Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
    • [9-njy sahypadaky çarçuwa]

      KÄBIRLERI BÜTINDÜNÝÄ IŞI ÜÇIN MEÝLETIN SOWGAT BERÝÄRLER

      Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu gün hem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnaklardaky «Bütindünýä wagyz işi üçin meýletin sowgat (Matta 24:14)» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu meýletin pul sowgatlaryny Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de pul sowgatlaryny öz ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ýollap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda pul sowgadyňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hat hem ýazmaly. Käbir ýurtlarda pul sowgatlary üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.

      MEÝLETIN SOWGAT BERMEGIŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERI

      Käbir ýurtlarda pul sowgady bilen birlikde bütindünýä işini goldamagyň başga-da mümkinçilikleri bar. Olaryň käbiri barada aşakda aýdylýar.

      Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sowgat hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sowgat bermek üçin resminamalary taýýarlamaga başlamankaňyz, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

      Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly sowgat bereniňizde, wesýetnamany kanunda görkezilen tertibe görä ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.

  • REHIMDARLYK
    Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
    • REHIMDARLYK

      Rehimdarlyk — bu ejir çekýän we betbagtçylyga uçran adama rehim edip, onuň ýüküni ýeňletmäge bolan güýçli islegdir. Rehimdarlyk diýip terjime edilen hamal ýewreý işligi «ýüregiň gyýylmak, haýpyň gelmek» diýmekligi aňladýar (Müs. çyk. 2:6; Mal. 3:17; Ýerem. 50:14). Oýkteýro diýen grek işligi «rehimdarlyk görkezmegi», at bolup gelýän oýktirmos sözi bolsa, ýürekden bildirilýän rehimdarlygy ýa-da duýgudaşlygy aňladýar (Rim. 9:15; 12:1; 2 Kor. 1:3; Flp. 2:1; Kol. 3:12; Ýew. 10:28). Splanhna (içki organlar) diýen grek sözi ýüregiýukalygy hem aňladyp bilýär (1 Ýahýa 3:17).

      Rehimdarlyk bildirmekde Ýehowa iň ajaýyp görelde görkezdi. Muny ysraýyllylar bilen bolan wakalar aýdyň görkezýär. Ýehowa olaryň Müsürde çekýän ejirine diňe bir duýgudaşlyk bildirmän, eýsem, olary duşmanlaryň elinden halas etdi. Şeýle-de Ýehowa çölde olaryň söýgi bilen aladasyny edýärdi (Iş. 63:7—9). Ysraýyllylar Wada edilen diýara baransoň hem, olar ençeme gezek Ýehowa biwepalyk etdiler. Muňa garamazdan, Hudaý olaryň nalasyny eşidip, duşmanlarynyň elinden gaýta-gaýta halas edýärdi (Kaz. 2:11—19).

      Emma ysraýyllylar, ahyrsoňy, hetden geçdiler we rehimdarlyk bildirilmekden mahrum boldular. Olar butparazlyk işlerine şeýle bir batdylar welin, hatda butlaryny Ýehowanyň ybadathanasynda goýup, ony hapaladylar. Halk pygamberleriň üstünden gülüp, Ýehowanyň sözüne äsgermezçilik etdi. Elbetde, indi Gudratygüýçli olara rehimdarlyk bildirip bilmez. Şeýlelikde, Hudaý olary Nebukadnesar patyşanyň eline tabşyryp, pygamberler arkaly öňünden aýdan hökümini ýerine ýetirdi (2 Tar. 36:15—17; Ýerem. 13:14; 21:7; Ezek. 5:11; 8:17, 18).

      Rehimdarlyk bildirmek haçan ýerliksiz. Ýehowany tanaýan adamlaryň ählisi Ondan görelde alyp, rehimdar bolmaga çalyşýarlar (Efes. 4:32—5:1). Emma käbir ýagdaýda rehimdarlyk bildirmek ýerliksiz bolýar. Eger adamlar kesirlik bilen günä etseler we Ýehowanyň adyl ýollaryna bilgeşleýin garşy çyksalar, onda olara rehim etmek nädogry bolardy. Şeýle adamlar temmi berilmäge mynasypdyr (Kan. tag. 13:6—11; Ýew. 10:28).

      Hudaýyň islegine garşy gelýän ýagdaýlarda adamlaryň täsirine düşüp, rehimdarlyk bildirilse, munuň netijesi erbet bolup biler. Muny Saul patyşanyň mysalyndan görse bolýar. Ysraýyllylar Müsürden çykanlarynda, olaryň üstüne sebäpsiz ýere ilki bolup amalekliler çozupdy. Şonuň üçin Ýehowa amaleklilere höküm çykarýar we muny ýerine ýetirmegi Saul patyşa tabşyrýar. Şeýle-de Hudaý olara rehim etmeli däldidigini aýdýar. Emma Saul gol astyndaky adamlaryň täsirine düşüp, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmeýär. Şonda Ýehowa ondan ýüz öwürýär (1 Sam. 15:2—24). Ýehowanyň adyl ýollaryna minnetdarlygyny ösdürýän we Oňa wepalylygyny saklaýan adam Saul ýaly günä edip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmaz.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş