Ýanýoldaşyň biwepalygyna döz gelmek
MARGARITA äri Raul bilen ençeme ýyl doly wagt gulluk etdilera. Emma olaryň ilkinji ogly dünýä inenden soň, Raul Ýehowadan daşlaşyp başlady. Iň soňy Raul ahlaksyzlyk edip, ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Margarita şeýle diýýär: «Raul maňa ikilik edende, men ölerin öýtdüm. Ýüregim para-para bolup, näme etjegimi bilmedim».
Jeýniň durmuşa çykanyna biraz wagt geçensoň, onuň äri özüni başgaça alyp baryp, ynamyny ödemän, ony urup başlaýar. Jeýn şeýle diýýär: «Birinji gezek ol meni uranda, men haýran galyp, utandym we kemsindim. Başda meni urup, soňra ötünç soramak oňa endik boldy. Men mesihçi bolanym üçin hemişe bagyşlamaly we ýatdan çykarmalydyr öýdýärdim. Men maşgalamdaky kynçylyk barada kimdir-birine, hatda ýygnakdaky ýaşululara-da aýtmagy haýynlyk etmek hasaplaýardym. Men birnäçe ýyllap ýumruk iýip, bagyşlap gezdim. Şol wagtlar «ärim meni söýer ýaly näme etsemkäm?» diýip oýlanýardym. Ahyry ol meni we gyzlarymy taşlap gidende, maşgalam bozulmaz ýaly, mundan artyk näme edip, näme diýjegimi bilmedim».
Belki, sen hem Margarita we Jeýn ýaly äriň biwepalyk edeni üçin göwnüçökgünlige düşüp, pul meselesinde kösenip, ruhdan düşensiň. Ýa-da sen aýalyň ikilik edeni üçin gynanyp, kynçylyk çekýänsiň. Mukaddes Ýazgylarda biziň «kyn pursatlarda» ýaşaýandygymyz aýdylýar. Bu pygamberlik «soňky günlerde» adamlaryň köplenç doňýürekligi sebäpli, maşgalada agzalalygyň boljakdygyny görkezýär. Käbir adamlar Hudaýa gulluk edýän bolup, ony inkär edýärler (2 Tim. 3:1—5). Mesihçiler hem şeýle kynçylyklara duş gelýär, ýöne ýanýoldaşyň ikilik edende, saňa näme kömek edip biler?
Özüňe Ýehowa ýaly gara
Birinjiden, gowy görýän adamyň şeýle gaty göwnüňe degip biljekdigine ynanmak saňa kyn bolýandyr. Hatda sen ýanýoldaşyň eden günäsi üçin özüňi günäkärläp başlansyň.
Isa kämil bolsa-da, ynamdar we söýýän resulynyň oňa haýynlyk edendigini unutma. Isa köp oýlanyp, doga edenden soň ýakyn dostlaryny, ýagny resullaryny saýlapdy. Resullaryň 12-si hem Ýehowanyň wepaly gullukçylarydy. Şol sebäpli, Iuda oňa haýynlyk edende, Isa gaty gynandy (Luka 6:12—16). Emma Ýehowa Iudanyň eden işi üçin Isany günäkärlemedi.
Dogrudanam, häzir kämil är-aýal ýok. Är-aýalyň ikiside ýalňyşyp biler. Mezmurçy muňa düşünip, şeýle diýdi: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» (Zeb. 130:3). Är-aýal Ýehowanyň göreldesine eýerip, biri-biriniň günäsini bagyşlamaly (1 Pet. 4:8).
«Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rim. 14:12). Eger ýanýoldaşyň sögmegi we urmagy endik eden bolsa, Ýehowanyň öňünde jogap bermeli bolar. Ýehowa zalymlygy we sögünji ýazgarýar, şol sebäpli şeýle zulumlyk etmäge hem sylamazlyga äriň ýa-da aýalyň hiç hili haky ýok (Zeb. 11:5; Efes. 5:33; Kol. 3:6—8). Eger mesihçi birnäçe gezek gahar-gazaba münüp, toba etmese we düzelmese, ol ýygnak gatnaşygyndan kesilmeli (Gal. 5:19—21; 2 Ýahýa 9, 10). Günäkär bolmadyk är ýa-da aýal ýanýoldaşynyň mesihçä ýaraşmaýan häsiýeti barada ýaşululara aýtmaly. Ýehowanyň şeýle urlup, sögülýän dogan-uýalara haýpy gelýär.
Är ýa-da aýal biwepalyk edende, diňe bir ýanýoldaşyna däl, eýsem, Ýehowa garşy günä edýär (Mat. 19:4—9; Ýew. 13:4). Günäkär bolmadyk är ýa aýal Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşaýan bolsa, zyna eden ýanýoldaşynyň günäsi üçin özüni günäkärlemeli däl.
Ýehowanyň seniň duýgularyňa düşünýändigini unutma. Ol özüni ysraýyl halkynyň äri we hojaýyny hökmünde beýan edip, halky biwepalyk edende, hasrat çekendigi barada Mukaddes Ýazgylarda birnäçe gezek aýdylýar (Iş. 54:5, 6; Ýerem. 3:1, 6—10). Ýanýoldaşyň biwepalyk edende, döken gözýaşlaryňy Ýehowanyň görýändigine şübhelenme (Mal. 2:13, 14). Ol saňa göwünlik bermelidigini bilýär.
Ýehowa nädip göwünlik berýär?
Ýehowa mesihçiler ýygnagy arkaly göwünlik berýär. Jeýn şeýle kömegi aldy. Ol şeýle ýatlaýar: «Aýlanýan gözegçi gelende, men örän göwnüçökgündim. Ol ärimiň meniň bilen aýrylyşandygy üçin şeýle ýagdaýa düşendigimi bildi. Aýlanýan gözegçi 1 Korintoslylar 7:15-nji aýadyň esasynda meniň bilen gürrüňdeşlik etmäge wagt tapdy. Mukaddes Ýazgylaryň bir aýady we onuň mähir bilen düşündirişi göwnümi giňeldip, rahatlandyrdy»b.
Ýokarda agzalan Margarita-da, Ýehowa mesihçiler ýygnagy arkaly kömek etdi. Margarita şeýle diýýär: «Ärimiň toba etmeýänine göz ýetirenimde, men çagalarym bilen başga şähere göçdüm. Men ol ýerde iki otagly jaýy kärindisine aldym. Ertesi men gam-gussa batyp, çemodandan zatlarymy çykaryp durkam, gapy kakyldy. Men başga otagda ýaşaýan öý eýesidir öýtdüm. Haýran galaýmaly, gapyny kakan ejem bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen we maşgalamyza hakykaty bilmäge kömek eden uýa eken. Ol meni görer öýtmändi, sebäbi bu ýere öý eýesi bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge gelipdi. Men durup bilmän agladym we ýüregim biraz giňedi. Men oňa ýagdaýymy düşündirdim we biz bile aglaşdyk. Ol şol gün meni ýygnak duşuşygyna çagyrdy. Ýygnakda bizi gowy garşy aldylar we ýaşulular maşgalamyň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin kömek bermegiň aladasyny etdiler».
Dogan-uýalar nädip kömek edip biler?
Ýygnakdaky dogan-uýalar dürli usul bilen kömek edip biler. Meselem, Margarita iş gözlemeli bolýar. Ýygnakda bir maşgala oňa mekdepden soň çagalaryna seretmegi teklip edýär.
Margarita şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň meni we çagalarymy wagza çagyrýanyna, örän minnetdardym». Ýygnakdaky dogan-uýalar şeýle goltgy berip, «birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý edýärler» (Gal. 6:2).
Ýanýoldaşynyň eden günäsi üçin ejir çekýän dogan-uýalara kömek berlende, olar örän minnetdar bolýar. Monikany äri kredit kartasynda 15 müň dollar bergisi we dört çagasy bilen taşlap gidýär. Monika şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalarym meni örän gowy görýärdiler. Olar goldamadyk bolsa, men muňa nähili çydajagymy göz öňüme getirip bilmeýärin. Men Ýehowanyň ençeme ajaýyp dogan-uýalar arkaly çagalaryma kömek edýänini duýýardym. Çagalaryma şeýle goldaw berlendigi üçin, olaryň ruhy taýdan ýetişendigini görüp, guwanýaryn. Maňa maslahat gerek wagty, ýaşulular kömek edýärdi. Ýaşulular bilen gürleşmeli bolanda, olar meni diňleýärdi» (Mar. 10:29, 30).
Elbetde gowy görýän dostlar derdiňi gozgaýan zatlar barada gürrüň açmaýar (Wag. 3:7). Margarita şeýle diýýär: «Täze ýygnakdaky uýalar bilen men köplenç aladalarymdan başga islendik zat, ýagny wagyz, Mukaddes Ýazgylar okuwy we çagalarymyz barada gürrüň etmegi gowy görýärdim. Men olara geçmişimi unutmaga we durmuşymy täzeden başlamaga kömek edenine örän minnetdar».
Ar almaň
Käwagt sen ýanýoldaşyň eden günäsi üçin özüňi günäkärlemän, onuň eden etmişi sebäpli, görgi görýändigiňe gaharyň gelýändir. Eger ýüregiňde öýke-kine galsa, Ýehowa wepaly gulluk edip bilmersiň. Meselem, biwepalyk eden ýanýoldaşyňdan ar almak üçin dürli ýollar gözlärsiň.
Eger biwepalyk eden ýanýoldaşyňdan ar alasyň gelse, Ýeşuw bilen Kalebyň mysaly barada oýlanyp gör. Ýehowanyň bu wepaly gullukçylary Wada edilen diýary gözden geçirmek üçin janyny howp astyna saldylar. Başga içalylar imany gowşap, halky Ýehowa gulak asmazlyga iterdiler. Ýeşuw we Kaleb halka Hudaýa wepaly bolmagy ündew berende, ysraýyllylaryň köpüsi olary daşlajak boldular (San. 13:25—14:10). Ysraýyllylaryň etmişleri üçin, Ýeşuw bilen Kaleb öz günäsi däl-de, başga adamlaryň günäsi üçin çölde 40 ýyllap sergezdan boldular.
Ýeşuw bilen Kaleb ejir çekse-de, doganlarynyň eden günäsine öýkelemediler. Olar Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýdular. Olar çölde 40 ýyl sergezdan bolansoň, lewiler bilen bile diri galyp, Wada edilen diýara girdiler (San. 14:28—30; Ýeşuw 14:6—12).
Sen ýanýoldaşyň biwepalyk edeni üçin, belki, birnäçe wagt horluk çekersiň. Maşgalaň bozulandan soň, sen göwnüçökgünlige düşüp, pul ýetmezçiliginden kösenersiň. Emma sen gara gaýga batmagyň deregine, Ýehowanyň bilgeşleýin kada-kanunlaryny bozýan adamlara näme etmelidigini gowy bilýändigini, mysal üçin, biwepalyk eden ysraýyllylara näme edendigini unutma (Ýew. 10:30, 31; 13:4).
Sen bu synaga döz gelip bilersiň!
Erbet zatlar hakynda pikir edip, ruhdan düşmegiň deregine, Ýehowanyň pikirleri barada oýlan. Jeýn şeýle gürrüň berýär: «Men ýazga geçirilen «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny diňleýärdim. Şeýle-de ýygnak duşuşyklary örän ruhlandyrýardy. Ýygnakda ylhasly jogap berip, kynçylyklarymy unudýardym. Wagyz etmek hem kömek edýärdi. Adamlara Ýehowa iman etmäge kömek edip, men öz imanymy berkidýärdim. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlaryň aladasyny etmek, maňa wajyp zatlar barada oýlanmaga ýardam edýärdi».
Ýokarda agzalan Monika şeýle diýýär: «Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, mümkin boldugyndan köpräk wagyz edip, men kynçylyklara döz gelip bildim. Çagalarym biri-biri bilen we ýygnakdaky dogan-uýalar bilen dostlaşdy. Başdan geçiren synaglarym arkaly kemçiliklerimi bildim. Ýehowa maňa synaglara döz gelmäge ýardam berdi».
Senem şeýle synaglara döz gelip bilersiň. Ýanýoldaşyň biwepalyk edenine jebir çekýändigiňe garamazdan, Pawlus resulyň: «Ýagşylyk etmekden ýadamalyň; çünki gowşamasak, wagtynda orarys» diýen maslahatyna eýermäge çalyş (Gal. 6:9).
a Käbir atlar üýtgedilen.
b Mukaddes Ýazgylaryň esasynda aýra ýaşamak we aýrylyşmak hakynda goşmaça maglumaty «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýen kitabyň 142—148, 251—253-nji sahypalarynda tapyp bilersiňiz.