Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 22 sah. 56—sah. 57 abz. 4
  • Gyzyl deňizdäki gudrat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gyzyl deňizdäki gudrat
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Gyzyl deňzinden geçýärler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Berk duruň, Ýehowanyň... gutulyşyny görüň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 22 sah. 56—sah. 57 abz. 4
Faraon bilen goşuny

22-NJI SAPAK

Gyzyl deňizdäki gudrat

Ysraýyllar Müsürden gaýtdy. Olaryň gidenini faraon eşitdi. Faraon esgerlerine: «At-arabalary taýýarlaň. Olaryň yzyndan ýeteliň, hiç ýere goýbermäliň» diýdi. Şeýdip, olar ysraýyllaryň yzyndan kowaladylar.

Ysraýyllar Müsürden gaýdansoň, Ýehowa nirä gitmelidigini görkezdi. Ol gündiz bulut, gije ot goýdy. Ysraýyllar hem şoňa seredip ýöreýärdi. Ýehowa ysraýyllary Gyzyl deňziň ýanyna eltdi. Olar çadyrlaryny gurup, dynç aldylar.

Ysraýyllar müsürlileriň kowalap gelýänini gördüler. Ysraýyllar nirä gaçjagyny bilmän gorkdular. Öňlerinde deňiz bardy, yzyndan bolsa duşman ýetip gelýärdi. Olar Musa: «Bizi näme üçin Müsürden alyp gaýtdyň?! Indi olar bizi öldürer» diýdiler. Musa: «Gorkmaň, Ýehowa halas eder» diýdi. Musa Hudaýyň halas etjekdigini bilýärdi.

Ýehowa: «Ysraýyllara çadyrlaryňyzy ýygnaň» diýdi. Şol gije Ýehowa müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda bulut goýdy. Müsürlileriň tarapy garaňkydy, ysraýyllaryň tarapy bolsa ýagtydy.

Ýehowa Musa: «Eliňi deňze uzat!» diýdi. Soňra uzak gije güýçli şemal öwüsdi. Şeýdip, Ýehowa deňzi ikä böldi. Suw iki gapdalda diwar ýaly bolup durdy. Ýehowa gury ýol ýasady. Ysraýyllar deňziň içinden ýöräp geçdiler.

Deňiz ikä bölünýär; ysraýyllar gury ýerden geçýär

Faraon goşuny bilen ysraýyllaryň yzyndan deňze girdi. Birdenem arabalaryň tigri sypdy. Olar gorkup: «Ýörüň, bärden gaçalyň! Ýehowa bizi gark etjek bolýar» diýip gygyryşdylar.

Ýehowa Musa ýene-de: «Eliňi deňze uzat!» diýdi. Ol elini uzadanda, suw müsürlileriň üstüne gaýtdy. Hemmesi gark boldy. Olaryň hiç biri diri galmady.

Ýöne ysraýyllar deňziň beýleki tarapyna geçip diri galdy. Olar: «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň. Ol ýeňiş gazandy, esgerleri atlary bilen deňze gark etdi» diýip aýdym aýtdylar. Aýal-gyzlar tans etdiler, deprek çaldylar. Çagalar, ýaşlar we garrylar halas bolanyna begendiler.

«Biz ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?“ diýýäris» (Ýewreýler 13:6).

Soraglar: Gyzyl deňizde näme boldy? Ýehowa ysraýyllary nädip halas etdi?

2 Musa 13:21—15:21; Nehemýa 9:9—11; Zebur 106:9—12; 136:11—15; Ýewreýler 11:29

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş