7-NJI BÖLÜM
Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
Ýehowa Müsür ýurduny betbagtçylyga sezewar edýär, Musa ysraýyllylary ýurtdan alyp çykýar. Hudaý Musa arkaly ysraýyl halkyna Kanun berýär
YSRAÝYL ogullary ençeme ýyl Müsürde ýaşap, köpelýär. Soňra ýurda täze faraon hökümdarlyk edip başlaýar. Ol Ýusuby tanamaýardy. Bu zalym patyşa ysraýyllylaryň köpelýändigini görüp, olardan gorkup başlaýar. Şol sebäpli olary gul edýär we ýewreýlerden doglan her bir oglanjygy Nil derýasyna taşlamagy buýurýar. Emma mert bir aýal ogul bäbejigini sebede salyp, gamyşlaryň arasynda gizleýär. Bu çagajygy faraonyň gyzy tapyp, oňa Musa diýip at dakýar we Müsür köşgünde terbiýeleýär.
Musa 40 ýaşyndaka, bir ysraýylly guly müsürli gözegçiniň elinden halas edýär. Soňra Musa uzak ýurda gaçyp gidýär we ol ýerde gaçgak bolup ýaşaýar. Musa 80 ýaşyndaka, Ýehowa Hudaý ony Müsüre iberýär we ol faraonyň ýanyna baryp, halky üçin azatlyk soraýar.
Faraon muňa düýbünden garşy çykýar. Şonda Hudaý Müsüre on jeza berýär. Musa her gezek faraonyň ýanyna gelende, indiki jezadan gutulmaga mümkinçilik berýär, emma faraon gödeklik bilen Musany we onuň Hudaýy Ýehowany inkär edýär. Onunjy jezada nowbahar, ýagny ilkinji doglan çagalar öldürilýär. Ýehowa Hudaýa gulak asyp, guzynyň ganyny gapynyň söýesine çalan maşgalalar bolsa halas bolýar. Hudaýyň perişdesi olaryň öýleriniň deňinden geçip gidýär. Şondan soň ysraýyllylar bu ajaýyp gutulyşy her ýyl Pasha hökmünde baýram edýärler.
Faraonyň nowbahar ogly ölenden soň, ol Musa ysraýyllylaryň ählisini Müsürden alyp gitmäge rugsat berýär. Olar derrew Müsürden çykýarlar. Emma faraon olara gitmäge rugsat berenine ökünýär. Ol ençeme goşunlary we arabalary bilen olaryň yzyndan kowýar. Ysraýyllylar Gyzyl deňziň kenarynda duzaga düşendir öýdýärler. Ýehowa Gyzyl deňzi ikä bölýär we ysraýyllylar deňziň ortarasyndaky gury ýerden geçýär. Müsürliler olaryň yzyndan kowanda, Hudaý deňziň suwuny öz akymyna goýberýär. Faraon we onuň goşuny gark bolýar.
Birnäçe wagtdan soň, ysraýyllylar Sina dagyna gelende, Ýehowa olar bilen äht baglaşýar. Hudaý Musany töwellaçy edip belleýär we ol arkaly ysraýyllylara Kanun berýär. Bu Kanun durmuşyň ähli taraplaryna degişli görkezme berip, olary goraýar. Ysraýyllylar Hudaýyň häkimiýetine tabyn boljagyna söz berýärler, Ýehowa bolsa olar bilen bile boljagyny we olar arkaly başga halklara hem bereket berjegini wada edýär.
Emma ysraýyllylaryň köpüsi Hudaýyň ynamyny ödemediler. Şol sebäpli Ýehowa olary 40 ýyllap çölde sergezdan etdi. Soňra Musa özüne derek Ýeşuwy ýolbaşçy edip belledi. Indi, ysraýyl halky Hudaýyň Ybraýyma wada beren ýurduna girmäge taýyndy.
Müsürden çykyş; Lewiler; Sanlar; Kanun taglymaty kitaplaryna we Zebur 136:10—15-nji; Resullaryň işleri 7:17—36-njy aýatlaryna esaslanýar.