Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 1 sah. 3—5
  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 HUDAÝYŇ BEREN BORÇLARYNY ÝÜREKDEN ÝERINE ÝETIRIŇ
  • 2 ÝANÝOLDAŞYŇYZYŇ DUÝGUSYNY GÖZ ÖŇÜNDE TUTUŇ
  • 3 AGZYBIR ÝAŞAŇ
  • Wepaly boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Kynçylyklary nädip çözmeli?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Başgalary
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 1 sah. 3—5
Ýaşlaryň toý tutan güni

1-NJI BÖLÜM

Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň

«Hudaý ynsany ilkibaşda erkek we aýal edip ýaratdy» (Matta 19:4).

Ilkinji maşgalany döreden — Ýehowaa Hudaý. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ilkinji aýaly ýaradyp, «ony adamyň ýanyna getirendigi» aýdylýar. Adam ata muňa örän begenip: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi (Gelip çykyş 2:22, 23). Ýehowa Hudaý häzirem durmuş guran adamlaryň bagtly bolmagyny isleýär.

Siz durmuş guranyňyzda, hemme zat gowy bolar diýip pikir edensiňiz. Hatda är-aýal biri-birini ýürekden söýse-de, olar käbir kynçylyklara duş gelip biler (1 Korintoslylar 7:28). Şu broşýurada Mukaddes Ýazgylara esaslanan prinsipler berilýär. Eger siz olara eýerseňiz, maşgalaňyzy bagtly edip bilersiňiz (Zebur 19:8—11).

1 HUDAÝYŇ BEREN BORÇLARYNY ÝÜREKDEN ÝERINE ÝETIRIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: Är — maşgalanyň başy (Efesliler 5:23).

Eger siz maşgalabaşy bolsaňyz, Ýehowa aýalyňyzyň mähir bilen aladasyny etmegiňizi isleýär (1 Petrus 3:7). Hudaý aýaly erkek adama kömekçi edip ýaratdy, şonuň üçin siz aýalyňyza hormat goýmaly we ony söýmeli (Gelip çykyş 2:18). Siz aýalyňyzy şeýle güýçli söýmeli welin, onuň bähbidini özüňiziňkiden ýokary tutmaly (Efesliler 5:25—29).

Eger siz aýal bolsaňyz, Ýehowa siziň ýanýoldaşyňyza çuňňur hormat goýmagyňyzy we oňa maşgala borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etmegiňizi isleýär (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 5:33). Şeýle-de ýanýoldaşyňyzyň gelýän kararyny goldap, oňa ýürekden kömek ediň (Koloseliler 3:18). Eger siz şeýtseňiz, ýanýoldaşyňyz we Ýehowa siziň gadyryňyzy biler (1 Petrus 3:1—6).

MASLAHAT

  • Biri-biriňizden has gowy är ýa-da aýal bolmak üçin nähili häsiýetleri ösdürmelidigiňizi soraň. Nämäni düzetmelidigiňizi biler ýaly ünsli diňläň

  • Sabyrly boluň, sebäbi bir-biriňiziň göwnünden turmagy öwrenmek üçin biraz wagt gerek bolýar

2 ÝANÝOLDAŞYŇYZYŇ DUÝGUSYNY GÖZ ÖŇÜNDE TUTUŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: Ýanýoldaşyňyzyň islegini göz öňünde tutup, aladasyny ediň (Filipililer 2:3, 4). Biri-biriňizi gymmat saýyň we Ýehowanyň gullukçylaryndan «mylakatly» bolmagy talap edýändigini unutmaň (2 Timoteos 2:24). Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir; akyldaryň dili bolsa şypa berýändir». Şonuň üçin aýtjak sözleriňize ünsli boluň (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Ýehowanyň mukaddes ruhy size ýanýoldaşyňyzy söýmäge we onuň bilen mähirli gürleşmäge kömek eder (Galatýalylar 5:22, 23; Koloseliler 4:6).

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyz bilen wajyp meseleler barada pikir alşanyňyzda, rahatlygy saklap, açyk gürrüňdeşlik edip biler ýaly doga ediň

  • Näme aýtjakdygyňyz we ony nädip aýtjakdygyňyz barada gowy oýlanyň

3 AGZYBIR ÝAŞAŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: Siz durmuş guranyňyzda, ýanýoldaşyňyz bilen «bir ten bolýarsyňyz» (Matta 19:5). Muňa garamazdan, siziň garaýşyňyz tapawutlanyp biler. Şol sebäpli bir pikirde we bir garaýyşda bolmagy öwreniň (Filipililer 2:2). Esasan-da, bir karara geleniňizde, agzybir bolmak wajyp. Hudaýyň Sözünde: «Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 20:18). Goý, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri size agzybir karara gelmäge kömek etsin (Süleýmanyň tymsallary 8:32, 33).

Är-aýal bile egin-eşiklerini we gap-gaçlary ýuwýar

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyza diňe bir pikiriňizi däl-de, duýgularyňyzy hem açyk aýdyň

  • Bir karara gelmezden öň, ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň

a Mukaddes Ýazgylara görä, Hudaýyň ady — Ýehowa.

DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ WE UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ

Özüňizden we ýanýoldaşyňyzdan kämillige garaşmaň (Zebur 103:14; Ýakup 3:2). Ýanýoldaşyňyzyň gowy häsiýetlerine üns beriň. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň peýdaly boljakdygyna ynanyň we sabyrly boluň (2 Timoteos 3:16). Maslahatlara eýermek üçin edýän tagallaňyzy Ýehowa Hudaý patalar we maşgalaňyz ýylsaýyn berkär (Galatýalylar 6:9).

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Ýanýoldaşym meniň diňe özüm barada däl-de, ol barada has köp alada edýändigimi görýärmi?

  • Men ýanýoldaşymy söýmek we hormat goýmak üçin şu gün näme etdim?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş