Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/4 sah. 8—12
  • Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • OL «PATYŞYNYŇ GAZABYNDAN» GORKMADY
  • OL HUDAÝYŇ WADALARYNA IMAN EDÝÄRDI
  • «OLAR GYZYL DEŇZINDEN GEÇDILER»
  • Musanyň imanyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Musa näme üçin gaçdy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/4 sah. 8—12

Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?

«(Ol) Görünmezi göreni üçin berk durdy». ÝEW. 11:27

«GÖRÜNMEZI» GÖRÝÄNDIGIMIZ BIZE...

  • adamlardan gorkyny ýeňmäge nädip kömek eder?

  • wagyz işine doly gatnaşmaga nädip höweslendirer?

  • uly muşakgatda aýypsyz galmaga nädip ýardam eder?

1, 2. a) Musanyň düşen ýagdaýy näme üçin howpludy? Düşündiriň. b) Musa patyşanyň gazabyndan näme üçin gorkmady? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

MÜSÜRIŇ fyrowny gazaply hökümdardy we adamlar oňa hudaý hökmünde sežde edýärdiler. Bir kitaba görä, müsürliler ony akyldarlygy we güýji bilen ýer ýüzündäki ähli ýaradylanlardan beýik hasaplaýardylar («When Egypt Ruled the East»). Fyrown raýatlaryny gorky astynda saklamak isleýärdi; şol sebäpli onuň täjinde çakmaga taýyn bolup duran kepjebaşyň şekili bardy. Bu şekil patyşanyň duşmanlarynyň dessine ýok ediljekdigini ýatladyp durýardy. Ýehowa Musa pygambere: «Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin fyrownyň ýanyna ibereýin» diýende, onuň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getirip görüň (Müs. çyk. 3:10).

2 Musa fyrowna Hudaýyň habaryny yglan edende, ol gazap atyna atlanýar. Ýurduna inen dokuzynjy jezadan soňra, ol Musa şeýle diýýär: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» (Müs. çyk. 10:28). Şonda Musa fyrownyň nowbahar oglunyň öldüriljekdigini aýdýar (Müs. çyk. 11:4—8). Soňra ol ysraýyl maşgalalaryna müsürlileriň Ra taňrysy üçin mukaddes hasaplanýan birýaşar toklyny ýa-da çebşi soýup, olaryň ganyny gapylarynyň söýesine çalmagy buýurýar (Müs. çyk. 12:5—7). Fyrown muňa nähili garar? Musa Ýehowa iman edýändigi üçin, «Patyşanyň gazabyndan gorkmady... Görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýewreýler 11:27, 28-nji aýatlary okaň).

3. Biz nähili soraglara serederis?

3 Siziň hem imanyňyz «Hudaýy görmäge» kömek edýärmi? (Mat. 5:8). Şeýle imany ösdürmek üçin, geliň, Musanyň göreldesini ara alyp maslahatlaşalyň. Musanyň Ýehowa bolan imany adamlardan gorkyny ýeňmäge oňa nädip kömek etdi? Ol Hudaýyň wadalaryna iman edýändigini nädip görkezdi? Ysraýyl halky howply ýagdaýa düşende, Musanyň «Görünmezi» görmegi olara nädip ýardam etdi?

OL «PATYŞYNYŇ GAZABYNDAN» GORKMADY

4. Fyrown bilen deňeşdireniňde, Musanyň ygtyýary nähilidi?

4 Ynsan gözi bilen garanyňda, fyrown Musadan has ygtyýarlydy. Sebäbi Musanyň ýaşaýşy, abadançylygy we gelejegi fyrownyň elindedi. Hatda onuň özi-de Ýehowa: «Fyrownyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi (Müs. çyk. 3:11). Mundan 40 ýyl öň, Musa Müsürden gidip, gaçgaklykda ýaşady. Megerem, ol: «Müsüre dolanyp, patyşanyň gazabyna sezewar bolmak paýhasly bolarmy?» diýip pikirlenendir.

5, 6. Musa fyrowndan gorkmazlyga näme kömek etdi?

5 Musa Müsüre dolanmanka, Hudaý oňa bir wajyp prinsipi öwretdi. Musa bu babatda Eýýup kitabynda: «Rebden gorkmak - bu paýhasdyr» diýip ýazdy (Eýýup 28:28). Ýehowa Musanyň şeýle gorkyny ösdürüp, paýhasly hereket etmegini isleýärdi. Şol sebäpli Ýehowa adamlardan tapawutlanýandygyny görkezmek üçin, oňa şeýle soraglary berdi: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?» (Müs. çyk. 4:11).

6 Bu sözler nämäni görkezýär? Musada gorkara sebäp ýokdy, çünki ony Ýehowa iberýärdi. Musa berlen tabşyrygy berjaý edip biler ýaly, Ýehowa oňa gerekli güýç bererdi. Ol gullukçylaryny fyrownyň elinden öňem birnäçe gezek halas edipdi. Belki-de, Musa Ýehowanyň Ybraýymy, Ýusuby we onuň özüni-de fyrownlaryň elinden gutarandygy barada oýlanandyr. Hawa, Gudratygüýçli Ýehowa fyrowndan has beýikdir (Gel. çyk. 12:17—19; 41:14, 39—41; Müs. çyk. 1:22—2:10). Musa «Görünmez» Hudaýa iman edip, batyrgaýlyk bilen fyrownyň öňünde Ýehowanyň her bir sözüni yglan edýär.

7. Bir uýamyza Ýehowa bolan imany nädip kömek etdi?

7 Ella atly uýamyza-da Ýehowa bolan imany adamlardan gorkmazlyga kömek etdi. 1949-njy ýylda Ellany Estoniýadaky KGB-niň (Döwlet howpsuzlyk komiteti) işgärleri tussag edýärler. Soňra onuň ähli egin-eşigini çykaryp, ýaş polisiýa işgärleriniň öňünde duruzýarlar; olar oňa gözlerini petredip seredişýärdiler. Ella şeýle gürrüň berýär: «Men özümi kemsidilen ýaly duýdum. Emma Ýehowa doga edenimde, kalbyma rahatlyk ornaşdy». Soňra Ellany üç günlük bir adamlyk kamera basýarlar. Uýamyz şeýle ýatlaýar: «Polisiýa işgärleri: „Biz Estoniýada Ýehowanyň ady asla agzalmaz ýaly ederis! Seni türmä basarys, beýlekileri bolsa Sibire ibereris!“ diýip gygyrýardylar. Olar üstümden gülüp: „Hany, seniň Ýehowaň?“ diýişýärdiler». Ella adamlardan gorkarmy ýa-da Ýehowa bil baglar? Polisiýa işgärleri oňa wagyz etmegini bes etse, azatlyga çykarjakdygyny aýdanlarynda, ol batyrgaýlyk bilen şeýle jogap berdi: «Men azatlyga çykyp, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolanymdan, Onuň bilen türmede galmagy saýladym». Ella Ýehowany edil ýanynda duran ýaly duýýardy. Berk imany oňa aýypsyz galmaga kömek etdi.

8, 9. a) Adamdan gorkyny ýeňmäge näme kömek eder? b) Gorkynyň toruna düşmez ýaly ünsüňi kime gönükdirmeli?

8 Ýehowa bolan imanyňyz size-de gorkyny ýeňmäge kömek eder. Hökümet işgärleri Hudaýa sežde etmegi gadagan edende, siziň ýaşaýşyňyz, abadançylygyňyz we gelejegiňiz ynsanyň elinde ýaly bolup görner. Megerem, siz Ýehowa gulluk edip, hökümet ýolbaşçylarynyň gazabyna sezewar bolmaklyk paýhassyzdyr öýdersiňiz. Emma ýadyňyzda bolsun: adamdan gorkyny ýeňmegiň ýeke-täk ýoly — Hudaýa iman etmek (Süleýmanyň tymsallary 29:25-i okaň). Ýehowa şeýle sorag berýär: «Näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?» (Iş. 51:12, 13).

9 Gorkynyň toruna düşmez ýaly, ünsüňi Gudratygüýçli Atamyza gönükdirmeli. Ol adalatsyz ýolbaşçylaryň elinden ejir çekýän adamlary görýär, olaryň ahy-nalasyny eşidýär we olara kömek edýär (Müs. çyk. 3:7—10). Eger siz döwlet ýolbaşçylaryň öňünde imanyňyzy goramaly bolsaňyz, onda «nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler» (Mat. 10:18—20). Ýehowa ynsan ýolbaşçylaryndan we döwlet işgärlerinden has beýikdir. Şol sebäpli Ýehowa bolan imanyňyzy häzirden berkidiň, şonda Onuň hakyky Şahsyýetdigine we sizi goldamak isleýändigine göz ýetirersiňiz.

OL HUDAÝYŇ WADALARYNA IMAN EDÝÄRDI

10. a) Ýehowa ysraýyllylara nähili görkezme berdi? b) Musa Hudaýyň görkezmesine näme üçin gulak asdy?

10 B. e. öň 1513-nji ýylyň nisan aýynda Ýehowa Musa hem-de Harun arkaly ysraýyllylara üýtgeşik görkezme berdi. Olar şikessiz toklyny ýa-da çebşi öldürip, onuň ganyny gapylarynyň söýesine çalmalydylar (Müs. çyk. 12:3—7). Musa muňa nähili seslendi? Pawlus resul ol barada şeýle ýazdy: «Musa iman arkaly Pasha gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy» (Ýew. 11:28). Musa Ýehowanyň ynama mynasypdygyny bilýärdi we Onuň çykaran hökümini berjaý etjekdigine ynanýardy.

11. Musany berlen görkezmäni berjaý etmäge näme höweslendirdi?

11 Musa ysraýylly doganlaryny söýýärdi. Şol sebäpli ol ysraýyllylaryň nowbahar ogullaryny halas etmek üçin berlen görkezmäni berjaý etdi. Onuň öz ogullary heläkçilik bolmaly ýerden uzakda, ýagny Midýan ýurdundadylar (Müs. çyk. 18:1—6)a. Töwratda şeýle diýilýär: «Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: „... janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň“» (Müs. çyk. 12:21).

12. Biz nähili wajyp habary ýaýradýarys?

12 Şu günler Ýehowanyň halky perişdeleriň ýolbaşçylygy astynda şeýle wajyp habary ýaýradýarlar: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» (Ylh. 14:7). Häzir bu habary ýaýratmagyň tüýs wagtydyr. Biz adamlary Beýik Babylyň «günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çykmagy» duýdurmaly (Ylh. 18:4). «Başga goýunlar» mesh edilenler bilen bilelikde adamlary Hudaý bilen «ýaraşmaga» çagyrýarlar (Ýahýa 10:16; 2 Kor. 5:20).

Ýehowanyň wadalaryna iman etsek, wagyz etmäge höwesimiz artar (13-nji abzasa serediň)

13. Wagyz etmek islegimizi artdyrmaga näme kömek eder?

13 Biz «höküm sagadynyň» gelendigine ynanýarys. Şeýle-de wagyz we şägirt taýýarlamak işiniň gaýragoýulmasyzdygyny bilýäris. Ýahýa resul görnüşde «ýeriň dört burçunda duran dört perişdeleri... olaryň ýeriň dört ýelini saklap durandygyny» görýär (Ylh. 7:1). Perişdeler uly muşakgatda bu ýellere böwet bolmazlar. Siz olary iman gözi bilen görýärmisiňiz? Eger görseňiz, bu size hoş habary ynamly wagyz etmäge kömek eder.

14. Adamlary duýdurmaga bizi näme höweslendirmeli?

14 Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy we gelejege bolan umydymyzy gymmat saýýarys. Şeýle-de biz adamlaryň «erbet ýollaryndan el çekip», halas bolmaklary üçin, olary duýdurmalydygymyzy bilýäris (Ezekiýel 3:17—19-njy aýatlary okaň)b. Ýöne biz diňe bir adamlaryň ganyna galmazlyk üçin wagyz etmeýäris. Biz Ýehowany we adamlary söýýäris. Isa «Oňat samariýaly» tymsalynda hakyky söýginiň we rehimdarlygyň näme aňladýandygyny gowy beýan etdi. Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men kime meňzemek isleýärin: samariýaly adamamy ýa-da ruhana we lewilä? Men wagyz etmäge elmydama taýynmy ýa-da muny etmezlige bahana gözleýärin?» (Luka 10:25—37). Hawa, Hudaýyň wadalaryna iman etsek we adamlary söýsek, bu bizi wagyz işine doly gatnaşmaga höweslendirer.

«OLAR GYZYL DEŇZINDEN GEÇDILER»

15. Ysraýyllylar näme üçin gapana düşendiris öýtdüler?

15 Ysraýyllylar Müsürden çykanda howply ýagdaýa düşýärler. Şonda Musanyň «Görünmez» Hudaýa bolan imany olara kömek etdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler» (Müs. çyk. 14:10—12). Muňa garaşylmadyk ýagdaý diýse bolarmy? Elbetde, ýok. Ýehowa olary şeýle duýdurypdy: «Men fyrowny doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Fyrownyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» (Müs. çyk. 14:4). Emma ysraýyl halky diňe gözüniň görýän zatlaryny, ýagny aňyrsy-bärsi görünmeýän Gyzyl deňzi, fyrownyň okdurylyp gelýän goşunyny we özlerine ýolbaşçylyk edýän 80 ýaşly çopany görýärdi! Olar gapana düşendiris öýtdüler.

16. Gyzyl deňziň boýunda Musanyň imany oňa nähili kömek etdi?

16 Musa asla aljyramady, çünki ol iman gözi bilen Gyzyl deňzinden we fyrownyň goşunyndan has güýçli Şahsyýeti görýärdi. Ol göýä Ýehowanyň «amala aşyrjak gutulyşyny» görýän ýalydy we Onuň ysraýyllylar üçin söweşjekdigini bilýärdi (Müsürden çykyş 14:13, 14-nji aýatlary okaň)c. Musanyň imany halky ruhlandyrdy. Injilde şeýle diýilýär: «Ysraýyllylar iman arkaly Gyzyl deňizden gurak ýerden geçýän ýaly geçdiler. Müsürliler hem muňa synanyşyp gark boldular» (Ýew. 11:29). Şondan soň ysraýyllylar «Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler» (Müs. çyk. 14:31).

17. Gelejekde imanymyz nädip synalar?

17 Tizden biz hem howp astyna düşen ýaly bolarys. Uly muşakgat başlanda dünýäniň hökümetleri bizden has uly dini guramalaryň ählisini doly ýok ederler (Ylh. 17:16). Mukaddes Ýazgylarda biziň ýagdaýymyz şeýle beýan edilýär: «Ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok» (Ezek. 38:10—12, 14—16). Ynsan gözi bilen garanyňda, biziň ýagdaýymyz çykalgasyz ýaly bolup görner. Şonda siz näme edersiňiz?

18. Uly muşakgatda aýypsyz galmaga bize näme kömek eder?

18 Bizde howsala düşmäge sebäp ýok, çünki Ýehowa halkyna ediljek hüjümi we onuň netijesini öňünden aýtdy: «Ysraýyl ýurdunyň garşysyna çykan güni, hut şol gün Meniň gahar-gazabym möwç urar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän» (Ezek. 38:18—23). Şonda Hudaý halkyna zyýan ýetirmek isleýänleriň ählisini ýok eder. Siz Ýehowa iman etseňiz, «Rebbiň beýik we gazaply gününde... aman galanlaryň arasynda» bolarsyňyz we aýypsyz galyp bilersiňiz (Ýowel 2:31, 32).

19. a) Ýehowa bilen Musanyň dostlugy nähilidi? b) Siz «bütin ýollaryňyzda» Hudaýy tanasaňyz nähili bereket alarsyňyz?

19 Geliň, «Görünmez» Hudaýy görüp, gelejekdäki tolgundyryjy wakalara häzirden taýýarlanalyň! Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we yzygiderli doga etmeli. Musanyň Ýehowa bilen dostlugy berkdi we Hudaý ol arkaly gudratly işleri etdi. Mukaddes Ýazgylarda ol barada: «Reb bilen ýüzbe-ýüz görşendir» diýilýär (Kan. tag. 34:10). Hawa, Musa pygamber ajaýyp görelde galdyrdy. Siz hem iman arkaly Ýehowany «ýüzbe-ýüz» görüp bilersiňiz. Siz «bütin ýollaryňyzda ony (Hudaýy) tanasaňyz, Ol hem siziň ýodalaryňyzy dogrular» (Sül. tym. 3:6).

a Müsürlileriň nowbahar ogullaryny Ýehowanyň perişdeleri öldürdiler.

b Ezekiýel 3:17 Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber. 18 Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. 19 Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.

c Müsürden çykyş 14:13 Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. 14 Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş