Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 33
  • Gyzyl deňzinden geçýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gyzyl deňzinden geçýärler
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Gyzyl deňizdäki gudrat
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Berk duruň, Ýehowanyň... gutulyşyny görüň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 33

33-NJI HEKAÝA

Gyzyl deňzinden geçýärler

BU BOLÝAN zatlara seret! Musa hasasyny Gyzyl deňze uzadýar. Onuň ýanynda, ýagny howpsuz ýerde ysraýyllylar dur. Faraon bolsa goşuny bilen deňizde gark bolup barýar. Gel, munuň nädip bolanyny bileli.

Bilşimiz ýaly, Hudaýyň beren onunjy jezasyndan soň, faraon ysraýyllylara Müsürden çykmagy buýurdy. Jemi ysraýyllylardan 600 müňe golaý erkek adam, ençeme aýallar hem çagalar çykdy. Ysraýyllylar bilen bilelikde Ýehowa iman eden başga-da köp adamlar çykdy. Olaryň her biri ýany bilen geçi, goýun hem sygyrlaryny alyp çykdylar.

Ysraýyllylar gitmezinden öň, müsürlilerden egin-eşik, gyzyldyr kümüşden ýasalan zatlary sorap aldylar. Müsürliler bolsa, iň soňky jezadan gaty gorkupdylar. Şonuň üçin olar ysraýyllylaryň soran ähli zatlaryny berdiler.

Birnäçe günden soň, ysraýyllylar Gyzyl deňziň kenarynda düşlediler. Faraon we onuň hyzmatkärleri bolsa, ysraýyllylary goýberenine ökünip: «Biz gullarymyzy goýberdik!» diýip, uly gykylyk turuzdylar.

Şonuň üçin faraon kararyny ýene-de üýtgetdi. Ol harby arabalaryny we goşunyny tiz ýygnap, ysraýyllylaryň yzyndan kowdy. Olaryň arasynda 600 sany ýörite taýýarlanan araba bardy.

Ysraýyllylar faraonyň ýetip gelýän goşunyny görende gaty gorkdular. Gaçmaga ýer ýokdy. Bir tarapda Gyzyl deňzi, beýleki tarapdan bolsa müsürliler ýetip gelýärdi. Emma, ine, Ýehowa öz halkynyň we müsürlileriň arasyny bulut bilen büredi. Müsürlilere ysraýyllylar görünmän soň, hüjüm edip bilmediler.

Soňra Ýehowa Musa hasasyny Gyzyl deňze uzatmagy buýurdy. Musa şeýle hem etdi. Şonda Ýehowa gündogardan güýçli ýel öwüsdirdi. Deňziň suwy ikä bölündi.

Şonda ysraýyllylar deňziň içi bilen gury ýerden geçip başladylar. Millionlarça adamlar mallary bilen deňziň beýleki tarapyna geçýänçäler, birnäçe sagat gerek boldy. Ahyry müsürliler ysraýyllylary ýene-de gördüler. Olaryň gullary gaçyp barýardy. Şonuň üçin olar ysraýyllylaryň yzy bilen deňze okduryldylar.

Müsürliler deňze girende, Hudaý olaryň arabalarynyň tigirleri döwler ýaly etdi. Müsürliler gaty gorkup: «Ýehowa bize garşy göreşýär. Ýörüň, bu ýerden çykalyň!» diýşip gygyryp başladylar. Ýöne indi giçdi.

Bu suratda Ýehowanyň Musa hasasyny deňze uzatmagy buýrup duran pursaty görkezilen. Diwar ýaly bolup duran suw yzyna gaýdyp, arabalary bilen bilelikde müsürlileriň üstüni örtdi. Ysraýyllylaryň yzyndan müsürlileriň bütin goşuny okdurylypdy. Şonuň üçin müsürlilerden hiç birisi-de diri galmady!

Hudaýyň halky gutulanyna nähili begenýärdi! «Ýehowa şöhratly ýeňiş gazandy. Atlary we atlylary deňze zyňdy» diýip, erkek adamlar minnetdarlyk bilen Ýehowa aýdym aýdýardylar. Musanyň aýal dogany Merýem we başga aýallar deprek bilen çykdylar. «Ýehowa şöhratly ýeňiş gazandy. Atlary we atlylary deňze zyňdy» diýip, olar hem erkek adamlaryň aýdýan aýdymyny tans edip şatlyk bilen aýdýardylar.

Çykyş 12—15-nji baplar.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş