Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 23 sah. 60—61
  • Ysraýyllar Ýehowa söz berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ysraýyllar Ýehowa söz berýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa kanun berýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ysraýyllar sözünde durmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýanyp duran ýandak
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 23 sah. 60—61
Ysraýyllar Sinaý dagynyň golaýynda dur

23-NJI SAPAK

Ysraýyllar Ýehowa söz berýär

Ysraýyllaryň Müsürden çykanyna iki aý töweregi bolupdy. Olar Sinaý dagynyň golaýynda çadyrlaryny gurup, ýaşap başladylar. Bir gün Ýehowa Musa: «Sinaý dagyna çyk, saňa aýtjak zatlarym bar» diýdi. Musa hem daga çykdy. Ýehowa: «Men ysraýyllary halas etdim. Eger olar maňa gulak assa, kanunlarymy berjaý etse, halkym bolar» diýdi. Musa dagdan düşüp, adamlara Ýehowanyň aýdanlaryny gürrüň berdi. Şonda halk näme diýdi? Olar: «Biz Ýehowanyň hemişe aýdanyny ederis» diýdiler.

Musa ýene daga çykdy. Ýehowa: «Iki günden seniň bilen gepleşerin. Hiç kim daga çykmasyn» diýdi. Musa adamlara: «Iki günden Ýehowa bilen gepleşerin, sizem diňläp duruň» diýdi.

Dagyň depesini gara bulut örtýär, ýyldyrym çakýar

Üçünji gün diýlende, ysraýyllar dagyň ýanyna bardylar. Dagyň depesine gara bulut geldi. Gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Surnaýyň sesi güýçli ýaňlanýardy. Dagyň depesi tüssedi. Adamlar şol zatlary görüp gorkdular. Birdenem ýer titräp, surnaýyň sesi hasam gataldy. Şonda Ýehowa: «Men Ýehowa, menden başga Hudaýa sežde etmäň!» diýdi.

Soň Musa daga çykyp, Ýehowa bilen gepleşdi. Ýehowa ysraýyllara kanun berdi. Kanunda Hudaýa nädip sežde etmelidigi we nähili ýaşamalydygy aýdylýar. Musa kanuny ýazyp aldy. Soň ysraýyllara okap berdi. Olar: «Ýehowanyň kanunyna gulak asarys» diýip söz berdiler. Olar sözünde durdumy?

«Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» (Matta 22:37).

Soraglar: Sinaý dagynda näme boldy? Ysraýyllar Ýehowa näme söz berdi?

2 Musa 19:1—20:21; 24:1—8; 5 Musa 7:6—9; Nehemýa 9:13, 14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş