Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ylham 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ylham kitabynyň mazmuny

      • «Beýik Wawilon» weýran boldy (1—8)

        • «Eý halkym, ol ýerden çykyň» (4)

      • Wawilon üçin hasrat çekýärler (9—19)

      • Wawilonyň ýykylanyna gökdäkiler şatlanýar (20)

      • Wawilon degirmen daşy kimin deňze zyňylýar (21—24)

Ylham 18:2

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: demiň; ylhamly sözüň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 21:9; Ýer 51:8; Ylh 14:8
  • +Işa 13:21; Ýer 50:39

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 58

Ylham 18:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: gahar.

  • *

    Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 51:7
  • +Ylh 17:1, 2

Ylham 18:4

Parallel aýatlar

  • +Ýer 51:6, 45; 2Kr 6:17
  • +Işa 48:20; 52:11; Ýer 50:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 13

    «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!», sah. 16, 17

    «Garawul diňi»,

    15/3/2006, sah. 28, 29

Ylham 18:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: jenaýatçylygyny.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 51:9
  • +Ylh 16:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 13

Ylham 18:6

Parallel aýatlar

  • +Ýer 50:29; 2Sl 1:6
  • +Zb 137:8; Ýer 50:15
  • +Zb 75:8
  • +Ylh 16:19

Ylham 18:7

Parallel aýatlar

  • +Işa 47:7—9

Ylham 18:8

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 21:9
  • +Ýer 50:34

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 13

Ylham 18:9

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2009, sah. 4, 5

Ylham 18:10

Parallel aýatlar

  • +Dan 4:30

Ylham 18:12

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: dürdäneleri.

  • *

    Sözlüge serediň.

Ylham 18:13

Çykgytlar

  • *

    Ýagny korisa.

  • *

    Sözlüge serediň.

Ylham 18:16

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Ýa-da: dürdänelerden.

Parallel aýatlar

  • +Ylh 17:4

Ylham 18:19

Parallel aýatlar

  • +Işa 47:11

Ylham 18:20

Parallel aýatlar

  • +Ýer 51:48
  • +Ylh 14:12
  • +5Ms 32:43; Rim 12:19; Ylh 6:9, 10; 19:1, 2

Ylham 18:21

Parallel aýatlar

  • +Ýer 51:63, 64

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 13

Ylham 18:23

Parallel aýatlar

  • +Işa 47:9; Gal 5:19, 20

Ylham 18:24

Parallel aýatlar

  • +Ylh 6:9, 10; 16:5, 6
  • +1Ms 9:6; Ýer 51:49

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 94

    «Garawul diňi»,

    15/3/2006, sah. 28

Umumy salgylar

Ylh. 18:2Işa 21:9; Ýer 51:8; Ylh 14:8
Ylh. 18:2Işa 13:21; Ýer 50:39
Ylh. 18:3Ýer 51:7
Ylh. 18:3Ylh 17:1, 2
Ylh. 18:4Ýer 51:6, 45; 2Kr 6:17
Ylh. 18:4Işa 48:20; 52:11; Ýer 50:8
Ylh. 18:5Ýer 51:9
Ylh. 18:5Ylh 16:19
Ylh. 18:6Ýer 50:29; 2Sl 1:6
Ylh. 18:6Zb 137:8; Ýer 50:15
Ylh. 18:6Zb 75:8
Ylh. 18:6Ylh 16:19
Ylh. 18:7Işa 47:7—9
Ylh. 18:83Ms 21:9
Ylh. 18:8Ýer 50:34
Ylh. 18:10Dan 4:30
Ylh. 18:16Ylh 17:4
Ylh. 18:19Işa 47:11
Ylh. 18:20Ýer 51:48
Ylh. 18:20Ylh 14:12
Ylh. 18:205Ms 32:43; Rim 12:19; Ylh 6:9, 10; 19:1, 2
Ylh. 18:21Ýer 51:63, 64
Ylh. 18:23Işa 47:9; Gal 5:19, 20
Ylh. 18:24Ylh 6:9, 10; 16:5, 6
Ylh. 18:241Ms 9:6; Ýer 51:49
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
Mukaddes Kitap
Ylham 18:1—24

Ýahýa gelen Ylham

18 Şondan soň men başga bir perişdäniň uly ygtyýar bilen gökden aşak inenini gördüm. Onuň şan-şöhraty ýer ýüzüni ýagtyltdy. 2 Ol gygyryp: «Weýran boldy! Beýik Wawilon weýran boldy!+ Ol jynlaryň mekany boldy, her hili zalym ruhlaryň*, her dürli haram we ýigrenji guşlaryň mesgeni boldy!+ 3 Sebäbi ähli milletler onuň azgyn* we ahlaksyzlyk* şerabyny içip, heläk boldular+. Ýer ýüzüniň patyşalary hem onuň bilen ahlaksyzlyk etdiler+. Ýer ýüzüniň söwdagärleri onuň haýasyz işleri bilen toplan baýlygy arkaly baýadylar» diýýärdi.

4 Soňra men gökden başga bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly+, ol ýerden çykyň!+ 5 Sebäbi onuň günäleri köpelip, göge ýetdi+. Hudaý onuň adalatsyz işlerini* ýadyna saldy+. 6 Onuň adamlara eden erbetligini+ özüne iki esse edip gaýtaryň+, käsesinden+ iki esse edip özüne içiriň+. 7 Ol özüni şöhratlandyryp, haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna näçe ýaşan bolsa, şonça-da gynap, hasrat çekdiriň. Ol özüne: „Men şa aýaly kimin höküm sürýärin, dul däldirin, hiç haçan hasrat çekmerin“+ diýýär. 8 Ine, şonuň üçin hem bir günüň içinde başyna dürli belalar: ölüm, hasrat we açlyk iner. Ol otda ýanyp kül bolar+, sebäbi höküm eden Hudaý Ýehowa* güýçlüdir+.

9 Onuň bilen ahlaksyzlyk* eden we haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna ýaşan ýer ýüzüniň patyşalary onuň ýanýan odunyň tüssesini görenlerinde, aglaşarlar we hasrat çekip gursagyna urarlar. 10 Olar onuň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durup: „Wah, wah, beýik Wawilon, sen nähili güýçli şäherdiň!+ Bir sagadyň içinde weýran bolduň“ diýerler.

11 Ýer ýüzüniň söwdagärleri hem ony görüp, aglaşarlar we hasrat çekerler, sebäbi indi olaryň harytlaryny hiç kim satyn almaz. 12 Olaryň birgiden altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, merjen monjuklary*, nepis zygyr*, goýy gyzyl, gyrmyzy reňkli we ýüpek matalary; atyr ysly we ýokary hilli agaçdan, piliň süňkünden, misden, demirden hem-de mermerden ýasalan dürli harytlary bardy. 13 Şeýle-de olaryň dalçyny*, hindi oty, tütetgisi, ladany*, şeraby, zeýtun ýagy, atyr ysly ýagy, ýokary hilli uny, bugdaýy, sygry, goýny, atlary, arabalary, gullary we başga-da adamlary bardy. 14 Onsoňam, göwnüň isleýän gowy miweleriň eliňden gitdi. Tagamly naharlaryň, gymmatbaha zatlaryň eliňden alyndy, indi olary tapmarsyň.

15 Söwdagärler şol zatlary satyp, ahlaksyz aýal arkaly baýapdylar. Indi olar aýalyň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durarlar we aglaşyp hasrat çekerler. 16 Olar: „Wah, wah, beýik şäher! Sen nepis zygyr*, goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli matalardan eşik geýip, altyndan, gymmatbaha daşlardan hem-de merjenlerden* ýasalan şaý-sepleri dakynardyň+. 17 Seniň bar baýlygyň bir sagadyň içinde ýok boldy“ diýerler.

Gämi gözegçileri, deňiz ýolagçylary, deňizçiler we deňizden gün-güzeran görýänleriň ählisi uzakda durup, 18 onuň ýanýan odunyň tüssesini görüp: „Heý-de, seniň ýaly beýik şäher bardymy?“ diýip gygyryşarlar. 19 Olar başyndan gum sowrarlar, gygyryşyp aglaşarlar, hasrat çekip: „Wah, wah, beýik şäher! Deňizde gämisi bolanlaryň ählisi seniň baýlygyň arkaly baýadylar. Sen bir sagatda weýran bolduň“+ diýerler.

20 Eý gökler+, mukaddesler+, resullar we pygamberler, aýalyň düşen ýagdaýyna begeniň! Sebäbi Hudaý siziň hatyraňyza ahlaksyz aýala höküm çykardy»+.

21 Şonda güýçli perişde uly degirmen daşyny alyp, deňze zyňdy-da, şeýle diýdi: «Beýik Wawilon şäheri hem şeýle çaltlyk bilen zyňlar, ol indi hiç haçan bolmaz+. 22 Eý Wawilon, indi sende hiç haçan aýdymçylaryň, arfa, tüýdük, surnaý çalýanlaryň we başga-da sazandalaryň sesi eşidilmez. Her dürli zatlary ýasaýan ussalaryň we bugdaý üweýän degirmeniň sesi-de eşidilmez. 23 Indi sende hiç haçan çyra ýanmaz, öýlenýän ýigit bilen gelniň sesi eşidilmez, sebäbi seniň söwdagärleriň ýer ýüzünde atly-abraýly adamlardy. Seniň jadygöýligiňe+ bütin milletler aldandylar. 24 Mundan başga-da, pygamberleriň, mukaddesleriň+ we ýer ýüzünde öldürilenleriň gany senden tapyldy»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş