Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 20 sah. 5—sah. 53 abz. 3
  • Müsüre berlen alty temmi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Müsüre berlen alty temmi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Müsüre berlen üç temmi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Musa bilen Harun Faraonyň ýanyna barýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 20 sah. 5—sah. 53 abz. 3
Çekirtgeler

20-NJI SAPAK

Müsüre berlen alty temmi

Musa bilen Harun ýene faraonyň ýanyna barýar. Ýehowa faraona: «Halkymy goýbermeseň, siňek çozduraryn» diýýär. Siňekler Ýehowanyň dördünji temmisidi. Baý we garyp adamlaryň öýleri uly siňekden doldy. Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan Goşen şäherinde ýekeje siňek hem ýokdy. Siňekler diňe müsürlileri çakýardy. Faraon: «Ýehowa Hudaýyňa aýdaý, siňekleri aýyrsyn, halky goýberjek» diýip ýalbardy. Soňra Ýehowa siňekleri aýyrdy, faraon şonda-da halky goýbermedi. Ýehowa faraona ýene temmi berdimi?

Ýehowa faraona: «Halkymy goýbermeseň, mallaryň keselläp öler» diýdi. Ertesi gün müsürlileriň hemme mallary ölüp başlady. Ýöne ysraýyllaryň mallaryna hiç zat bolmady. Özdiýenli faraon ýene ysraýyllary goýbermedi.

Ýehowa Musany ýene faraonyň ýanyna iberdi. Musa baryp küli ýokaryk sepdi, kül tozana öwrüldi. Müsüriň hemme ýeri tozandan doldy. Şondan soň müsürlilere we haýwanlaryna agyryly ýara çykdy. Faraon şonda-da ysraýyllary goýbermedi.

Müsüre berlen temmi: siňekler çozýar, mallar gyrylýar, ýara çykýar

Ýehowa faraona: «Saňa näçe temmi bersemem, halkymy goýbermediň. Ertir üstüňize buz ýagar» diýdi. Ertesi gün ýyldyrym çakyp, buz ýagdy. Müsürde öň şeýle zat bolmandy. Olaryň agaçlary we ekinleri zaýalandy. Ýöne ysraýyllaryň üstüne buz ýagmady. Faraon: «Buz ýagmagyny bes etse, sizi goýberjek» diýdi. Soňra buz ýagmagyny goýdy. Ýöne faraon halky goýbermedi.

Ýehowa faraona ýene nähili temmi berdi? Musa faraona: «Ýehowa çekirtge ýagdyrar. Çekirtgeler galan agaçlaryňyzy we ekinleriňizi iýer» diýdi. Şeýdip, çekirtgeler gök otlary, agaçlaryň miwelerini we ýapraklaryny iýdi. Faraon: «Ýehowa çekirtgeleri aýyrsyn» diýip ýalbardy. Ýehowa çekirtgeleri aýyrdy, faraon ýene sözünde durmady.

Soňra Ýehowa Musa: «Eliňi ýokaryk galdyr» diýdi. Musa elini ýokaryk galdyrdy, hemme ýer garaňky boldy. Adamlar üç günläp hiç zat görüp bilmedi. Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri ýagtydy.

Müsüre berlen temmi: buz ýagýar, çekirtgeler çozýar, garaňkylyk

Faraon: «Bolýar, baryň, gidiň. Ýöne mallaryňyzy goýup gidiň» diýdi. Musa: «Biz Hudaýa gurbanlyk bermeli, mallary goýup gidip bilmeris» diýdi. Faraon gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ol: «Güm bol, gözüme görünme! Indi gelseň, öldürerin» diýip, Musany kowup goýberdi.

«Siz dogruçyl adam bilen erbediň, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene-de görersiňiz» (Melek 3:18).

Soraglar: Ýehowa müsürlilere ýene nähili temmileri berdi? Haýsy temmiler hem ysraýyllaryň, hem müsürlileriň ýaşaýan ýerinde boldy? Başdaky üç temmi bilen soňky alty temminiň näme tapawudy bar?

2 Musa 8:20—10:29

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş