31-NJI HEKAÝA
Musa bilen Harun Faraonyň ýanyna barýar
MÜSÜRE dolanyp, Musa gören gudratlaryny dogany Haruna gürrüň berdi. Musa bilen Harun ysraýyllylara gudratlary görkezdi. Şonda bütin halk Ýehowanyň halas etjekdigine ynandy.
Soňra Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp diýdiler: «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa: «Çölde maňa sežde eder ýaly, halkymy üç günlük goýber» diýdi». Faraon bolsa oňa: «Men Ýehowany tanamok, Ysraýyly bolsa goýbermerin» diýip jogap berdi.
Faraonyň gahary geldi, sebäbi halk Ýehowa sežde etmek üçin işi taşlamakçy bolýardy. Şonuň üçinem ol halky öňküden-de beter işletdi. Ysraýyllylar bolsa munuň üçin Musany günäkärlediler. Musa muňa gaty gynandy. Ýöne Ýehowa Musa göwünlik berip: «Men faraona halkymy goýberderin» diýdi.
Musa bilen Harun ýene-de faraonyň ýanyna geldi. Bu gezek olar gudrat görkezdiler. Harun hasasyny zyňdy welin, uly ýylana öwrüldi. Emma faraonyň akyldarlary hem hasalaryny zyňdylar, olaryň hasalary-da ýylana öwrüldi. Ýöne bu bolýan zatlara seret! Harunyň ýylany akyldarlaryň ýylanlaryny ýuwudýar. Şonda-da faraon ysraýyllylary goýbermedi.
Şonda Ýehowa faraona temmi berip başlady. Nädip temmi berenini bilýäňmi? Ol Müsüre on jeza, ýagny on sany uly betbagtçylyk getirdi.
Faraon her jezadan soň Musanyň yzyndan adam iberip: «Bu jezany aýyrsaň, Ysraýyly goýbereýin» diýip ýalbarýardy. Ýöne her gezek jeza aýrylanda, faraon pikirini üýtgedýärdi. Ol öňküsi ýaly halky goýberenokdy. Emma onunjy jezadan soň, faraon ahyry Ysraýyly goýberdi.
Bu jezalaryň nähili jezadygyny bilýäňmi? Gel, muny indiki sahypadan bileli.