Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 21 sah. 54—sah. 55 abz. 1
  • Onunjy temmi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Onunjy temmi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Musa bilen Harun Faraonyň ýanyna barýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Müsüre berlen üç temmi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 21 sah. 54—sah. 55 abz. 1
Bir ysraýylly gapysynyň söýesine gan çalýar

21-NJI SAPAK

Onunjy temmi

Geçen sapakdan bilşimiz ýaly, faraon Musany kowupdy. Şonda Musa oňa şeýle diýdi: «Şu gün agşam ähli müsürlileriň uly ogly öler. Hatda seniňem uly ogluň öler».

Ýehowa ysraýyllara bir nahar bişirmegi tabşyrdy. Olar birýaşar goýny ýa-da geçini soýup, etini gowurmalydy. Soň ony petir çörek bilen iýmelidi. Ganyny bolsa gapynyň söýesine çalmalydy. Soňra geýnip, taýyn bolup oturmalydy. Ýehowa olara: «Şu gün agşam sizi Müsürden çykararyn» diýdi. Ysraýyllar örän begendiler.

Ýarygije Ýehowanyň perişdesi Müsüre aýlanyp çykdy. Gapysyna gan çalmadyk adamlaryň uly ogly öldi. Baýlaryňam, garyplaryňam çagasy öldi. Ýöne gapysyna gan çalan adamlaryň çagalary ölmedi. Ysraýyllaryň hiç biriniň çagasy ölmedi.

Faraonyň hem ogly öldi. Patyşa ogluny halas edip bilmedi. Ol Musa bilen Haruna: «Baryň, gidiň şu ýerden! Malyňyzam alyp gidiň. Hudaýyňyza sežde ediň» diýdi.

Ysraýyllar şol gün agşam Müsürden çykdy. Gije asmandaky aý tegelekdi. Hemme ýere ýagty saçýardy. Olar maşgalasy, taýpasy bilen yzly-yzyna ýöredi. Müsürden aýallar, çagalar we 600 000 erkek adam çykdy. Ysraýyllar bilen başga-da köp adam gaýtdy. Ysraýyllar ahyry gulçulykdan boşady.

Ysraýyllar Müsürden çykjak güni nahar bişirmelidi. Olar her ýyl şol nahary bişirip iýmelidi. Şeýdip, Ýehowanyň halas edendigini ýatlamalydy. Şol nahara Pasha nahary diýilýär.

Ysraýyllar hatar-hatar bolup Müsürden çykýar

«Saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» (Rimliler 9:17).

Soraglar: Onunjy temmi näme? Ysraýyllar halas bolar ýaly näme etmelidi?

2 Musa 11:1—12:42; 13:3—10

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş