehuw arabany hemişe şeýle sürýän bolsa-da, häzir ol gahar-gazap bilen gelýärdi.
Ýehuw iberilen iki çapara-da hiç zat aýtmaýar. Şonda Ýoram patyşa we onuň ýarany Ýahudanyň patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda onuň öňünden çykýar. Ýoram: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip, soran badyna, Ýehuw oňa: «Ejeň Izebel zynahorlyk hem jadygöýlik edip ýörkä, eýgilik neýlesin?» diýýär. Şeýle geň jogaby eşidip, Ýoram gaçmak bilen bolýar. Ýöne Ýehuw ony sypdyrmady! Ýaýyny çykaryp, Ýoramyň ýüregine bir ok atýar welin, patyşa söweş arabasynda ýykylyp ölýär. Ahazýa gaçyp bilse-de, Ýehuw onuň yzyndan ýetip hem öldürýär (2 Pat. 9:22—24, 27).
Ahabyň öýünden indi Izebeli ýok etmelidi. Ýehuw oňa «lagnatly» diýip, dogry aýdýar. Ol Izreýele golaýlaşyp gelýärkä, Izebel köşgüň aýnasyndan seredip durdy.Ehuw haýal-ýagallyk etmän, köşk emeldarlaryna Izebeli aýnadan aşak zyňmagy buýurýar. Soňra Ýehuwyň atlary tutuş Ysraýyly azdyran bu aýaly depeläp öldürýär. Ýehuw zalym Ahabyň öýüniň başga-da onlarça agzasyny ýok edýär (2 Pat. 9:30—34; 10:1—14).
Şeýle gandöküşiklik barada okamak ýaramasa-da, biz şol wagtlar Ýehowanyň çykaran hökümini gullukçylary arkaly ýerine ýetirendigine düşünmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip, onuň öldürilmegi Hudaýdandy. Ahazýa ol ýere baranda, Ýoram bilen Nimşiniň agtygy Ýehuwyň öňünden çykýarlar. Hudaý Ýehuwy Ahabyň öýüni ýok etmek üçin belläpdi» diýilýär (2 Tar. 22:7). Ýehuw Ýoramyň jesedini arabadan zyňmak bilen Naboty öldüren Ahapdan ar alynjagy barada Ýehowanyň wadasyny ýerine ýetirdi. Onsoňam, Izebeliň elinden ölen «Hudaýyň gullukçylarynyň aryny almak» Ýehuwa tabşyrylypdy (2 Pat. 9:7, 25, 26; 1 Pat. 21:17—19).
Şu günler Hudaýyň gullukçylary hakyky seždäniň duşmanlaryna garşy zorluk ýa güýç ulanmaýarlar. Sebäbi Hudaý: «Öç Meniňkidir» diýýär (Ýew. 10:30). Ýöne ýygnagy azgyn adamlardan goramak üçin mesihçi ýaşulular Ýehuwyňky ýaly batyrgaý hereket etmeli bolýarlar (1 Kor. 5:9—13). Ýygnagyň ähli agzalary hem gatnaşykdan kesilen adam bilen gepleşmezligi ýüregine berk düwmeli (2 Ýahýa 9—11).
ÝEHUW ÝEHOWA BOLAN YHLASYNY GÖRKEZDI
Ýehuwyň berlen işi ýerine ýetirmeginiň sebäbi, wepaly Ýonadaba: «Ýör, meniň bilen git-de, Ýehowa yhlasymy gör» diýen sözlerinden aýdyň görünýär. Ýonadap çakylygy kabul edip, Ýehuwyň söweş arabasyna böküp münýär-de, onuň bilen Samariýa gidýär. Ýehuw şol ýerde «Baala sežde edýän adamlary» ýok etmek üçin mekirlige ýüz urýar. Ýehuw Baal taňrysyna «uly gurbanlyk» bermek isleýändigini aýdýar (2 Pat. 10:15—17, 19).
Bir alymyň aýtmagyna görä, «Ýehuw bärde kesä çekilen söz aýdýar» (2 Pat. 10:18, 19). Bu söz «esasan, gurbanlyk diýmegi aňlatsa-da, onuň imandan dänenleri öldürmek» diýen manysy hem bar. Baala sežde edýänleriň biri hem şol baýramçylygy sypdyrmaz ýaly, Ýehuw olary Baalyň ybadathanasyna ýygnap, olara üýtgeşik eşik geýdirýär. Ýakma gurbany berlen badyna, Ýehuw 80 esgeri bilen Baala sežde edýän adamlary öldürýär. Soňra ol Baalyň ybadathanasyny ýykyp, şol ýerde hiç kim sežde etmez ýaly, täret edilýän ýere öwürýär (2 Pat. 10:20—27).
Dogry, Ýehuw köp gan dökdi. Emma Mukaddes Ýazgylar ony ysraýyl halkyny Izebelden we onuň maşgalasyndan azat eden batyrgaý adam hökmünde suratlandyrýar. Şeýle işi amala aşyrmak üçin Ysraýyla ýolbaşçylyk edýän adam batyrgaý, dogumly hem yhlasly bolmalydy. Mukaddes Ýazgylar boýunça bir sözlükde: «Bu kyn işdi, şonda-da gaýduwsyz hem doly ýerine ýetirildi. Eger gaýduwsyz hereket edilmedik bolsa, Ysraýylda Baala bolan seždäniň soňuna çykyp bolmazdy» diýilýär.
Şu günler hem mesihçilere käbir ýagdaýlarda Ýehuwyňky ýaly häsiýetleriň gerekdigine düşünýänsiň. Aýdaly, bizi Ýehowanyň ýazgarýan zadyny etmäge itekleseler, näme ederis? Haýal-ýagallyk etmän, batyrgaý hem dogumly ondan ýüz öwürmeli. Sežde meselesinde, biz diňe Ýehowa wepaly bolmaly.
ÝEHOWANYŇ KANUNLARYNY BERJAÝ ETMÄGE ÇALŞYŇ
Bu wakanyň soňunda Ýehuwyň «Beýtelde we Danda ýerleşen altyn gölelere sežde etmegini goýmandygy» aýdylýar (2 Pat. 10:29). Arassa seždä yhlasly ýapyşan adam nädip butparazlyga göz ýumup bildikä?
Megerem, Ýehuw Ysraýyl patyşalygynyň Ýahudadan garaşsyz bolmagy üçin iki patyşalyk dini taýdan aýry bolmalydyr öýdendir. Ol Ysraýylyň öňki patyşalary ýaly, gölä seždäni goldap, garaşsyzlygyny saklajak bolandyr. Emma Ýehuw beýle etmek bilen, ony patyşa edip bellän Ýehowa imanynyň gowşakdygyny görkezdi.
Ýehowa Ýehuwy «Hudaýyň öňünde dogry zady gyşarnyksyz edeni üçin» öwdi. Şonda-da Ýehuw Ysraýylyň Hudaýy Ýehowanyň kanunlaryny bütin ýüregi bilen berjaý etmäge çalyşmady (2 Pat. 10:30, 31). Ýehuwyň eden batyrgaý işlerini ýatlap, sen muňa geň galýan we gynanýan bolsaň gerek. Hawa, biz mundan sapak edinip bileris. Biz Ýehowa bilen dostlugymyza hiç haçan ýüzleý garamaly däl. Biz her gün Hudaýyň Sözüni okap, onuň üstünde oýlanyp, göklerdäki Atamyza ýürekden doga edip, Ýehowa hemişe wepaly bolmaly. Geliň, Ýehowanyň kanunlaryny ýürekden berjaý etmek üçin güýjümizi gaýgyrmalyň (1 Kor. 10:12).
[4-nji sahypadaky çarçuwa]
Ýehuw dünýewi taryhda
Tankytçylar Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň hakykatdan ýaşandygyna köplenç şübhelenýärler. Eýsem Mukaddes Ýazgylardan başga ýerlerde Ýehuw barada aýdylýarmyka?
Gadymy Assiriýanyň golýazmalarynyň azyndan üçüsinde Ysraýyl patyşasy Ýehuwyň ady tutulýar. Olaryň birinde Ýehuwyň ýa-da onuň wekiliniň Assiriýanyň patyşasy Salmanassar III öňünde dyza çöküp, salgydyny berýär. Ýanynda bolsa şeýle ýazgy bar: «Omriniň (Hu-um-ri) ogly Ýehuwyň (Ia-ý-a) getiren salgydyny; Men ondan kümüş, altyn, altyn saply-gaby, inçeden-uzyn altyn küýze, altyn bulgur, altyn bedre, galaýy, patyşa üçin altyn hasa, (we) agaç puruhtu (bu sözüň manysy belli däl) kabul etdim». Ýehuw aslynda «Omriniň ogly» däldi, ýöne bu söz onuň Ysraýylyň mirasdüşer patyşasydygyny görkezýär. Sebäbi Omriniň abraýy uludy we ol Ysraýylyň paýtagty Samariýany gurupdy.
Assiriýa patyşasynyň Ýehuwdan salgyt alandygy hakyndaky ýazgylaryň dogrulygyny anyklap bolmaýar. Şeýle-de bolsa, ol Ýehuwyň adyny Salmanassaryň heýkelinde we Assiriýanyň köşk ýazgylarynda jemi üç sapar agzap geçýär. Şu deliller Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Ýehuwyň taryhda hakykatdanam bolandygyna asla şübhe goýmaýar.