27-NJI HEKAÝA
Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
BU ADAMLAR halky zorluk bilen işledýärler. Hol adamyň işçini gamçy bilen urşuna bir seret! Bu işçiler Ýakubyň maşgalasyndan. Olara ysraýyllylar diýýärler. Olary işledýän adamlar bolsa müsürliler. Ysraýyllylar müsürlileriň elinde gulçulykda. Ýöne olar nädip bu güne düşdülerkä?
Ýakubyň uly maşgalasy köp ýyllaryň dowamynda Müsürde asuda ýaşapdy. Sebäbi Ýusup Müsürde faraondan soň ikinji adamdy hem-de olaryň aladasyny edýärdi. Emma Ýusup ölenden soň, Müsürde başga faraon patyşa bolýar. Ol bolsa ysraýyllylary halanokdy.
Şonda bu zalym faraon ysraýyllylary gul etdi. Şeýle-de olaryň üstünden zalym we rehimsiz gözegçileri goýdy. Olar faraona şäher gurmak üçin ysraýyllylary zorluk bilen köp işledýärdiler. Muňa garamazdan, ysraýyllylar gitdigiçe köpelýärdi. Müsürliler bolsa gorkdular, sebäbi birnäçe wagtdan ysraýyllylar köpelip, güýçli bolar öýtdüler.
Şonda faraonyň näme edenini bilýäňmi? Ol göbegenelere: «Siz ýaňy doglan her bir oglanjygy öldürmeli» diýip buýruk berdi. Ýöne olar rehimli aýallardy we çagalary öldürmediler.
Şonda faraon halkyna: «Ýaňy doglan oglanlary olaryň elinden alyp öldüriň. Diňe gyzlaryny öldürmäň» diýip buýruk berdi. Eýsem, bu rehimsiz buýruk dälmi? Geliň, ýaňy doglan bir oglanjygyň nädip halas bolanyny bileliň.