Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 19 sah. 50—sah. 51 abz. 2
  • Müsüre berlen üç temmi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Müsüre berlen üç temmi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Musa bilen Harun Faraonyň ýanyna barýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Müsüre berlen alty temmi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • On jeza
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 19 sah. 50—sah. 51 abz. 2
Musa bilen Harun faraonyň öňünde dur

19-NJY SAPAK

Müsüre berlen üç temmi

Ysraýyllar Müsürde agyr işleri edýärdiler. Ýehowa Musa bilen Haruny faraonyň ýanyna iberdi. Ol: «Halkymy goýber. Olar maňa çölde sežde etmeli» diýdi. Tekepbir faraon: «Ýehowa näme diýse şony diýsin, ysraýyllary goýberjek däl» diýdi. Şondan soň faraon ysraýyllara has agyr işleri etdirdi. Ol Ýehowanyň diýenini etmedi. Bilýäňmi, Ýehowa faraona näme edýär? Ol Müsüre on gezek temmi berýär. Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Faraon meni diňlemedi. Ol irden Nil derýasyna barar. Senem şol ýere bar. Halky goýbermändigi üçin Nil derýasy gana öwrüler diý». Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Musa faraonyň ýanyna bardy. Harun taýagyny Nil derýasyna batyrdy. Derýanyň suwy gana öwrüldi. Balyklar ölüp, suw porsady. Derýanyň suwuny içer ýaly däldi. Faraon şonda-da ysraýyllary goýbermedi.

Ýedi günden Musa ýene faraonyň ýanyna bardy. Ýehowa faraona: «Halkymy goýbermeseň, Müsüri gurbagadan dolduraryn» diýdi. Harun taýagyny galdyranda Müsüre gurbagalar çozup başlady. Adamlaryň öýi, ýatýan otagy, çäýnek-käsesi we gazany gurbagadan doldy. Nirä seretseň gurbagady. Faraon: «Ysraýyllary goýberjek, ýöne Ýehowa Hudaýyň gurbagany aýyrsyn» diýip ýalbardy. Şondan soň Ýehowa gurbagalary aýyrdy. Müsürliler ölen gurbagalary üýşürip goýdy. Olardan ýaňa ýurt porsady. Faraon ysraýyllary goýberjek diýse-de goýbermedi.

Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Haruna aýt, taýagyny ýere ursun. Ýerden turan tozan çybyna öwrüler». Şondan soň Müsüri çybyn basdy. Çybynlar köpelýärdi, faraonyň ýanyndaky adamlar: «Muny Hudaý edýär» diýdiler. Faraon şonda-da ysraýyllary goýbermedi.

On temminiň üçüsi: Nil derýasy gana öwrülýär, gurbagalar we çybynlar

«Olara güýjümi we gudratymy görkezerin. Şonda meniň adymyň Ýehowadygyny bilerler» (Ýermeýa 16:21).

Soraglar: Ýehowa nähili temmileri berdi? Hudaý näme üçin temmi berdi?

2 Musa 5:1—18; 7:8—8:19; Nehemýa 9:9, 10

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş