Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 48 sah. 116—sah. 117 abz. 2
  • Dul aýalyň ogly direlýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dul aýalyň ogly direlýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ýehowa Ylýasa güýç berdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 48 sah. 116—sah. 117 abz. 2
Ylýas odun çöpläp ýören aýaly çagyrýar

48-NJI SAPAK

Dul aýalyň ogly direlýär

Unly we ýagly küýze

Gurakçylyk henizem dowam edýärdi. Ýehowa Ylýasa: «Sarepta şäherine git. Ol ýerde bir dul aýal saňa nahar berer» diýdi. Ylýas şäheriň derwezesinden girdi. Ol ýerde odun çöpläp ýören aýaly gördi. Onuň äri aradan çykypdy. Ylýas aýaldan bir käse suw soraýar. Aýal suw almaga gidýär. Ylýas onuň yzyndan: «El ýaly çörek hem alyp gaýdaý» diýip gygyrýar. Aýal: «Çöregim ýok, azajyk un bilen ýag bar. Olam oglum ikimize bir gezek iýmäge ýetýär» diýýär. Ylýas: «Galanja unuňdan maňa çörek bişirip ber. Şonda ýagyş ýagýança unuň bilen ýagyň gutarmaz. Ýehowa aladaňy etjekdigini söz berýär» diýýär.

Dul aýal öýüne gidýär. Ol Ýehowanyň pygamberine çörek bişirip getirýär. Ýehowanyň aýdyşy ýaly hem bolýar. Onuň uny we ýagy ýagyş ýagýança gutarmaýar. Küýzesindäki ýag hem, un hem azalmaýar.

Bir gün dul aýalyň ogly keselläp ölýär. Ol Ylýas pygamberiň ýanyna kömek sorap barýar. Ylýas pygamber oglanjygy göterip, ýokarky otaga çykarýar. Ony düşeginde ýatyrýar. Ylýas: «Ýehowa haýyş, oglanjygy direlt!» diýip doga edýär. Ylýasyň dilegi üýtgeşikdi. Şol güne çenli ölen adam direlmändi. Onsoňam, dul aýal bilen ogly ysraýyl halkyndan däldi.

Ylýas dileg edensoň, oglanjyk direlýär. Ol dem alyp başlaýar. Ylýas aýala: «Seret, ogluň direldi!» diýýär. Aýal begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýar. Ol Ylýasa: «Sen, dogrudanam, Hudaýyň pygamberi. Ýehowanyň sözlerini aýdýan ekeniň» diýýär.

Ylýas dul aýalyň ogluny direldýär

«Gargalara serediň: olar ne ekýärler, ne-de ammara iýmit ýygnaýarlar. Emma şonda-da Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan has gymmatly dälmi?» (Luka 12:24).

Soraglar: Sareptaly aýal näme etdi we näme üçin? Ylýasyň pygamberdigini näme subut edýär?

1 Patyşalar 17:8—24; Luka 4:25, 26

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş