Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 49 sah. 118—sah. 119 abz. 2
  • Şa aýaly öldürilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şa aýaly öldürilýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Izebel — zalym aýal patyşa
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Häzir aýgytly bolmagyň wagty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 49 sah. 118—sah. 119 abz. 2
Hyzmatkärleri Izabeli penjireden zyňýar

49-NJY SAPAK

Şa aýaly öldürilýär

Ahabyň Ýizregel şäherinde köşgi bardy. Bir gün ol köşgüniň penjiresinden seredip durdy. Şonda ol Nabotyň üzümligini görýär. Ahabyň üzümligi alasy gelýärdi. Şonuň üçin Nabota: «Ony maňa sataý» diýýär. Ýöne Nabot ony satmaýar. Ol Ýehowanyň kanunyny bozmak islemeýärdi. Ýehowa miras berlen ýeri satmaň diýipdi. Ýöne Ahap näme etdi? Üzümligi alyp bilmändigi üçin onuň Nabota gahary geldi. Ol gynanyp, hiç zat iýmedi. Otagyndan hem çykmady.

Ahabyň aýaly Izabel erbetdi. Ol: «Ahap, sen Ysraýylyň patyşasy, islän zadyňy alyp bilýärsiň. Men saňa şol ýeri alyp bererin» diýýär. Soňra Izabel şäheriň ýaşulularyna hat ýazýar. Hatynda: «Nabot Hudaýa dil ýetirdi diýip töhmet atyň. Soň ony daşlap öldüriň» diýýär. Ýaşulular Izabeliň aýdyşy ýaly etdiler. Soňra Izabel Ahaba: «Nabot öldi, indi üzümçilik seniňki» diýýär.

Izabel diňe Naboty däl, başga-da köp gowy adamlary öldürdi. Onuň öldüren adamlary Ýehowany gowy görýärdi. Izabel butlara sežde edýärdi we erbet işleri edýärdi. Ýehowa onuň edýän işlerini görüp durdy. Ýehowa oňa nähili temmi berer?

Ahap ölensoň, ogly patyşa bolýar. Onuň ady Ýehoram. Ýehowa Izabeli we onuň maşgalasyny ýok etjek bolýar. Şonuň üçin hem Ýehuwy olaryň ýanyna iberýär.

Ýehuw arabasyna münüp, Ýizregele gidýär. Ol ýerde Izabel ýaşaýardy. Ýehoram hem arabasyna münüp Ýehuwyň öňünden çykýar. Ol Ýehuwa: «Gowuçylykmy?» diýýär. Ýehuw: «Ejeň erbet işleri edip ýörkä, gowuçylyk bolarmy» diýýär. Ýehoram yzyna öwrülip, gaçyp gitjek bolýar. Ýehuw ýaýyny çykaryp, ony atyp öldürýär.

Ýehuw Izabeli aşak zyňmagy buýurýar

Soňra Ýehuw Izabeliň köşgüne gidýär. Izabel onuň gelýänini eşidýär. Ol boýanyp, saçyny daraýar. Penjireden seredip, garaşyp durýar. Ýehuw derwezeden girýär. Izabel onuň bilen gödek gepleşýär. Ýehuw Izabeliň hyzmatkärlerine: «Ony aşak zyňyň!» diýip gygyrýar. Olar Izabeli aşak zyňýar, ol hem ölýär.

Şondan soň Ýehuw Ahabyň 70 ogluny öldürýär. Ýurtdaky Bagal butlaryny aýyrýar. Sen Ýehowanyň ähli zady görýändigini bilýäňmi? Wagty gelende erbet iş edýän adamlary ýok etjekdigine ynanýaňmy?

«Açgözlük bilen toplanan baýlyk bereketli bolmaz» (Nakyllar 20:21).

Soraglar: Izabel Nabotyň üzümligini almak üçin näme etdi? Ýehowa Izabeli näme üçin öldürdi?

1 Patyşalar 21:1—29; 2 Patyşalar 9:1—10:30

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş