Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/4 sah. 3—7
  • Musanyň imanyndan görelde alyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Musanyň imanyndan görelde alyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • OL TEN HÖWESLERINI INKÄR ETDI
  • OL HUDAÝA GULLUGYNY GYMMAT SAÝDY
  • «OL ÖZ ALJAK SYLAGYNA GARAÝARDY»
  • Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Musa näme üçin gaçdy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýanyp duran ýandak
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/4 sah. 3—7

Musanyň imanyndan görelde alyň

«Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy». ÝEW. 11:24

MUSANYŇ GÖRELDESI BIZE...

  • maddy we ruhy baýlygyň tapawudyny görmäge nädip kömek edýär?

  • Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmäge nädip kömek edýär?

  • nazarymyzy «aljak sylagymyza» dikmäge nädip kömek edýär?

1, 2. a) Musa kyrk ýaşynda nähili karara geldi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Musa näme üçin Hudaýyň halky bilen horluk çekmegi saýlady?

MUSA Müsüriň oňa uly gelejek berjekdigini bilýärdi. Ol uly we kaşaň jaýlary görýärdi. Ony patyşanyň maşgalasy ogullyk alypdy. Musa «müsürlileriň bütin bilimlerinden», ýagny taryh, medeniýet, astronomiýa, matematika we beýleki ylymlaryndan sapak berildi (Res. iş. 7:22). Bu zatlar oňa baýlyk, ygtyýar we at-abraý getirerdi. Şeýle gelejegi ýönekeý müsürli diňe arzuw edip bilýärdi!

2 Emma Musanyň kyrk ýaşynda gelen karary Müsür patyşasynyň maşgalasyny ör-gökden getiren bolmaly. Ol öz ajaýyp gelejeginden el çekip, hatda ýönekeý müsürliler ýaly sada ýaşaýşy däl-de, gullar bilen ýaşamagy saýlady. Näme üçin? Musanyň berk imany bardy (Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlary okaň). Şeýle iman oňa daş-töweregindäki zatlardan has köp zatlary görmäge mümkinçilik berýärdi. Ol «Görünmez» Hudaý Ýehowa we Onuň Öz wadalaryny berjaý etjekdigine iman edýärdi (Ýew. 11:27).

3. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Biz-de dünýäniň hödürleýän zatlaryndan has köp zatlary we Ýehowa Hudaýy görmek üçin, Musanyňky ýaly imany ösdürmeli (Ýew. 10:38, 39). Geliň, Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlara seredeliň. Bu bize imanymyzy berkitmäge kömek eder. Şeýle-de şu soraglary ara alyp maslahatlaşalyň: Musanyň imany oňa ten höweslerini inkär etmäge we garşylyklara garamazdan, hormatly gullugyny dowam etmäge nädip kömek etdi? Ol näme üçin «aljak sylagyna garaýardy»?

OL TEN HÖWESLERINI INKÄR ETDI

4. Musa günä babatda nämä düşünýärdi?

4 Musanyň berk imany oňa günäniň az wagtlyk lezzet berýändigine düşünmäge kömek etdi. Adamlaryň garaýşy bolsa düýbünden tapawutlanýardy. Olar Müsür ýurdunyň butparazlykdan we jadygöýlükden doludygyna garamazdan, onuň dünýä imperiýasydygyny, Ýehowanyň halkynyň bolsa ol ýerde gul bolup, horluk çekýändigini aýdyň görýärdiler. Emma Musa Hudaýyň bu ýagdaýy özgerdip biljekdigine ynanýardy. Öz höweslerine görä ýaşaýan adamlar köpelse-de, Musa erbetligiň ýok boljakdygyny bilýärdi. Şol sebäpli «ol az salym günäniň sapasyny sürmekden» ýüz öwürdi.

5. Günäli höweslere garşy durmaga näme kömek eder?

5 Siz günäli höweslere nädip garşy durup bilersiňiz? Günäniň az salymlyk lezzet berýändigini unutmaň. Iman size «dünýäniň we onuň höwesleriniň geçip gidýändigine» düşünmäge kömek eder (1 Ýahýa 2:15—17). Toba etmeýän adamlara gelejekde näme boljakdygy hakda oýlanyň. Ýehowa «olaryň aýaklaryny sürçek ýerlere basdyrar, olary harabalyga gaçyrar» (Zeb. 73:18, 19). Günäli höwesler dörände, özüňize şeýle sorag beriň: «Men gelejegimiň nähili bolmagyny isleýärin?»

6. a) Musa näme üçin «Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan... boýun gaçyrdy»? b) Musanyň gelen karary näme üçin dogrudy?

6 Musanyň imany oňa gelejegi babatda-da dogry karara gelmäge kömek etdi. Ol «ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy» (Ýew. 11:24). Musa köşkde abraýly wezipäni eýeläp, soňra baýlygyny we ygtyýaryny ysraýylly doganlaryna kömek etmek üçin ulanmak barada pikir hem etmändir. Ol Ýehowany çuňňur söýýärdi, şol sebäpli Oňa bütin ýüregi, jany-teni we güýji bilen gulluk etmegi ýüregine düwdi (Kan. tag. 6:5; 10:12, 13). Onuň gelen karary köp betbagtçylykdan gorady. Galyberse-de, Musanyň ýüz öwren baýlygyny ysraýyllylar alyp, müsürlileri çökerip gitdiler (Müs. çyk. 12:35, 36). Fyrown masgara boldy we soňra öldürildi (Zeb. 136:15). Musa bolsa halas boldy we Hudaý ol arkaly halkyny azat etdi. Musanyň durmuşy, hakykatdan, manylydy.

7. a) Matta 6:19—21-nji aýatlara görä, biz näme üçin gelejek barada oýlanmaly? b) Maddy we ruhy baýlygyň nämede tapawutlanýandygyny görkezýän wakany gürrüň beriň.

7 Ýaşlar, imanyňyz size dogry hünär saýlamaga nädip kömek edip biler? Gelejegiňizi öňünden planlaşdyrsaňyz paýhasly bolar. Hudaýyň wadalaryna bolan imanyňyz sizi wagtlaýyn gelejek üçin hereket etmäge höweslendirermi ýa-da ebedi? (Matta 6:19—21-nji aýatlary okaň). Geliň, Sofiýa atly uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Oňa ABŞ-nyň balet tans guramalarynda okuwyny dowam edip, dereje gazanmagy teklip etdiler. Sofiýa şeýle diýýär: «Meşhurlyk başyňy aýlaýar. Men özümi deň-duşlarymdan artyk saýýardym. Ýöne men bagtly däldim». Soňra Sofiýa «Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş etmeli?» atly filmi görýär. Ol şeýle diýýär: «Men dünýäniň üstünligini we şöhratyny Ýehowa edýän gullugymdan ileri tutýandygyma düşündim. Men Ýehowa gyzgyn doga etdim we tansçylyk hünärinden el çekdim». Sofiýanyň gelen karary oňa nähili täsir etdi? «Men öňki ýaşaýşymy asla küýsemeýärin we özümi diýseň bagtly duýýaryn. Häzir ýanýoldaşym ikimiz pioner bolup gulluk edýäris. Biz meşhur we baý bolmasak-da, Ýehowany tanaýandygymyza, adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýändigimize we ruhy maksatlarymyzyň bardygyna begenýäris. Şol sebäpli men gelen kararyma birjik-de ökünmeýärin».

8. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy maslahaty ýaşlara dogry karara gelmäge kömek eder?

8 Ýehowa biziň üçin nämäniň gowy boljakdygyny bilýär. Musa şeýle diýdi: «Eý Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär. Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň» (Kan. tag. 10:12, 13). Ýaşlar, siz Ýehowany söýmäge we Oňa bütin ýüregiňiz hem janyňyz-teniňiz bilen gulluk etmäge kömek etjek hünäri saýlaň. Siz şeýle karara gelseňiz, «gowy günler görjekdigiňize» şübhelenmän bilersiňiz.

OL HUDAÝA GULLUGYNY GYMMAT SAÝDY

9. Ýehowanyň Musa tabşyran ýumşy näme üçin aňsat däldi? Düşündiriň.

9 Musa «Mesih hökmünde (TD) çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy» (Ýew. 11:26). Bu aýatda Musa «Mesih» ýa-da «Mesh edilen» diýilýär; Ýehowa ol arkaly ysraýyllylary Müsürden azat etmekçidi. Musa bu tabşyrygyň aňsat däldigine, hatda «sütemlidigine» düşünýärdi. Ilkibaşda, ysraýyllylar oňa ýaňsylaýjy sözler bilen şeýle diýdiler: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy?» (Müs. çyk. 2:13, 14). Musanyň özi-de Ýehowa: «Fyrown maňa nädip gulak assyn?» diýdi (Müs. çyk. 6:12). Ol kynçylyklaryň hötdesinden gelip biler ýaly, Ýehowa doga edip, gorkýandygyny we biynjalyklanýandygyny aýdýar. Ýehowa Musa nädip kömek etdi?

10. Ýehowa Musany nädip ukyply etdi?

10 Birinjiden, Ýehowa Musany goldajakdygyny söz berdi (Müs. çyk. 3:12). Ikinjiden, Ýehowa Musanyň batyrgaý bolmagy üçin, oňa: «Men Biribardyryn» diýdi (Müs. çyk. 3:14)a. Üçünjiden, oňa gudrat görkezmäge güýç berdi, bu onuň Hudaý tarapyn iberilendigini aýan etmelidi (Müs. çyk. 4:2—5). Dördünjiden, Ýehowa oňa kömekçi edip Haruny belledi (Müs. çyk. 4:14—16). Musa ömrüniň ahyrynda Ýeşuwa şeýle diýdi: «Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!» (Kan. tag. 31:8). Hawa, Ýehowa gullukçylaryny tabşyrylan islendik ýumşy ýerine ýetirip bilmekleri üçin ukyply edip bilýär.

11. Musa berlen tabşyrygy näme üçin gymmat saýýardy?

11 Musa Ýehowanyň tabşyrygyny «Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy». Heý-de, Gudratygüýçli Hudaýa gulluk etmegi fyrowna gulluk etmek bilen deňeşdirip bolarmy?! Eýsem, Müsürde şazada bolmak wajypmy ýa-da Ýehowanyň mesh eden gullukçysy? Musa dogry garaýşy üçin sylaglandy. Ol «beýik we gorkunç» işleri ýerine ýetirmäge ukyply eden Ýehowa bilen dostlugyna begenýärdi we ysraýyllylara ýolbaşçylyk edip, Wada edilen diýara barmaga kömek etdi (Kan. tag. 34:10—12).

12. Ýehowa bize nähili hormatly ýumuş tabşyrdy?

12 Ýehowa Pawlus resul we başga mesihçiler ýaly bize-de tabşyryk berdi (1 Timoteos 1:12—14-nji aýatlary okaň; Matta 24:14; 28:19, 20). Käbir dogan-uýalar doly wagtly gulluk edýärler. Ruhy taýdan ýetişen doganlar bolsa, gulluk hyzmatçylary we ýygnak ýaşululary bolup hyzmat edýärler. Emma iman etmeýän dogan-garyndaşlaryň we başgalar Ýehowa edýän gullugyňa biperwaý garap, hatda janaýamazlyk ruhuny görkezýändigiňiz üçin ýazgaryp bilerler (Matta 10:34—37). Şeýle zatlaryň size täsir etmegine ýol berseňiz, siz «bu gulluk eden tagallaňa degmeýär» ýa-da «men muny başarmaryn» diýmegiňiz mümkin. Bu ýagdaýda iman size nädip kömek eder?

13. Ýehowa bize gullugymyzy berjaý etmäge nädip kömek edýär?

13 Ýehowa sizi goldar ýaly iman bilen doga ediň. Doga edeniňizde, biynjalyk edýän we gorkýan zatlaryňyzy açyk aýdyň. Ýehowa size gullugyňyzy üstünlikli berjaý etmäge kömek eder. Nädip? Ol sizi-de Musany goldaýşy ýaly goldar. Birinjiden, Ýehowa şeýle diýýär: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size» (Iş. 41:10). Ikinjiden, Ol beren wadalarynyň ygtybarlydygyny ýatladýar: «Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony» (Iş. 46:11). Üçünjiden, Ýehowa size gullugyňyzy berjaý etmäge «iň üstün gudraty» berer (2 Kor. 4:7). Dördünjiden, Atamyz bize «biri-birimizi ruhlandyrmaga, biri-birimizi abatlamaga» kömek edýän bütindünýä doganlygy berdi (1 Sel. 5:11). Siz gullugyňyzy Ýehowanyň kömegi bilen berjaý etdigiňizçe, imanyňyz günsaýyn berkär we ony dünýäniň teklip edýän hiç bir zadyna çalyşmarsyňyz.

«OL ÖZ ALJAK SYLAGYNA GARAÝARDY»

14. Musa sylaglanjakdygyna näme üçin ynamlydy?

14 Musa «aljak sylagyna garaýardy» (Ýew. 11:26). Ol gelejek barada biliminiň azdygyna garamazdan, dogry karara geldi. Ybraýym pygamber ýaly ol hem Ýehowanyň ölüleri direltjekdigine iman edýärdi (Luka 20:37, 38; Ýew. 11:17—19). Ol 40 ýyl gaçgak bolup ýaşanda-da, 40 ýyl çölde sergezdan bolanda-da durmuşy biderek geçýändir öýtmändir, çünki gelejekdäki bereketlere iman edýärdi. Hudaýyň wadalary hakda ähli jikme-jiklikleri bilmese-de, ol berk iman arkaly görünmeýän sylagy görýärdi.

15, 16. a) Biz näme üçin «aljak sylagymyza garamaly»? b) Siz Patyşalygyň haýsy bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz?

15 Siz-de «aljak sylagyňyza garaýarmysyňyz»? Biz Hudaýyň wadalary babatda käbir jikme-jikleri, meselem, uly muşakgatyň haçan boljakdygyny bilmeýäris (Mar. 13:32, 33). Emma gelejekde boljak Jennet barada Musadan has köp zatlary bilýäris. Ýehowanyň wadalary bize nazarymyzy Täze Dünýä dikmäge kömek edýär. Ondaky ýaşaýşy aýdyň göz öňüne getirsek, bu bizi Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaga höweslendirer. Nädip? Eger siz jaý satyn almakçy bolsaňyz, ol hakda doly maglumat ýygnaman pul geçirermisiňiz? Elbetde, ýok! Şonuň ýaly-da, biz özümizi gelejegi bolmadyk dünýä bagyş etmeris. Iman bize gözümizi Patyşalygyň gelejekdäki bereketlerine gönükdirmäge kömek eder.

Musa ýaly wepaly gullukçylar bilen gürrüňdeş bolmak diýseň tolgundyryjy bolar! (16-njy abzasa serediň)

16 Özümizi Jennetde aýdyň göz öňüne getirmäge çalyşsak, Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky hökümetdigine düşünmäge kömek eder. Meselem, Hudaýyň geçmişde ýaşan gullukçylary barada okanyňyzda, direlişde olara nähili soraglary berjekdigiňiz we olaryň sizden näme sorajakdygy hakda oýlanyň. Ýüzlerçe ýyl öň ýaşan ata-babalarymyz direlende, olary garşylamak we Hudaýyň olar üçin eden zatlaryny gürrüň bermek nähili ýakymly bolar! Parahat dünýäde ýabany haýwanlaryň aýratynlyklaryny we endiklerini öwrenip biljekdigiňizi göz öňüne getiriň. Siz kämillige ýetdigiňizçe, Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkär!

17. Görünmeýän sylagy göz öňüne getirmegiň nähili peýdasy bar?

17 Gelejekde aljak sylaglarymyzy aýdyň göz öňüne getirsek, bu bize kynçylyklary ýeňmäge, şatlygymyzy ýitirmezlige we dogry karara gelmäge kömek eder. Pawlus resul mesh edilenlere: «Görmedik zadymyza umyt baglasak, şonda sabyrly garaşarys» diýip ýazdy (Rim. 8:25). Bu prinsipe ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçilerem eýermeli. Biziň imanymyz «sylaga» sabyrly garaşmaga kömek eder. Musa ýaly biz hem Ýehowa gulluk eden ýyllarymyz biderek geçendir öýtmeýäris. Galyberse-de, biz «görünýän zatlara däl-de, görünmeýänlere seredýäris; çünki görünýänler wagtlaýyn, görünmeýänler ebedidir» (2 Korintoslylar 4:16—18-nji aýatlary okaň).

18, 19. a) Biz näme üçin iman babatda göreşmeli? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

18 Iman bize «görünmeýän zatlary» görmäge kömek edýär (Ýew. 11:1). Tebigy adam Ýehowa sežde etmegiň gadyryny bilmeýär, çünki ruhy zatlar «onuň üçin akmaklykdyr» (1 Kor. 2:14). Emma biz dünýädäki adamlaryň görmeýän zatlaryna, ýagny ebedi ýaşaýşa we direlişe umyt baglaýarys. Pawlus resulyň döwründe ýaşan filosoflaryň oňa «ýaňra» diýşi ýaly, şu günlerem köp adamlar biziň umydymyzy bolgusyz hasaplaýarlar (Res. iş. 17:18).

19 Biz imansyz adamlaryň arasynda ýaşaýarys, şol sebäpli iman babatda göreşmeli bolýar. «Imanyň kemelmezligi» üçin Ýehowa ýalbaryp doga etmeli (Luka 22:32). Geliň, günäniň netijesi hakda oýlanmagy, Ýehowa gulluk etmegiň hormatdygyny we ebedi ýaşaýşa bolan umydymyzy unutmalyň. Musanyň imany oňa göze görünýän zatlardan has köp zatlary we «Görünmezi» görmäge ýardam etdi. Bu barada indiki makalada gürrüň ederis (Ýew. 11:27).

a Bir alym Müsürden çykyş 3:14-däki sözler babatda şeýle diýdi: «Hudaýa sözüni berjaý etmäge hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez... Onuň (Ýehowa) ady ysraýyllylar üçin güýçli diwar kimindi, bu at olara umyt we tesseli berýärdi».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş