32-NJI HEKAÝA
On jeza
BU SURATLARA seret. Her suratda Ýehowanyň Müsüre beren on jezasynyň biri görkezilen. Birinji surata seret. Harun hasasy bilen Nil derýasyna urýar. Derýanyň suwy bolsa gana öwrülýär. Ähli balyk heläk bolýar we derýadan erbet ys gelip başlaýar.
Indiki jeza gurbagalardy. Ýehowa Nil derýasyndan gurbagalary çykardy. Olar peçlerde, gap-gaçlarda hem-de ýorgan-düşeklerde, umuman, ähli ýerde bardy. Haçan-da gurbagalar ölende müsürliler olary uly üýşmeklere üýşürdiler. Ýer bolsa olardan ýaňa porsady.
Soňra Harun hasasyny ýere uranda, tozan turup çirkeýlere öwrüldi. Çirkeýler erbet çakýan mör-möjekler. Bu Müsüre berlen üçünji jezady.
Galan jezalar bolsa diňe müsürlilere zyýan ýetirip, ysraýyllylara asla degmedi. Dördünji jeza uly siňeklerdi. Olar toplum bolup, her bir müsürliniň öýüne girýärdi. Bäşinji jeza haýwanlara zyýan ýetirdi. Bu jezadan müsürlileriň köp sygyrlary, goýunlary hem-de geçileri heläk boldy.
Soňra Musa bilen Harun ellerine kül alyp ýokaryk zyňdylar. Bu adamlarda we haýwanlarda erbet çybanlary döretdi. Bu altynjy jezady.
Onsoň Musa elini asmana galdyranda, Ýehowa gök gürrüldedip doly ýagdyrdy. Bu Müsüriň taryhynda iň erbet doly ýagan tupandy.
Sekizinji jeza çekirtgeleriň bir giden uly sürüsidi. Şondan öň hem-de soň şeýle köp çekirtge hiç haçan bolmandy. Olar dolydan galan ähli ösümlikleri iýdiler.
Dokuzynjy jeza tümlükdi. Üç günläp ýer ýüzi tüm garaňky boldy. Emma ysraýyllylaryň ýaşaýan ýeri öňküsi ýaly ýagtydy.
Ahyrsoňy Hudaý ysraýyllylara gapylarynyň söýesine owlak ýa guzynyň ganyny çalmagyny tabşyrdy. Şondan soň Hudaýyň perişdesi Müsüriň içinden geçip gitdi. Perişde gapysyna gan çalnan öýlerden hiç kimi öldürmedi. Emma Hudaýyň perişdesi gapylaryna gan çalynmadyk her bir öýden adamlaryň we haýwanlaryň ilkinji çagalaryny öldürdi. Bu onunjy jezady.
Onunjy jezadan soň faraon ysraýyllylaryň ýurtdan çykmagyny buýurdy. Hudaýyň halky gitmäge taýýardy we şol gijäniň özünde olar Müsürden çykdylar.
Çykyş 7—12-nji baplar.