5-nji bölüm
Ysraýyllaryň Gyzyl deňizden geçenine iki aý bolupdy. Olar Sinaý dagyna geldiler. Şol ýerde Ýehowa ysraýyllar bilen äht baglaşyp, olary halky edip saýlady. Çölde Ýehowa ysraýyllary gorady, ýaşamaga ýer we iýmäge manna berdi. Olaryň hatda eşikleri hem könelmedi. Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowanyň näme üçin kanun berendigini, ruhanylary belländigini we mukaddes çadyry gurdurandygyny düşündiriň. Şeýle-de olara beren sözüňde durmagy, kiçigöwünli we Ýehowa wepaly bolmagy öwrediň.