3-NJI BÖLÜM
Müsür azatlygyndan Ysraýylyň ilkinji patyşasyna çenli
Musa ysraýyllylary Müsür ýesirliginden çykaryp, Sina dagyna eltdi. Ol ýerde Hudaý ysraýyllylara kanun berdi. Şondan soň Musa on iki adamy Kengan ýurduny barlamaga iberdi. Ýöne olaryň onusy Kengan ýurdy barada gowy habar getirmedi. Şonuň üçin halkyň Müsüre dolanasy geldi. Imanynyň azlygy üçin Hudaý ysraýyllylara temmi berdi we kyrk ýyllap çölde gezmäge mejbur etdi.
Ahyry ysraýyllylary Kengan ýurduna girizmek üçin Ýeşuw saýlandy. Ýehowa olara ýurdy basyp almaga kömek etmek üçin, gudratlar görkezdi. Ol Iordanyň akymyny togtadýar, Erihanyň diwarlaryny ýumurýar, günuzyn Güni saklaýar. Ahyry alty ýyldan soň, kenganlylaryň ýurdy basylyp alynýar.
Ýeşuwdan başlap, 356 ýylyň dowamynda Ysraýyl halkyny kazylar dolandyrýar. Biz olaryň köpüsi bilen, ýagny Barak, Gideon, Ýeftah, Şimşon we Samuel bilen tanyşarys. Şeýle-de biz Rahaw, Debora, Ýael, Rut, Naomi we Delile ýaly aýallar barada okarys. Umuman, ÜÇÜNJI bölüm 396 ýylyň taryhyny öz içine alýar.