Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr22 Mart sah. 1—8
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
  • Sözbaşylar
  • 7—13 MART
  • 14—20 MART
  • 21—27 MART
  • 28 MART—3 APREL
  • 4—10 APREL
  • 18—24 APREL
  • 25 APREL—1 MAÝ
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
mwbr22 Mart sah. 1—8

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

7—13 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 12, 13

«Tekepbir adam masgara bolýar»

w00 1/8 sah. 13, abz. 17

Tekepbir adam masgara bolýar

17 Ysraýyllara howp abanýardy, gorkudan ýaňa näme etjegini bilmän aljyraýardylar (1 Şamuwel 13:6, 7). Şawul patyşa derrew karara gelmeli bolýar. Onuň gelen karary dogry ýaly bolup görünýärdi. Elbetde, adam çykgynsyz ýagdaýda derrew karara gelmeli bolýar. Mukaddes Kitapda Şawulyň näme niýet bilen şeýle karara gelendigi açyk aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa adamyň ýüregini görýär (1 Şamuwel 16:7). Ol patyşanyň diňe bir sabyrsyzdygyny däl, tekepbirdigini hem gören bolmaly. Belki-de, Şawulyň gahary gelip: «Men patyşa bolubam garry pygambere garaşmalymy?!» diýendir. Nähili bolaýanda-da, Şawul patyşa pygamberiň gijä galanyny bahana edip, berlen görkezmä eýermedi we meseläni özüçe çözdi. Emma Şamuwel pygamber patyşanyň edenini halamady. Ol Şawuly ýazgaryp: «Indi patyşalygyň uzak durmaz... sebäbi sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmadyň» diýdi (1 Şamuwel 13:13, 14). Dogrudan-da, tekepbir adam masgara bolýar.

w07 15/6 sah. 27, abz. 8

Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär

8 Mukaddes Ýazgylarda Saul patyşanyň mysaly gulak asmaklygyň wajypdygyny görkezýär. Saul patyşa ilki höküm sürüp başlanda pesgöwünlidi, «ol öz gözünde kiçidi». Soňra onuň gelýän kararyna tekepbirlik we ýalan sözlemeklik täsir edip başlaýar (1 Patyşalar 10:21, 22; 15:17). Bir sapar Saul filistimlilere garşy söweşýär. Şonda Samuil pygamber gelip, özüniň gurban we görkezme bermegine garaşmalydygyny Saula aýdýar. Emma Samuil pygamber Saulyň çak eden wagtynda gelmeýär we halk dargaşyp başlaýar. Muny görüp, Saulyň özi «bütinleý ýakylýan gurbanyny berýär». Bu Ýehowa ýaramaýar. Samuil pygamber gelende, onuň wagtynda gelmändigini bahanalap, patyşa özüni aklap başlaýar. Saul Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin bütinleý ýakylýan gurbany getirmegi «makul bilendigini» aýdýar. Saul patyşa Samuiliň gurban getirmegine we görkezmesine garaşmagyň deregine, gurban bermegi has wajyp saýýar. Samuil pygamber oňa: «Sen, akylsyzlyk etdiň; Hudaýyň Taňrynyň özüňe tabşyran tabşyryklaryny berjaý etmediň» diýýär. Saul Ýehowa gulak asmandygy sebäpli patyşalyk tagtyny ýitirýär (1 Patyşalar 10:8; 13:5—13, MKS).

Ruhy dürdäneler

w11 15/7 sah. 13, abz. 15

Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine eýerýärmiň?

15 Megerem, ysraýyllylar Ýehowa däl-de, ynsan patyşa bil baglamak has aňsat bolar öýdendirler. Olar şeýle pikir etseler, «dereksiz butlara» bil bagladygy bolardy. Sebäbi bir «dereksiz buta» eýerip, olar Şeýtanyň başga-da «dereksiz butlaryna» bil baglap başlardy. Meselem, ynsan patyşa olary butlara sežde etdirip bilerdi. Buta sežde edýän adamlar agaçdan ýa daşdan ýasalan taňrylary görüp hem elläp bilýändigi üçin bil baglaýarlar. Olar ähli zady ýaradan, göze görünmeýän Ýehowa Hudaýa bolsa, bil baglamaýar. Ýöne Pawlus resul şol butlaryň «hiçdigini» aýtdy (1 Kor. 8:4). Butlar görenogam, eşidenogam, geplänogam, başga-da zatlary edip hem bilenok. Butlary görüp ýa elläp bilýändigimiz üçin sežde etmek akylsyzlykdyr. Butlar hiç kime kömek edip bilmeýär. Olar «hiç bir derde ýaramaýar» we «olara bil baglaýanlaryň ählisi olaryň özi ýaly bolar» (Zeb. 115:4—8).

14—20 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 14, 15

«Hudaýa gulak asmak gurbanlyk bermekden wajypdyr»

w07 15/6 sah. 26, abz. 4

Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär

4 Ýehowa Ýaradyjy bolany üçin biziň bar emlägimiz onuňky. Eger şeýle bolsa, onda biz oňa nämedir bir zat berip bilerismi? Elbetde, berip bileris. Ol örän gymmatly zat. Ol nähili zat? Bu soragyň jogabyny: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen sözlerden tapyp bilýäris (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Hudaýa gulak asmaklyk — biziň berip biljek zadymyz. Her birimiziň ýagdaýymyz we gelip çykyşymyz tapawutlansa-da, Şeýtan Iblisiň adam synaga uçrasa Hudaýa wepaly galmaz diýen töhmetine jogap berip bileris. Bu biziň üçin uly hormat!

it «Gulak asmak»

Gulak asmak

Hudaýa gulak asmasaň, ony razy edip bolmaýar. Şamuwel pygamber Şawul patyşa şeýle diýdi: «Ýehowa nämäni has gowy görýändir öýdýäň: ýakma gurbanlyk bilen sadakalarymy ýa-da sözüne gulak asmagy? Ýehowa gulak asmak ähli gurbanlykdan gowudyr, Hudaýa tabyn bolmak goçlaryň ýagyndan gowudyr» (1Şm 15:22). Ýehowa gulak asmaýan adam oňa bil baglamaýar we maslahatlarynyň peýdalydygyna ynanmaýar. Hudaýa gulak asmaýan adam jadygöýlik we butparazlyk edýän günäkär ýalydyr (1Şm 15:23; Rim 6:16-ny deňeşdiriň). Maslahaty kabul edibem, ony ýerine ýetirmeseň, gulak asdygyň bolmaýar. Şeýle-de maslahat berene şübhelenip, hormat goýmaýarsyň (Mat 21:28—32). Hudaýyň tabşyryklaryny bilsek we olaryň dogrudygy bilen razylaşsak, ýöne olara eýermesek, öz-özümizi aldaýandyrys (Ýak 1:22—25). Şonda Hudaý hem bereket bermeýär. Isa pygamber Hudaýy razy etmeýän ýa-da öz peýdasy üçin gulak asýan adamyň gökdäki Patyşalyga girip bilmejekdigini aýtdy (Mat 7:15—23).

Ruhy dürdäneler

w12 15/11 sah. 9, abz. 5

Rehimdarlyk

Hudaýyň islegine garşy gelýän ýagdaýlarda adamlaryň täsirine düşüp, rehimdarlyk bildirilse, munuň netijesi erbet bolup biler. Muny Saul patyşanyň mysalyndan görse bolýar. Ysraýyllylar Müsürden çykanlarynda, olaryň üstüne sebäpsiz ýere ilki bolup amalekliler çozupdy. Şonuň üçin Ýehowa amaleklilere höküm çykarýar we muny ýerine ýetirmegi Saul patyşa tabşyrýar. Şeýle-de Hudaý olara rehim etmeli däldigini aýdýar. Emma Saul gol astyndaky adamlaryň täsirine düşüp, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmeýär. Şonda Ýehowa ondan ýüz öwürýär (1 Sam. 15:2—24). Ýehowanyň adyl ýollaryna minnetdarlygyny ösdürýän we Oňa wepalylygyny saklaýan adam Saul ýaly günä edip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmaz.

21—27 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 16, 17

«Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr»

wp16.5 sah. 11, abz. 2, 3

«Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr»

Dawut Şawul patyşa ýolbars bilen aýyny öldürendigini gürrüň berdi we Jaluty hem ýeňip biljekdigini aýtdy. Dawut öwündimi? Ýok! Ol ýyrtyjy haýwanlary kimiň kömegi bilen öldürendigini aýtdy. Dawut şeýle diýdi: «Meni ýolbars bilen aýynyň penjesinden halas eden Ýehowa piliştliniň elindenem halas eder». Şawul patyşa: «Bolýar, bar, Ýehowa Hudaý ýaryň bolsun!» diýdi (1 Şamuwel 17:37).

Siz hem Dawut ýaly Hudaýa iman edýärsiňizmi? Üns beren bolsaňyz, Dawut Ýehowanyň kömegi bilen wagşy haýwanlary öldürendigini aýdýar. Ol Hudaýy tanaýardy we goldawyny köp görüpdi. Dawut Ýehowanyň Arkadag we sözünde tapylýan Hudaýdygyna göz ýetiripdi. Şol sebäpli ol boş arzuwlar etmeýärdi. Bizem Mukaddes Kitapdan Hudaýyň häsiýetlerini näçe köp bilsek, şonça-da imanymyz berkär, öwrenen zatlarymyza görä ýaşasak, Ýehowanyň kömegini göreris (Ýewreýler 11:1).

wp16.5 sah. 11, 12

«Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr»

Dawut Ýehowa berk iman edýärdi. Bizem ondan görelde almaly. Göz öňüne getiriň, ýaş ýigit gorkman äpet Jaluta: «Sen üstüme gylyçly, iki naýzaly gelýäň, men bolsa Serkerdebaşy Ýehowanyň ady bilen barýaryn. Sen Ysraýyl goşunynyň Hudaýyna dil ýetirdiň» diýýär. Dawut ýaraglanan batyr esgerleriň Hudaýy ýeňip bilmejekdigine düşünýärdi. Jalut Ýehowa dil ýetiripdi, Ýehowa-da hökman ar alar. Şol sebäpli Dawut: «Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr» diýdi (1 Şamuwel 17:45—47).

Dawut ýaragly Jalut pälwany görende gorkmady. Emma Şawul patyşa bilen esgerleri gorkudan ýaňa sandyraşyp durdular. Boýy 3 metre golaý Jalut beýleki esgerleriň ýanynda saýlanyp durdy. Ýöne Jalut älem-jahany ýaradan Ýehowanyň ýanynda aňsatlyk bilen öldürip bolýan garynja ýalydy.

wp16.5 sah. 12, abz. 4

«Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr»

Gadymy döwürde Hudaýyň halky duşmanlara garşy söweşmeli bolýardy. Emma biz asla söweşmeýäris (Matta 26:52). Biz şonda-da batyrgaý Dawutdan görelde almaly we diňe Ýehowadan gorkmaly, Oňa gulluk etmeli. Käte kynçylyklar biziň üçin dag ýaly bolup görünýär, emma Gudratygüýçli Ýehowa üçin olar kiçijik daş ýalydyr. Eger biz Dawut ýaly Ýehowa bil baglasak, ne kynçylykdan, ne-de duşmandan gorkarys. Gudratygüýçli Ýehowa ähli zatdan üstün çykar!

Ruhy dürdäneler

it «Şawul»

Şawul

Şamuwel pygamber amalek patyşasy Agagy öldürýär we Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip belleýär. Şondan soň Ýehowa Şawuldan ruhuny aýyrýar we ony «erbet pikirler bilen köseýär». Ýehowa Şawul patyşa «zalym ruhuň» täsir etmegine ýol berýär (1Şm 16:14, çykgyt). Şol ruh Şawulyň pikirine, duýgularyna erbet täsir edip, gününe goýmaýar. Ol biynjalyk bolup, janyna ýer tapmaýar. Şawulyň niýeti erbetdi, ýüregi garady, şonuň üçinem Ýehowa gulak asmaýar. Ýehowa Şawuldan elini çekip, erbet pikirlerden goramaýar. «Zalym ruh» Şawuly ynjalykdan gaçyranda, hyzmatkärleri oňa göwni giňär ýaly, ussat sazanda tapmagy maslahat berýärler. Şeýlelikde, Dawut köşk sazandasy bolýar we Şawul patyşa saz çalyp berýär (1Şm 16:15—23; 17:15).

28 MART—3 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 18, 19

«Hemişe pesgöwünli boluň»

w04 1/4 sah. 15, abz. 4

Durmuşyňyz üýtgände Ýehowa bil baglaň

4 Dawut köşk sazandasy bolup, patyşa hyzmat edýärdi. Ol Ysraýylyň batyr esgerleriniň söweşmäge milt edip bilmedik Jalut pälwanyny ýekeje daş bilen öldürýär. Şeýdip, çopan oglanyň at-owazasy tutuş ýurda ýaýraýar. Dawut goşun serkerdesi bolýar we piliştliler bilen söweşde ýeňiş gazanýar. Çopan ýigidi bütin halk gowy görýär. Olar Dawudyň şanyna aýdym aýdýarlar. Şawulyň hyzmatkärleri hem Dawudy diňe bir ökde sazanda däl-de, «batyrgaý, gaýduwsyz, dilewar hem görmegeý ýigit» diýip öwýärler (1 Şamuwel 16:18; 17:23, 24, 45—51; 18:5—7).

w18.01 sah. 28, abz. 6, 7

Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriň

6 Käbir adamlar daş keşbine, at-abraýyna, saz çalmak ukybyna, owadanlygyna ýa-da derejesine buýsanyp, özlerini ulumsy alyp barýarlar. Dawut patyşada bu zatlaryň ählisi bolsa-da, özüni pesgöwünli alyp barýardy. Ol Jaludy öldürip, Şawul patyşanyň gyzyna öýlenmäge mümkinçilik gazansa-da: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi (1 Şam. 18:18). Dawuda pesgöwünli bolmaga näme kömek etdi? Ýehowa egilip, ýagny «özüni kiçeldip», Dawuda üns berendigi üçin, ol şeýle häsiýetleri, ukyplary we üstünlikleri gazanyp bildi (Zeb. 113:5—8). Dawut özündäki ähli gowy zatlaryň Ýehowadandygyna düşünýärdi (1 Korinfliler 4:7-ni deňeşdiriň).

7 Dawut ýaly şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary pesgöwünli bolmaga jan edýärler. Biz älemde iň beýik Şahsyýet bolan Ýehowanyň ajaýyp pesgöwünlilik häsiýetini bildirýändigine örän begenýäris (Zeb. 18:35). Şol sebäpli: «Duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň» diýen maslahaty ýürekden kabul edýäris (Kol. 3:12). Şeýle-de biz «söýginiň göriplik etmeýändigini... öwünmeýändigini, tekepbirlik etmeýändigini» bilýäris (1 Kor. 13:4). Biz pesgöwünli bolsak, adamlara Ýehowa ýakynlaşmaga kömek ederis. Aýallaryň sözsüz, ýagny edim-gylymy bilen ýanýoldaşyny gazanyşy ýaly, biz hem pesgöwünliligimiz bilen başgalara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edip bileris (1 Pet. 3:1).

Ruhy dürdäneler

it «Pygamber»

Pygamber

Şawul patyşa Dawudy yzarlap ýördi. Şonda patyşa «egin-eşigini çykaryp... özüni pygamber ýaly alyp bardy» (1Şm 19:18—20:1). Elbetde, pygamberler hemişe ýarym-ýalaňaç ýöremeýärdiler. Mukaddes Kitapda Şawuldan başga ýene-de iki pygamberiň alamat hökmünde ýarym-ýalaňaç ýörendigi ýazylan (Işa 20:2—4; Mik 1:8—11). Şawul patyşanyň näme üçin ýarym-ýalaňaç ýörendigi hakda anyk aýdylmaýar. Belki-de, Ýehowa oňa şa lybasyny egninden çykardyp, ýönekeý adamdygyny ýatlatmak isländir; Ýehowanyň hökümdarlygyna başy ölümli ynsanyň garşy çykyp bilmejekdigini subut etjek bolandyr.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

km 10/10 sah. 2

Biz haçan kiçigöwünli bolmaly?

1 Mukaddes Ýazgylarda: «Kiçigöwünli boluň, ýamanlyga ýamanlyk... bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň» diýilýär (1 Pet. 3:8, 9). Bu maslahata wagyzda-da eýermeli bolýarys, sebäbi wagyz edenimizde kiçigöwünligimiz synalýar.

2 Erbet ýagdaýa düşende kiçigöwünlilik özüňe erk etmäge kömek edýär. Wagyz edenimizde käbirleri bizi güler ýüz bilen garşy almaz, çünki biz adamlaryňka çagyrylmadyk myhman ýaly barýarys. Muňa garamazdan, wagyz etmegi dowam eder ýaly kiçigöwünli bolmaly. Iki pioner uýa hoş habary adamlaryň diňlemeýän ýerinde iki ýyl öýden-öýe wagyz edenlerinde, hiç kim gapyny açmaýardy! Emma olar ruhdan düşmedi we häzir şol ýerde iki sany uly ýygnak bar.

3 Gödek jogap berlende. Adamlar gaharlanyp, gödek jogap berende kiçigöwünli bolsak, Isanyň göreldesine eýereris (1 Pet. 2:21—23). Uýa öýden-öýe wagyz edende, ilki bilen, bir aýal, soňra onuň äri üstüne gygyryp, kowdular. Uýa ýöne ýylgyryp, başga wagt gürleşmäge umyt edýändigini aýtdy. Bu är-aýala gaty täsir etdi we indiki sapar olaryňka Güwäçiler gelende, olary diňläp, Patyşalyk Zalyna barmaga razy boldular. Olar Patyşalyk zalyna baranda, kowan uýany gördüler. Uýa olar bilen mähirli salamlaşyp, Mukaddes Ýazgylar barada gürründeşlik etdi. Biz hem «ýumşaklyk, saýhallylyk» bilen gürleşsek, gaharjaň adamlaryň ýüregini ýumşadyp bileris (1 Pet. 3:15, 16; Sül. tym. 25:15).

4 Ulumsy bolmaň. Mukaddes Ýazgylary bilýänimiz üçin ulumsy bolup, adamlary äsgermezlik etmeli däl (Ýahýa 7:49). Hudaýyň Sözünde «hiç kimi ýamanlamaň» diýilýär (Titus 3:2). Biz Isa ýaly pesgöwünli bolsak, adamlar biziň ýanymyzda özlerini rahat duýar (Mat. 11:28, 29). Kiçigöwünlilik hoş habary bezeýär.

5 Hawa, kiçigöwünli bolsak, hoş habary hatda adamlaryň diňlemeýän ýerinde-de wagyz edip bileris. Kiçigöwünlik käbir adamlaryň ýüregini ýumşadýar, käbirlere bolsa, hoş habary kabul etmäge kömek edýär. Galyberse-de, Ýehowa «kiçigöwünlilere... merhemet» edýär (1 Pet. 5:5).

4—10 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 20—22

«Hak dost boluň»

w19.11 sah. 7, abz. 18

Dünýäniň ahyry gelmänkä dogan-uýalar bilen dostlaşyň

18 Şu günler dogan-uýalar dürli kynçylyklara uçraýarlar. Olaryň köpüsi tebigy betbagtçylykdan we uruşlardan ejir çekýär. Biz şeýle kyn ýagdaýlary başdan geçirýän dogan-uýalar üçin öýümiziň gapysyny giňden açyp bileris. Ýa-da olara pul kömegini berip bileris. Şeýle-de olar üçin Ýehowa doga edip bileris. Käte dogan-uýalaryň ruhdan düşendigini eşidenimizde, näme diýjegimizi we näme etjegimizi bilmeýäris. Ýöne biziň ählimizde kömek etmäge mümkinçilik bar. Meselem, biz dostlarymyz üçin wagt sarp edip bileris. Olar ýüregini dökende ünsli diňläp, gowy görýän aýadymyzy okap teselli berip bileris (Işa. 50:4). Dostlarymyza kömek etmegiň iň gowy usuly kyn gününde olaryň ýanynda bolmakdyr (Nakyllar 17:17-ni okaň).

w08 15/2 sah. 8, abz. 7

Ýehowanyň ýolunda ýöre

7 Hudaý biziň wepaly dost bolmagymyzy isleýär (Sül. tym. 17:17). Saul patyşanyň ogly Ýonatan bilen Dawut ýakyn dostdy. Dawut Golýaty öldürende, «Ýonatan Dawudy ýürekden söýüp, ony öz jany ýaly gowy gördi». Hatda Ýonatan Dawuda Saulyň ony öldürjekdigini duýdurdy. Dawut gaçandan soň, Ýonatan onuň bilen duşuşyp, äht baglaşýar (1 Pat. 18:1, 3). Ýonatan Saula Dawut barada aýdany üçin tas öldürilýärdi, ýöne iki dost ýene-de duşuşyp gatnaşygyny berkitdiler (1 Pat. 20:24—41). Olaryň soňky duşuşygyndan soň, Ýonatan Dawudyň «Hudaýa bolan imanyny» berkitdi (1  Pat. 23:16—18).

w09 15/10 sah. 19, abz. 11

Söýgüsiz dünýäde dostlukly gatnaşygy saklaň

11 Wepaly boluň. «Hakyky dost her wagt söýýändir; ol aladaly gün üçin doglan dogandyr» (Sül. tym. 17:17, TD). Süleýman pygamber bu sözleri ýazanda, kakasy Dawudyň Ýonatan bilen dostlugyny göz öňüne tutan bolmaly (1 Sam. 18:1). Saul patyşa ogly Ýonatanyň Ysraýylyň patyşasy bolmagyny isleýärdi. Emma Ýonatan Ýehowanyň Dawudy patyşa edip bellänini bilýärdi. Sauldan tapawutlylykda, ol Dawuda göriplik etmedi. Dawut şöhrat gazananda, onuň gahary gelmedi we kakasynyň Dawuda atan töhmetine ynanmady (1 Sam. 20:24—34). Biz hem Ýonatanyň göreldesine eýerýärismi? Dostlarymyza ýygnakda jogapkärli ýumuş berlende begenýärismi? Dostlarymyz kyn ýagdaýa düşse, olara teselli berip, goldaýarysmy? Dostumyz barada gybat edilse, derrew ynanýarysmy ýa-da wepaly bolup, onuň tarapyny tutýarys?

Ruhy dürdäneler

w05 15/3 sah. 24, abz. 4

Birinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler

21:12, 13. Ýehowa kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin paýhasly we ukyp-başarnykly bolmagymyzy isleýär. Ol Mukaddes Kitap arkaly bilim, akyldarlyk berýär we hüşgär bolmagy öwredýär (Nakyllar 1:4). Mundan başga-da, Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly kömek edýär.

18—24 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 23, 24

«Ýehowa sabyrly garaşyň»

w04 1/4 sah. 16, abz. 8

Durmuşyňyz üýtgände Ýehowa bil baglaň

8 Dawut Şawul patyşadan ar almak islemeýärdi. Ol sabyrlylyk bilen Ýehowa garaşýardy, bil baglaýardy we ähli ýüküni Oňa tabşyrýardy. Şawul patyşa gowakdan çykanda Dawut: «Goý, Ýehowa ikimiziň aramyzda kazy bolsun. Men saňa el galdyrmaryn, goý, arymy Ýehowa alyp bersin» diýip gygyrýar (1 Şamuwel 24:12). Şawul ýamanlyk baryny etse-de, Dawut hiç hili gaýtargy bermeýär, ýekeje-de erbet söz aýtmaýar. Dawut bütin ömrüne Ýehowa bil baglady, öz güýjüne daýanmady (1 Şamuwel 25:32—34; 26:10, 11).

w16.04 sah. 17, abz. 15, 16

«Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz»

15 Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen: «Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz» diýip ýazdy. Soňra ol çydamly bolmagyň peýdalydygyny aýdyp: «Şonda ähli zatda kämil, aýypsyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz» diýdi (Ýak. 1:4). Kynçylyklar bize gowşak taraplarymyzy görmäge we özümizi terbiýelemäge kömek edýär. Eger biz synaglarda çydamly bolsak, özümizi ruhy taýdan berkideris. Meselem, biz has-da sabyrly, minnetdar we rehimdar bolmagy öwreneris.

16 Çydamlylyk häsiýeti ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýändigi üçin, biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermeklige sowuk-sala garamaly däl. Eger siz ahlaksyz höwesler bilen göreşýän bolsaňyz näme? Erbet pikirlere ýol bermegiň deregine, höwesleriňize garşy göreşmek üçin doga ediň. Şeýdip, siz özüňize erk etmegi öwrenersiňiz. Ýa-da siz iman etmeýän maşgala agzalaryňyz tarapyndan garşylyklara uçraýansyňyz. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmegiň deregine, hakyky seždäni goldamagy ýüregiňize düwüň. Bu siziň Ýehowa bolan ynamyňyzy has-da berkider. Geliň, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin çydamly bolmagy unutmalyň (Rim. 5:3—5; Ýak. 1:12).

Ruhy dürdäneler

w17.11 sah. 27, abz. 11

Goý, hiç zat sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin!

11 Eger biz söýgi we mähribanlyk häsiýetini ösdürsek, görip bolmarys. Hudaýyň Sözünde: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik edýän däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4). Göriplik ýüregimizde kök urmaz ýaly, biz ähli zada Hudaýyň garaýşy ýaly garap, dogan-uýalara Mesihiň bedeniniň agzalary hökmünde garamaga jan etmeli. Bu bize: «Eger bir agza şöhratlansa, beýleki agzalar hem onuň bilen bile şatlanýandyr» diýen maslahata eýermäge kömek eder (1 Kor. 12:16—18, 26). Şonda başgalaryň alan ruhy bereketlerine göriplik etmän, gaýtam, olaryň şatlygyny deň paýlaşarys. Geliň, Şawul patyşanyň ogly Ýonatanyň mysalyna seredeliň. Dawut patyşa edip bellenende, ol göriplik etmän, gaýtam, ony ruhlandyrdy (1 Şam. 23:16—18). Bizem Ýonatan ýaly mähribanlyga we söýgä geýnip bilerismi?

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w19.03 sah. 24, abz. 12—15

Wagyzda duýgudaş boluň

12 Adamlara öwredeniňizde sabyrly boluň. Mukaddes Ýazgylardaky gowy bilýän käbir hakykatlarymyzy olaryň hiç haçan eşidip görmändigini ýatdan çykarmaň. Şeýle-de olara ýüreginde kök urup giden ynançlaryny başga bir zada çalyşmak kyn bolýar. Sebäbi olar öz dinine maşgalasyny, medeniýetini we ýaşaýan ýerindäki adamlary bilen baglanyşdyrýan zat hökmünde garaýarlar. Şeýle adamlara nädip kömek edip bolar?

13 Muňa düşünmek üçin şeýle ýagdaýy göz öňüne getireliň. Aýdaly, köne we dargap giden köprini täzelemeli. Köplenç täze köpriniň gurulýan döwri adamlar öňki köne köprini ulanmagyny dowam edýär. Täze köpri taýýar bolanda bolsa, könesini ýumrup aýyrýarlar. Şonuň ýaly bizem adamlara «öňki» ynanýan zatlaryny aýyrmazdan öň, Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlara bolan minnetdarlygyny ösdürmäge kömek etmeli. Şonda olar öňki garaýyşlaryny üýtgetmäge taýyn bolar. Elbetde, adamlara garaýşyny özgertmäge kömek etmek üçin wagt gerek bolýar (Rim. 12:2).

14 Eger biz wagyzda sabyrly bolsak, adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykata eşiden badyna düşüner ýa-da kabul eder diýip garaşmarys. Gaýtam, olara duýgudaşlyk bildirip, Ýazgylar esasynda gürrüňdeş bolmak üçin wagt sarp ederis. Geliň, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga bolan umydymyz barada nädip pikir alşyp biljekdigimize seredeliň. Adamlaryň köpüsi bu taglymat barada biraz bilýär ýa-da asla hiç zat bilmeýär. Olar ölüm ähli zadyň soňudyr öýdýärler ýa-da ähli gowy adamlar göge gidýär diýip pikir edýärler. Biz olara nädip kömek edip bileris?

15 Bir dogan şeýle adamlara kömek etmegiň gowy usulyny tapandygyny aýdýar. Başda ol adamlara Gelip çykyş 1:28-i okap berýär. Soňra: «Hudaý adamlaryň nirede we nähili şertlerde ýaşamagyny isleýän eken?» diýip soraýar. Adamlaryň köpüsi: «Ýer ýüzünde, gowy şertlerde» diýip jogap berýär. Soňra doganymyz Işaýa 55:11-i okap: «Onda Hudaý öz pikirinden el çekdimikä?» diýip soraýar. Adamlar köplenç «ýok» diýip jogap berýär. Iň soňunda bolsa, doganymyz Zebur 37:10, 11-nji aýatlary okap: «Diýmek, adamlara nähili gelejek garaşýar?» diýip soraýar. Doganymyz Ýazgylaryň kömegi bilen köp adamlara Hudaýyň gowy adamlaryň ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamagyny häzirem isleýändigine düşünmäge kömek etdi.

25 APREL—1 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 25, 26

«Siz nädip karara gelýärsiňiz?»

ia bap 9, abz. 10—12

Ol paýhasly hereket etdi

10 Batyr esgerler çopanlara nähili garaýardy? Elbetde, olar et iýesi gelip, goýunlary ogurlap bilerdi. Emma olar beýle etmediler. Gaýtam, esgerler Nabalyň çopanlaryny we sürülerini gala kimin goraýardy (1 Şamuwel 25:16, 17-nji aýatlary oka). Çopanlara we olaryň sürülerine köp howp abanýardy. Olaryň daş-töwereginde wagşy haýwanlar köpdi we şol ýer Ysraýylyň günorta serhedine golaýdygy sebäpli, goňşy halklar ýygy-ýygydan sürüleri talaýardy.

11 Dawuda çölde adamlaryny eklemek kyn bolandyr. Şonuň üçin günleriň birinde Dawut kömek sorap, Nabalyň ýanyna 10 ýigidini ugradýar. Munuň üçin ol amatly wagty saýlaýar. Şol wagt goýun gyrkymydy, adamlar hem baýramçylyk belläp, däp boýunça jomart bolýardylar. Şeýle-de ol Nabala ýüzlenende, «ogluň Dawut» diýip, onuň ýaşyna hormat goýýandygyny görkezýär. Nabal oňa nähili jogap berdi? (1 Şam. 25:6—9).

12 Onuň gaty gahary geldi! Babyň başynda agzalýan ýaş ýigit Abygaýyla: «Hojaýynymyz olary kemsitdi» diýdi. Nabal olar üçin çöregini, suwuny we soýan malynyň etini gysgandy. Ol Dawudy gaçgak hyzmatkär diýip kemsitdi. Nabalam Şawul ýaly Dawudy ýigrenýärdi. Emma Ýehowa oňa başgaça garaýardy. Hudaý Dawudy gowy görüp, oňa gaçgak hyzmatkär ýaly däl-de, Ysraýylyň geljekki patyşasy hökmünde garaýardy (1 Şam. 25:11, 12, 15).

ia bap 9, abz. 18

Ol paýhasly hereket etdi

18 Abygaýyl günäni öz boýnuna alyp, Dawutdan ötünç soraýar. Ol Dawuda Nabal ýaly akmak adamdan ar alyp, onuň bilen deň bolma diýýär. Ol Dawuda Ýehowanyň wekili hökmünde garaýandygyny we onuň «Reb üçin göreşýändigini» aýdýar. Şeýle-de Abygaýyl oňa: «Reb seni Ysraýyla hökümdar belledi» diýmek bilen, Ýehowanyň ony patyşa edip belländiginden habarlygydyny aýdýar. Soňra ol Dawuda ynsabyň ezýet bermez ýaly, nähak ýere gan dökme diýdi (1 Şamuwel 25:25, 26, 29, 31-nji aýatlary oka). Onuň aýdan sözleri Dawudyň ýüregine jüňk boldy.

Ruhy dürdäneler

ia bap 9, abz. 16

Ol paýhasly hereket etdi

16 Abygaýylyň bu eden işi ýoldaşyna maşgalabaşy hökmünde hormat goýmaýandygyny görkezýärmi? Ýok, sebäbi Nabal Ýehowanyň mesh eden gullukçysyna garşy çykyp, öýündäki köp adamlaryň janyny howp astyna saldy. Eger Abygaýyl hiç zat etmedik bolsa, ýoldaşynyň günäsine şärik bolardy. Ol bu ýagdaýda ýoldaşyna däl-de, Hudaýa tabyn bolmak isledi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş