Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 66
  • Izebel — zalym aýal patyşa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Izebel — zalym aýal patyşa
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Şa aýaly öldürilýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Häzir aýgytly bolmagyň wagty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • «Ahabyň tutuş maşgalasyny gyraryn» (2Pa 9:8)
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 66

66-NJY HEKAÝA

Izebel — zalym aýal patyşa

ÝEROBOAM patyşa ölenden soň, on taýpaly Ysraýyl patyşalygyny diňe zalym patyşalar dolandyrýar. Olaryň iň zalymy Ahap patyşady. Sebäbini bilýäňmi? Birinjiden, ol Izebel diýen zalym aýala öýlenipdi.

Izebel Ysraýyl halkyndan däldi. Onuň kakasy Saýdanyň patyşasydy. Izebel Baal atly ýalan taňra sežde edýärdi. Ýöne ol Ahaby we ysraýyllylary-da Baala sežde etdirýärdi. Izebel Ýehowany ýigrenýärdi, şonuň üçinem onuň köp pygamberlerini öldürdi. Galan pygamberler bolsa, gowaklarda gizlenmeli boldy. Izebel maksadyna ýetmek üçin, adam öldürmekden hem gaýtmaýardy.

Bir gezek Ahabyň keýpi ýokdy. Izebel ondan: «Sen näme üçin bu gün gamgyn görünýäň?» diýip sorady.

Ahap:

— Nabotyň aýdan sözi üçin, men onuň üzümligini satyn aljakdym. Emma ol etmedi — diýip nägilelik bildirdi.

Izebel:

— Gaýgy etme. Sen ony alarsyň — diýip köşeşdirýär.

Izebel Nabotyň ýaşaýan şäheriniň käbir ýaşulularyna hat iberýär. Ol: «Goý, birnäçe ýaramaz adam: «Nabot Hudaýa gargady» diýip, töhmet atsyn. Soňra ony şäherden çykaryp, daşlap öldüriň» diýip buýurýar.

Izebel Nabotyň ölenini eşiden badyna, Ahaba: «Tizräk git-de, üzümligi al» diýip, habar berýär. Izebel eden jenaýaty üçin jezalandyrylmaly dälmi näme?

Ynha, birnäçe wagt geçensoň, Ýehowa Ýehuw atly adamy iberýär. Ýehuwyň gelýänini eşidip, Izebel gözüne sürme çalyp bezenýär. Ýöne Ýehuw ony äpişgede görende: «Ony aşak zyňyň!» diýip, köşkdäki adamlara gygyrýar. Suratda görşüň ýaly, olar buýrugy ýerine ýetirýärler. Olar Izebeli aşak zyňýar. Ol ölýär. Ine, zalym aýal patyşa Izebeliň ölümi şeýle boldy.

1 Patyşalar 16:29—33; 18:1—4; 21:1—16; 2 Patyşalar 9:30—37.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş