Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 34
  • Täze iýmit

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täze iýmit
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Misden ýasalan ýylan
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • 5-nji bölüm
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Sežde etmek üçin çadyr
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 34

34-NJI HEKAÝA

Täze iýmit

YSRAÝYLLYLARYŇ ýerden näme ýygnaýanyny bilýäňmi? Ol gyrawa meňzeş, ak reňkli, ownuk we pytrap duran zatdy. Emma bu gyraw däl-de, iýilýän zatdy.

Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna ýaňy bir aý bolupdy. Indi olar çöldedi. Bu ýerde iýilýän ösümligiň azlygy üçin: «Ýehowa bizi Müsürdekäk näme üçin öldürmedi? Ol ýerde biz islän zadymyzy iýýärdik» diýip zeýrendiler.

Şonda Ýehowa: «Men size gökden iýmit bererin» diýip wada berýär. Ýehowa şeýle hem edýär. Ertesi irden ysraýyllylar bu ak zady görüp: «Bu näme?» diýip geň galýarlar.

— Bu iýmiti size Ýehowa berýär — diýip, Musa düşündirdi. Adamlar ony MANNA diýip atlandyrýar. Onuň tagamy bally çöregiň tagamy ýalydy.

— Iýip biljegiňizi ýygnaň — diýip, Musa halka buýurdy. Olar her gün irden şeýle edýärdiler. Soňra gün gyzyp başlanda, ýerde galan manna ereýärdi.

Şeýle-de Musa: «Mannany ertire goýmaň» diýýär. Emma käbir adamlar gulak asmaýar. Şonda näme bolanyny bilýäňmi? Ertire galan manna gurçuklap yslanýar!

Ýöne Ýehowa hepdäniň bir güni, ýagny altynjy güni mannany hemişekiden iki esse köp ýygnamagy halka buýurdy. Ýehowanyň düşündirmegine görä, ysraýyllylar mannanyň ýarysyny ertirki güne goýmalydylar. Sebäbi manna ýedinji gün ýagmaýardy. Ine, ýedinji güne goýlan manna gurçuklamady hem yslanmady! Bu ýene-de bir gudrat!

Ýehowa ysraýyllylary çölde manna bilen iýmitlendirýär.

Çykyş 16:1—36; Sanlar 11:7—9; Ýeşuw 5:10—12.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş