24-NJI SAPAK
Ysraýyllar sözünde durmady
Ýehowa Musa bilen ýene gepleşip: «Gel, daga çyk. Daşyň ýüzüne tabşyryklarymy ýazyp berjek» diýdi. Musa daga çykdy. Ol dagda 40 gije-gündiz boldy. Ýehowa tabşyryklaryny iki sany dörtburç daşa ýazyp berdi.
Musa henizem dagdady. Adamlar Musa indi gelmez öýtdüler. Olar Haruna: «Bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasap ber» diýdiler. Harun: «Baryň, altynlaryňyzy getiriň» diýdi. Olar altynlaryny getirip berdiler. Harun olary otda eredip, göle ýasady. Ysraýyllar göläniň daşynda aýlanyp, baýramçylyk bellediler. Olar: «Ine, bizi Müsürden çykaran Hudaýymyz» diýdiler. Olar dogry etdimi? Ýok, ysraýyllar Ýehowa: «Biziň Hudaýymyz sen. Diňe saňa gulak asarys» diýipdiler. Ýöne olar sözünde durmady.
Ýehowa ysraýyllaryň gölä sežde edýändigini görüp durdy. Şonuň üçin Musa: «Çalt aşak düş. Halk maňa gulak asanok, olar gölä Hudaý diýýärler» diýdi. Musa derrew daşlary alyp, aşak düşdi.
Musa ýetip gelýärkä, aýdym-sazyň sesini eşidýär. Baryp görse, ysraýyllar göläniň daşynda tans edip, aýdym aýdýardy. Musanyň gahary gelip, elindäki daşlary zyňyp goýberdi. Daşlar bölek-bölek boldy. Ol göläni hem döwdi. Göle çym-pytrak boldy. Musa Haruna: «Halka näme üçin gulak asdyň?» diýdi. Harun: «Musa, gaharlanma! Halkyň erbetdigini bilýäň-ä. Olar göle ýasap ber diýdi. Menem altynlaryny otda eredip, göle ýasadym» diýdi. Ýöne Harun göle ýasamaly däldi. Soň Musa ýene daga çykdy. Ol: «Ýehowa, adamlary bagyşla» diýip ýalbardy.
Ýehowa özüne gulak asmak isleýän adamlary bagyşlady. Ysraýyllar näme üçin Musa gulak asmalydy? Musany kim ýolbaşçy belledi?
«Hudaýa wada berseň, gijikdirmän ýerine ýetir, sebäbi ol akylsyzlary halaýan däldir. Beren wadaňy berjaý et» (Nesihat 5:4).